Pitre baýramçylygy

Marydaky metjit

Bu baýramçylyga Türkmenistanda «Oraza baýramçylygy» diýilýär. Aslynda welin oraza tamamlanandan soň gelýän bu baýramçylyga «Pitre baýramçylygy» diýmeli. Musulman döwletlerinde «oraza baýramçylygy» ýok, «Pitre baýramçylygy» bellenilip geçilýär.
Oraz aýynyň ahyrynda biziň döwletimiziň ýolbaşçylaryny gutlap, Eýrandan, arap döwletlerinden iberilýän gutlaglarda hem «Pitre baýramçylygy» bilen gutlaýarys» diýlip ýazylýar. (Eid ul-Fitr, jäşn fetr) Ýöne ony türkmenler türkmençä terjime edip, «Oraza baýramçylygy» diýip ýazýarlar. Sebäbi türkmenlerde köpler musulman dünýäsinde oraz aýynyň soňundan bellenýän baýramçylyga näme üçin «Pitre baýramçylygy» diýilýänini bilenoklar.

Türkmenleriň «Oraza baýramçylygy» diýilýänine näme üçin musulman döwletlerinde «Pitre baýramçylygy» diýilýär?

«Pitre baýramçylygy» musulmanlaryň iň bir möhüm we uly baýramçylyklarynyň biridir. Musulmanlar oraz (remezan) aýynda otuz günläp oraza tutýarlar, ýagny, agyz bekleýärler—gündizlerine hiç bir zat iýmän, içmän, diňe Gün batandan soň we Gün dogmazdan öň naharlanýarlar.

«Baş saglygy üçin sadaka»

Oraza tutýanlar oraza döwrüni kesellemän, sag-aman geçirmek üçin öz gazançlaryndan biraz puly Hudaý ýoluna aýdýarlar. Muňa «baş saglygy üçin sadaka» diýilýär. Musulman dünýäsinde oňa «zekat», «pitre» diýilýär. Oraz aýynyň ahyrky gijesinde bu pul iň bir garyp kişä berilmeli. Meselem, adamsy ýogalan, ýetim çaga ekleýän aýala, kör, golak-çolak adamlara, ýetim çagalara, güýçden galan, ekleýjisiz ýaşululara, kesellilere berilmeli.

Piträniň möçberiniň näçe manat bolmalydygyny metjitlerdäki mollalar kesgitläp, halka ýetirýärler. Umuman, ol ýarym (kä wagt bir) kilogram bugdaýyň nyrhy bolmaly diýilýär. Her maşgalada näçe adam bar bolsa, şolaryň her biri üçin pitre-zekat paýlanmaly.

Musulman däbine görä, pitre bermedik günäli hasaplanýar hem-de pitre paýlamadygyň başyna dert ýolugýar diýip düşünýärler. Pitre paýlaýanlaryň başyny Allatagala aman saklar durar diýilýär. Şonuň üçin musulman dünýäsinde pitre-zekat bermegi iň bir möhüm iş hasaplaýarlar.

Özüni oňarýan kişi garyp-gasara pitre bermeli. Şeýle ýagdaýda pitre berýänler-ä «pul berip, bir bendäni şat etdim, baş saglygyma Hudaý ýoly paýladym, başymdan günäni sowdum» diýip begenýärler. Puly alan garyp-gasarlar bolsa pul düşenine begenýärler. Şu sebäpli pitre paýlanan gijäniň ertesi hemmeler säheri şatlyk bilen garşylaýarlar. Begenip, baýramçylyk edýärler. Ine, şu baýramçylyga-da «Pitre baýramçylygy» diýilýär.

Pitre baýramçylygynyň öň ýanynda puldarrak adamlar dabaraly ýagdaýda «Agyz açar» üýşmegini hem edýärler, ýagny tanyş-bilişleriniň içinden agyz bekläp, oraza tutanlary nahara çagyryp, olaryň agyzlaryny açdyrýarlar — nahar iýdirýärler. Agzy bir owurt suw içmek bilen açmaly. Soňra hurma, süýtli tüwi ýaly ýeňiljek zatlar iýmeli. Onuň yzyndan islän naharyňy iýibermeli. «Agyz açar» etmegi hem köp kişiler uly sogap diýip düşünýärler. Sebäbi şonda köp adamlara nahar berilýär — bu uly sadaka bolýar. Oraza tutan adamlar «Agyz açar» edýän kişiniň öýünde üýşüp, namaz okaýarlar. Köplük bolnup namaz okalan öýi gowy öý hasaplaýarlar, sebäbi köplük bolnup, namazy diňe metjitlerde okaýarlar. Köplügi üýşürip namaz okadan adamlar öz öýüne hut metjitdäki ýaly mukaddeslik geldi diýip düşünýärler.

Düşünje berlenok

Sowet döwründe türkmenlere musulman däp-dessurlary gadagan boldy. Garaşsyzlyk alnandan soň musulman däp-dessurlaryna ýol açylan-da bolsa, ol däp-dessurlaryň asyl manysy barada halka düşünje berlenok. Eger indi ýurtda musulman däp-dessurlaryna ýol doly açyljak bolsa, dini däpleriň nireden geleni, manysynyň näme aňladýanlygy, olary nähili berjaý etmelidigi hakda halka düşünje bermeli. Metbugatda bu zatlar hakda iň bolman, ylmy düşünjeler bermeli. Dini däp-dessurlar hakda gürrüň etmek dine çakylyk däl.

Ine, basym oraz aýy tamamlanar. Oraza tutýanlar agyzlaryny açarlar hem-de pitre baýramçylygy belleniler. «Oraza baýramçylygyna» hakykatda «Pitre baýramçylygy» diýilýändigi hakda ýurt ýolbaşçysynyň adyndan çykyşjyk berilse, şu ýalňyşlyk düzelip giderdi.

Sen musulman dünýäsiniň däbini berjaý edýäňmi, ony bolşy ýaly berjaý etmeli, üýtgedip, oňa özüňçe at goýmaly däl. Ýalňyşan halka bolsa, düzedip bermeli. Bütin halkyň ýalňyşyny diňe döwlet ýolbaşçysy düzedip biler.

Döwlet Hojamedow aşgabatly intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.