Bir ýyl mundan ozal “Eýranyň "Twitter" rewolýusiýasy” diýip, Günbatar mediasynda köp gürrüň edildi. Eýranyň öz içinde bolsa, hakykatda “Twitter rewolýusiýasy” diýen zat ýok.
Oppozisiýanyň agzalarynyň we käbir blogçularyň aýtmagyna görä, aslynda bu meselede belli bir derejä çenli rol oýnan jemgyýetçilik saýty bolan bolsa, ol “Twitter” däl-de, “Facebook” bilen “Youtubedir”.
2009-njy ýylyň 12-nji iýunynda geçen we prezident Mahmud Ahmedinejadyň gaýtadan ýokary wezipäni eýelemgine getiren saýlawlardan soň aşa köp adam “saýlawyň netijeleri galplaşdyryldy” diýip, köçelere dökülip, protest ýörişlerini geçirdiler.
Halky bu protestlerden habarly etmekde jemgyýetçilik saýtlarynyň hem täze medianyň öýnan roly az däl. Ýöne tanymal blogçy Alireza Rezaýy: “Käbirleriniň aýdyşy ýaly, protestçileri mobilizläp, olary ruhlandyran täze media däl. Öten ýyl Eýranda ýüz beren hereket hakyky adamlardan ybarat köpçülikleýin hereketdi. Bu adamlaryň aglabasy üçin internet we täze media hatda elýeterli hem däldi” diýýär.
“Ýaşyl hereket” turuwbaşdan guramaçylykly ýagdaýda döräp, öňe äkidilen hereket däl. Biri karar kabul edip, beýlekilere habar edilenok. Ýöne şol wagt köçelerde, işde, garaz, nirä barsaň, adamlaryň gürrüňi şoldy. Hemmeleriň islegi häkimiýetleriň adalatsyzlygyna reaksiýa görkezmekdi” diýip, Rezaýy aýdýar.
Eýranlylaryň köpüsi saýlawyň netijelerine “hany meniň beren sesim” diýen şygar bilen reaksiýa görkezdi. Olar gijelerine öýleriň depesine çykyp, “Allahu ekber, diktatora ölüm” diýip gygyryşýardylar.
Bu protestlere zorluk bilen jogap berlensoň bolsa, olar howpsuzlyk güýçleriniň parahatçylykly protestçileri urup-ýençmegini jübi telefony bilen wideo düşürip, “Youtubede” ýerleşdirip başladylar. “Twitter” we “Facebook” ýaly jemgyýetçilik saýtlarynyň üsti bilen bolýan zatlary ile ýetirdiler.
"Youtube" we "Facebook"
Garaşsyz medianyň ýoklugy we Günbatar mediasyna hem protestler barada habar bermäge rusgat edilmänligi üçin eýranlylar saýlawdan soňky wakalary dokumentirlemegi öz wezipesi saýdylar. Görkezilýän garşylygy, gana bulaşan ýüzleri, ýanyp duran maşynlary bütin dünýä ýetiren “Youtube” boldy.
“Ýaşyl hereketiň” tarapdary bir tähranly žurnalist: “Şol günlerde oppozision hereket üçin maglumat we habar alyş-çalşygy meselesinde iň möhüm gurala öwrülen Facebook” diýýär.
“Ýaşyl hereket” bilen baglanyşykly maglumatlary we wakalary ile ýetirmekde “Facebook” uly rol oýnady diýen pikire Rezaýy-da goşulýar. Ol saýlawdan soňky protestlerde tanymal reformaçy şahsyýetleriň tutulandygyny we maşgala agzlarynyň olaryň ýagdaýy barada halky “Faceboogyň” üsti bilen habarly edendigini ýatlaýar.
“Eýran prezidentiniň öňki orunbasary Muhammet Ali Abtahi hem tutulyp, sudda özüne bildirilýän günäleri boýun aldy. Oňa protestler hakda hiç bir zat aýtma diýlendigi belli. Ýöne ol öz dostlaryna we tarapdarlaryna salam aýtmak üçin “Facebookda” statusyny täzeläp durýardy. Muňa garamazdan, ol Facebookdady” diýip, Rezaýy belleýär.
“Wahid Online” diýen at bilen çykan blogçy hem: “2009-njy ýylyň wakalarynda "Twitteriň" roly daşary ýurtlarda aşa çişirildi” diýýär.