Eýranyň deňizdäki oýny üns merkezinde

Ysraýylyň Aşod portundaky gäminiň üstündäki konteýnerlerde Eýran Yslam Respublikasynyň ýük gatnawlarynyň emblemasy görünýär, noýabr, 2009-njy ýyl. (IRISL- Islamic Republic of Iran Shipping Lines)

Şu gün BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Eýranyň ýadro programmasy bilen baglanyşykly bu ýurda garşy nobatdaky gezek sanksiýa girizmek meselesi boýunça ses berişlik geçirmegi planlaşdyrýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi Eýrana garşy sanksiýa girizmek teklibini sese goýmaga taýynlyk görýärkä, täze sanksiýalarda Eýranyň daşary ýurtlar bilen aradaky ýük gatnawlarynyň hem nyşana alynýandygy belli boldy.

Ýakynda täze sanksiýalaryň taslamasynyň habar serişdelerinde peýda bolan nusgasynda ähli döwletleriň Eýranyň deňiz arkaly daşaýan ýüklerini gözegçilige almagyna çagyryş edilýändigi görünýär. Bu çagyryş Eýranyň ýadro we raketa programmalaryny ösdürmeklige ýardam berjek materiallaryň bu ýurda aşyrylmak gorkusy bilen baglanyşykly.

Birleşen Ştatlarda çap edilýän «The New York Times» gazeti 2008-nji ýylda Eýranyň döwlet eýeçiligindäki ýük gatnadyjy gulluklaryna garşy Waşingtonyň girizen sanksiýalaryndan soň, Eýranda ýük gatnadyjy deňiz gämileriniň atlaryny, olaryň hasaba alnan eýelerini we gämileriň simwollaryny üýtgetmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny ýazýar.

Waşington ozal-başdan Eýranyň ýük gatnaw liniýalaryna degişli 123 sany gämini gözegçilige alynmaly gämileriň «gara sanawyna» salypdy. Ýöne «The New York Times» gazetiniň ýazmagyna görä, şu günki gün şol gämilerden diňe 46-sy Eýranyň ýük gatnaw liniýalaryna degişli hasaplanylýar, gämileriň galanlary indi başga atlar we başga eýeleriň atlaryna registrasiýa edilen. Bu ýagdaý bolsa olara garşy «gara sanaw» düzgünini ulanmagy örän kynlaşdyrýar.

Täze atlar we eýeler

Deňiz gämilerine gözegçilik etmek meselesi boýunça Londonda iş alyp barýan «HIS Fairplay» atly guramanyň maglumatyna görä, «gara sanawa» alnan Eýranyň 123 gämisine soňky 20 ýylyň dowamynda jemi 405 sany üýtgetme girizilipdir. Şol girizilen üýtgetmelerden 140-sy bu gämileriň atlary bilen baglanyşykly, 91-si bolsa gämileriň hasaba alnan eýeleri bilen baglanyşykly üýtgetmeler.

Gämileriň atlarynyň we eýeleriniň üýtgedilmegi ozal Eýranyň ýük gatnaw liniýalaryna degişli gämileriň indi, hamala, Malta, Gonkong, Kipr we Germaniýa ýaly ýurtlardaky kompaniýalaryň adyndan hereket edýändiklerini aňladýar.

Ýadro ýaraglaryna gözegçilik etmek boýunça Wiskonsin proýektiniň eksperti Matt Godseý Eýranyň amala aşyrýan bu çäreleriniň onuň «gara sanawa» alnan gämilerine gözegçilik işlerini kynlaşdyrmak maksadyna eýerýändigini aýdýar.

Matt Godseý bu mesele barada, hususan-da, şeýle diýdi: «Bu gämilere eýelik edýän käbir esasy kompaniýalaryň atlary indi göýä britan atlary
Bu gämilere eýelik edýän käbir kompaniýalaryň atlary göýä britan atlary ýaly bolup eşidilýär.
ýaly bolup eşidilýär. Ýagny, «Oxsted» diýlip at berlen ýük kompaniýsy ýaly kompaniýalaryň atlary göýä Britaniýanyň Kotswolds regionyndaky kiçijik obajyklaryň atlaryna meňzeýär. Göwnüňe bolmasa, kimdir biri merkezi Angliýanyň kartasyny alyp, ol regionlardaky kiçeňräk obajyklaryň atlaryny öz kompaniýalaryna dakan ýaly bolup dur. Agzalan tendensiýa bu ýük gämileriniň asyl eýelerine ünsi çekmezlik meýli bilen baglanyşykly».

Şu ýagdaýlary göz öňünde tutmak bilen Waşington indi Birleşen Milletler Guramasynyň Eýrana garşy girizjek täze sanksiýalary «gara sanawa» girizilýän kompaniýalaryň atlaryny yzygiderli täzeläp durmaga mümkinçilik berer diýip, umyt edýär. BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine agza käbir beýleki Günbatar ýurtlary hem täze sanksiýalaryň şular ýaly berk düzgünleri öz içine almagyna umyt baglaýarlar.

Ýöne mundan ozalky sanksiýalar kabul edilende, Howpsuzlyk Geňeşindäki Orsýet we Hytaý ýaly ýurtlar has ýumşagrak düzgünleriň tarapyny tutup, ses beripdiler.