Žurnalist we adam hukuklaryny goraýjy aktiwist Nataliýa Estemirowanyň ölüminden bir ýyl geçdi. Emma onuň öldürilmegi boýunça alnyp barylýan derňewlerden netije ýok.
Estemirowanyň jesedi 2009-njy ýylyň 15-nji iýulynda Çeçenistanyň goňşusy Inguşystanda ýoluň gyrasynda tapylypdy. Onuň jesedindäki yzlardan mälim bolşuna görä, ol ýakyn aralykdan atylyp öldürilipdir.
Estemirowany ýakyndan tanaýan adamlar onuň aşa açyk pikirli we batyrgaý hukuk goraýjy bolandygyny belläp, onuň ölüminiň Orsýet üçin uly ýitgi bolandygyny aýdýarlar.
Adam hukuklaryny goraýjy “Human Rights Watch” guramasynyň Moskwadaky edarasynyň ýolbaşçysy Allison Gill Nataliýanyň gorky astynda ýaşaýan adamlaryň ynamyny gazanmagy hem-de olara ýardam bermegi, adalat üçin göreşmegi başaran aktiwist bolandygyny ýatlaýar.
“Nataliýa örän akylly we özüne çekiji häsiýetli zenan bolup, ol adam hukuklaryny goramagy maksat edinen örän ukyply kärdeşimizdi” diýip, “Human Rights Watch” guramasynyň wekili Allison Gill aýdýar .
50 ýaşyndaky Estemirowanyň Çeçenistanda adam hukuklarynyň kemsidilmegi bilen bagly wakalary ýüze çykarmak boýunça ýadawsyz iş alyp baranlygyny halkara guramalary hem ykrar edýärler. Onuň ölümi halkara jemgýyetçiligi tarapyndan hem berk ýazgarylypdy.
Emma Moskwanyň Estemirowany öldürenleriň jezalandyryljakdygyny aýtmagyna garamazdan, bu jenaýat boýunça şu gün çenli suda çeklilen adam bolmady.
Aýyplanýan öldürildi
Hukuk goraýjy “Human Rights watch” guramasy bu barada alnyp barylýan derňewleriň ýeterlik netije bermänligini aýdyp, ýakynda tankydy beýanat ýaýratdy. Estemirowanyň kärdeşleri hem onuň ölümi bilen bagly wakanyň üstüniň açyljakdygyna bolan ynamyň barha azalýandygyny aýdýarlar.
Şol jenaýat boýunça derňew geçirýän topar şu güne çenli Estemirowanyň ölümi bilen bagly diňe bir adama, ýagny Alhazur Başaýewe şübhe bildirdi. Ol adam bolsa 2009-nji ýylyň noýabr aýynda howpsuzlyk güýçleri tarapyndan atylyp öldürildi.
Emma Estemirowanyň kärdeşleri derňewçileriň orta atan bu garaýşy bilen ylalaşman, bu pikiriň Estemirowanyň ölümi bilen bagly geçirilýän derňewleri goýbolsun etmek üçin orta atylan bolmagynyň mümkindigini öňe sürýärler.
Derňewçiler öz alyp barýan işleriniň çäginde Estemirowanyň heläk bolan ýerinden bir ýarag bilen howpsuzlyk güýçlerine degişli we Başaýewyň suraty ýelmenen galp şahadatnamanyň ele geçirilendigini aýdýarlar.
Derňewçileriň aýtmagyna görä, Estemirowanyň ölümine Çeçenistanyň raýatlaryna garşy Başaýewiň eden jenaýatlary barada onuň geçiren derňewleriniň sebäp bolan bolmagy mümkin. Emma Estemirowanyň kärdeşleri bu pikiriň özlerini kanagatlandyrmaýanlygyny aýdýarlar.
Ynjyk faktorlar
Estemirowanyň kärdeşleri onuň ölümi bilen ilteşigi bolup biläýjek beýleki faktorlar, şol sanda Çeçenistanyň resmileriniň dahylynyň bolmagy mümkin diýlen meselä derňewçileriň üns bermeýänliginden şikaýat edýärler.
Hukuk goraýjy “Memorial” guramasynyň agzasy Aleksandr Çerkesow bu barada şeýle diýýar: “Orta atylan esasy wersiýa örän amatly. Ýagny, Estemirowany öldüren adam gozgalaňçy. Diýmek, bu işi amala aşyran Orsýetiň duşmany. Ol adam bir eýýäm öldürildi. Şunlukda, onuň bu aýyplama boýunça suda gelmäge ýadaýy ýok”.
Çerkesowyň aýtmagyna görä, bu ýagdaý Estemirowa bilen bagly jenaýat işiniň ýapylyp biljekdigini hem aňladýar. “Biz aýdylýan bu zatlaryň adalat bilen o diýen ilteşiginiň bardygyna ynanmaýarys” diýip, “Memorial” guramasynyň işgäri Çerkesow aýdýar.
Estemirowa “Memorial” guramasynyň Çeçenistandaky wekili bolup, ol bu respublikada Orsýeti goldaýan harby toparlary tarapyndan amala aşyrylýan eden-etdilikleri ýüze çykarmaga gurby çatan gaty az sanly adamlardan biridi.
Çeçenistanyň prezidenti Ramazan Kadyrow Estemirowa öz alyp barýan işi üçin haýbat atypdy. Prezident Kadyrow gozgalaňçylaryň öňki lideri bolup, ol soňra Kremliň tarapyna geçipdi. Onuň harby güýçleri adam hukuklaryny kemsidýänlikde aýyplanyp gelýär.
Estemirowanyň kärdeşleriniň aýtmagyna görä, ol öldürülmezden öň örän çylşyrymly bir waka boýunça iş alyp barýardy. Şol waka Çeçenistanyň howpsuzlyk güýçleriniň adam gynamalary ýaly meseleleri hem öz içine alýardy.