Türkmenistanyň Mary şäherinde pastor Ilmyrat Nurlyýew kezzaplykda aýyplanyp, 27-nji awgustda tussag edildi diýip, din azatlygy baradaky maglumatlary ýaýradýan “Forum 18” topary habar berdi.
Ilmyrat Nurlyýew ybadathanada geçirilýän çärelere gatnaşan iki aýaldan iki ýarym müň dollara barabar serişde alanlykda aýyplanypdyr. Ilmyradyň aýaly Maýa Nurlyýewa we onuň aklawçysy bu aýyplamalar boýunça pastoryň emläginiň alnyp, onuň bäş ýyla çenli türme tussaglygyna höküm edilip bilinjekdigini “Forum 18” toparyna habar beripdir.
“Forum 18” toparynyň ýolbaşçysy Feliks Körli Ilmyrat Nurlyýewiň protestant ybadathanasyna gulluk edip, birnäçe ýylyň dowamynda bu ybadathanany resmi taýdan hasaba aldyrmaga synanyşandygyny, ýöne bu işiň oňa başartmandygyny Azatlyk Radiosyna aýtdy.
Feliks Körli Ilmyradyň Türkmenistandaky gara sanawda bolup, ýurduň daşyna çykmak mümkinçiliginden mahrum edilendigini gürrüň berdi. “Forum 18” toparynyň maglumatynda Ilmyrat Nurlyýewe garşy arza ýazan zenanlaryň, polisiýanyň basyşy astynda şikaýat ýazyp, soňam eden işlerine ökünendikleri aýdylýar. Bu barada Ilmyradyň aýaly Maýa gürrüň beripdir.
Ýene bir zenan Kristina Petrowa “Ilmyrada garşy görkezme bermeseň, adamyňy işden kowdurarys” diýip, polisiýa işgärleriniň haýbat atandygyny aýdýar.
“Forum 18” topary Mary şäheriniň prokurory Ýazmyrat Durdyýewe, türkmen hökümetiniň Dini meseleler boýunça geňeşiniň ýolbaşçysynyň orunbasary Nurmuhammet Gurbanowa, bu iş boýunça derňew geçirýän sülçi Durdymyrat Gazakowa jaň edip, bu işe degişli maglumat almaga synanşypdyr. Ýöne olaryň hemmesi “Forum 18” toparynyň wekiliniň jaň edýändigini bilip, gürleşmezden, trubkany goýupdyrlar.
Kanun, hukuk goraýjylar we düşündiriş
Azatlyk Radiosyna hem degişli edaralardan maglumat almak başartmady. “Forum 18” toparynyň ýolbaşçysy Feliks Körli Türkmenistanda ýüze çykýan dürli meseleler boýunça türkmen resmilerinden maglumat almagyň gaty kyndygyny aýdýar: “Hatda Türkmenistanda adam hukuklary boýunça diýlip atlandyrylýan guramalar hem ilata näme sebäpli şeýle ýagdaýlaryň ýüze çykýandygyny, näme üçin Konstitusiýa boýunça kepillendirilen dini azatlyklaryň berjaý edilmeýändigini düşündirmeýärler”.
Ilatyň dini azatlyklara bolan hukugynyň kemsidilmegi soňky döwürde Türkmenistanda köp duş gelýär diýip, Feliks Körli belledi. Mysal üçin, “Forum 18” toparynyň beren maglumatyna görä, 3-nji awgustda Gökdepäniň golaýynda ýerleşýän Sekizýap obasynda ýaş hristianlar üçin gurnalan tomus lagerinde polisiýa barlag reýdini geçiripdir.
Netijede birnäçe adam tussag edilipdir. Olaryň polisiýa tarapyndan kemsidilip, ellerindäki Injiliň konfiskasiýa edilendigini “Forum 18” topary habar berdi. Bu lagere ýolbaşçylyk eden adamyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyny açyp, barlag geçirenlere graždanlaryň dini azatlyklaryna ýol berilýändigi baradaky maddany görkezende, polisiýa işgäriniň Konstitusiýany kemsidýän sözleri aýdandygy bellenilýär.
Bu wakalar Türkmenistanda ýurduň prezidenti tarapyndan yglan edilen reformalar, Jenaýat-prosessual kodeksi ýaly täze kabul edilýän kanunlar, Türkmenistanyň Baş kanuny döwlet işgärleri, şol sanda polisiýa tarapyndan äsgerilmeýärmi diýen sowalyň ýüze çykmagyna getirýär.
Musulman dindarlarynyň ýagdaýy
“Forum 18” toparynyň ýolbaşçysy Feliks Körli Türkmenistanda hemme dini toparlaryň döwletiň gözegçiligindedigini, ýöne ýurtdaky musulmanlaryň iň berk gözegçilikde saklanýandygyny aýdýar. Ýakynda Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysy hem Renat Bektimirow atly ýerli mollanyň tussag edilendigini habar berdi.
Türkmenistanly graždan aktiwisti Sazak Durdymyradow hem şu ýylyň iýun aýynda türme tussaglygynda ýogalan 73 ýaşly Şiri mollanyň çagalarynyň hem näbelli sebäplere görä tussaglykda saklanýandygyny öňe sürýär: “Olaryň nädip tutulandygy, nirede sud bolandygy belli däl. Suda gatnaşanam ýok. Aklawçy hem tutulmady. Olaryň näçe ýyl türme tussaglygyna höküm edilendigi hem belli däl”.
“Türkmen Helsinki” fondunyň ýolbaşçysy Täjigül Begmedowa ilatyň dini azatlygyny gysmagyň Türkmenistanda öňden bäri dowam edip gelýändigini aýdýar: “Türkmenistanda kanun diňe kagyz ýüzünde, durmuşda kanun işlemeýär. Belli bir dini topara degişli adamlar kanuna laýyklykda hereket etseler-de, polisiýa köp halatlarda olaryň maşynyna bäş gram tirýek ýa ok atyp, yzarlamaga we tussag etmäge bahana taparlar. Umuman, Türkmenistana häzir başgaça pikir edýänler gerek däl.”
“Adamlar ýüze çykýan dürli bidüzgünçilikler barada dymman, halkara guramalara ýetirmäge synanyşmaly. Ýagny, raýatlaryň özleri has aktiw bolmaly. Diňe şonda bu meselede azda-kände üstünlik gazanyp bolar” diýip, “Türkmen Helsinki” fondunyň ýolbaşçysy Täjigül Begmedowa aýdýar.