Magtymguly we bagşylar

Düzedip bolýan zat bar, ellemek gadagan zat bar. Gözüňi ýumup üstünden geçip bolýan zat bar, batyrynyp bolmaýan zat bar.

Sowatsyzlyk ýa geleňsizlik bilen özüňi aklajak bolmak düýbünden nädogry. Gelşiksiz. Belki-de, gülkünç. Intellektual derejäňe görä saýlabermeli.

Halkyň mukaddes baýlygy hasap edilýän zatlara-ha eliňi sabyn bilen ýuwubam degip bolmaz. Bu ýagdaýa ruslar aksioma diýse, türkmenler subut etmäge mätäçlik ýok diýýär.

Kakam pahyr aýtmyşlaýyn, «Diliň uzyny ýagşy, gepiň gysgasy». Eýsem, türkmeniň in uly baýlygy – klassyk poeziýanyň naýbaşy wekilleri dälmi näme? Eýsem, bahasyna dünýe maly ýetmejek nepis ýüzügiň göwher gaşy Magtymguly Pyragy dälmi näme?

Tebigy sowal

Näme üçin akyldaryň dana setirleri şu günki bagşylaryň repertuarynda gödek ýoýulýar? Eýsem, radio tolkunlarynda ýa mawy ekranda ýaňlanýan aýdymlaryň gyly gyrylman diňleýjä ýetirilmegine jogap bermeli redaktorlara hem bölüm müdirlerine name üçin aýlyk tölenýär? Gulagyny dykyp, gözüni ýumup oturany üçinmi?

Bu gün zehini ýyldyza toýnak salýan Kerim Gurbanalyýewiň repertuaryna göz aýlalyň. Pyragynyň «Läle getirmiş» goşgusyny birkemsiz, tersoturyny, nokadyny üýtgetmän ýerine ýetirýär-de, näme üçindir, şygryň ajaýyp bir bendiniň üstünden ätläp geçiberýär: «Adamzat ählinden etmäwer gile, Dostuňa dogry dur, duşmana hile, Baýtal ýapagyny çekermiş çöle, Eşek kürresini küle getirmiş».

Her biri bu günki köşk şahyrlarynyn tutuş «döredijiligine» degýän setirlere juda seresap çemeleşmeseň, jogapkär bilen günäkäriň arasy ýakynlaşýan bolaýmasyn?

Eýsem, Annanyýaz Nurýagdyýew atly aýdymça Magtymgulynyň jigerini dilim-dilim edip, gan aglap ýazan «Abdylla» şygrynyň sekiz bendiniň gylla ýarysyny taşlap, dört bende getirmegine haýsy bir redaktor rugsat beripdir? Gerek däl ýerinde zompa çykýan cenzura bu gezek ýüzüne gazet ýapyp irkläýipmi?

«Ýüzüm tutup çykdym jandar baryna, Özüm rowa geldim hijran dagyna, Dözebilmen beýtinleriň zaryna, Kaýda watan tutduň, gardaş Abdylla?» - görnüşinde gelýän dürdäne bendiň üstünden büdremän ätlemek mümkinmi?

Bu aýýdymçy Pyragynyň «Bolar sen» atly ýene bir şygrynyň üstünden däbşenekläp geçip gidýär. Ýedi bendiň dörde getirileni bilen beýle bir ylalaşmasagam, garaz, öwrenişiberdik şekilli. Emma «Kyýamatdan bir söz diýdim baýakda» setirinde gelýän «Kyýamatdanyň» «Bilmezlikden» sözi bilen çalşyrylmagy, «Zalymlar HAR bolar, galar aýakda, Garyp, sen ýýyglama, ŞIR dek bolar sen» görnüşinde gelýän setiriň «HOR bolar» diýlip alynmagy EŞEK bilen ÝOLBARSYŇ arasyndaky tapawutdan bihabarlygy aňladanokmy?

Ýene bir aýdymçynyň üstünden bardyk, oňa Myrat Işangulyýew diýýärler. Sesi bilen, saz bezegi bilen oňuşmazça däl, emma... ýene şol emma – «Il içinde seniň tutulsa adyň, Seni ýaman görmez ýakynyň-ýadyn, Goluňda bolmasa bir gerek zadyň, Meniňki diýp başyn tutup bolmaýar» -- neneň edip şeýle ajaýyp bendi bir çete süýşürip, arkaýyn sesiňe bat berip bolýar?

Oýlanara zat köp. Aňryýany bilen ýetik.

Ýaňy dünýä inen bäbegiň ene göwsünden süýt emişinden owadan zat barmy? Oýnam sany diş biterine mähetdel, ene göwsüni dişläberip, enäni ynjydyp bolarmy? Biz bu sowalyň jogabyna-da garaşamzok. Biz diňe bir zada düşünjek bolýas: nämüçin eline dutar alyp ekrana çykan ýaş bagşy «Öý-il gerek, ýorgan-düşek, Perzent bentdir, aýal – duşak, Ýüke werziş bir boz eşek, Bolaýyn diýseň öýlengin» diýýän bentdäki «boz eşegi» «bir garry eşege» öwrüp goýberýär?

Nämüçindir, bagşylaryň ählisi diýen ýaly Pyragynyň «Gözel sen» goşgusynyň jemleýji bendinde gelýän «Owalda-ahyrda eýýäm gözlese, Garyp biçäräniň paýy, gözel sen» setirlerindäki «Eýýämi», ýagny, «Taňrymy» «Owalda-ahyrda ÝARYM gözlese» diýip eňteriberýär?

Eýsem, ençeme bagşynyň «Goýnuň açar bir gün, ýer seni gizlär, Gara gumdan dolar bu gara gözler» diýen şahyryň «gara gözlerini» «owadan gözlere» çalşyrany bilen gözler önküsinden owadanlaşaýýarmy?

Umuman, gadymy kesel – jogapkär gyryň daşy ýaly, günäkäri gündiz eliň çyraly gözlemeli.

Türkmen edebiýatynyň klassyk poeziýasy – düme ekin däl. Ol eňňere bolanok. Bolmazam.

Şiraly Nurmyrat Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry. Şu blogda öňe sürlen pikirler awtoryň özüne degişli.