Karz pul

Karzyna pul berip bilýän adamlar — iň gowy, iň bir ak ýürek, rehimli, ynsanperwer, mähriban adamlar. Olaryň ýüreginde adama kyn pursatda ýagşylyk etmek höwesi bar. Karzyna pul bermek — uly gahrymançylyk. Her kim bu işi başarmaýar. Kä adamlar dökülip ýatan puly bolsa-da, el serip, aç duran gedaýa-da bir manat oklaman geçip gidýärler. Kä kişi bolsa öz hojalygy üçin uly zähmetler bilen ýygnanja puluny karz sorana berip goýberýär. Ýöne olar bu sogaply işi üçin nähili taňryýalkasyn alýarlar?

Banklar-a çem gelene karz bermeýär. Berende-de banklar prosent bilen berýärler. Banklardan prosentli puly alanyňdan, elbetde ak ýürekli dostdan prosentsiz karz alanyň gowy.

Türkmenistanda syýasy gurluşyň üýtgemeginiň netijesinde işsizligiň artmagy bilen söwda baş goşanlar köpeldi. Söwda baş goşmak üçinem pul goruň bolmaly. Ýeke köpüksiz adamlar nädip söwda baş goşup biler.

Adamyň başynda her hili ýagdaý bar. Kim keselçilige sataşanyny aýdyp aglaýar, kim ogluny öýerip bilmeýäni üçin karz sorap aglaýar, kim çörek puly tapmaýanyndan nalaýar. Gowy adamlaryň olara ýüregi awaýar hem-de karz berýärler. Soňra bolsa karz beren pullaryny alyp bilmän, dostlary, dogan-garyndaşlary, goňşulary, tanyşlary, işdeşleri bilen duşman bolýarlar. Karzlaryny alyp bilmän, sudlara ýüz tutýanlar hem kän. Asly pulsyz adam suda ýüz tutanyň bilen puluňy tapyp berip bilenok. Şeýdip, dostlaryny, garyndaşlaryny türmä ugradyp ýörenlerem bar.

Bir haramzada sebäpli köp adamlara zyýan ýetýär. Belki karz pul soraýanlaryň arasynda taňryýalkasyny bilen alan puluny yzyna gaýtarjaklaryň-da bar bolmagy mümkin. Ýöne bir kişiden aldanan adamlar soň, gaýdyp hiç kime karz bermeýärler.

Parahat Ilmyradow Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy. Bu blogda öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.