Türkmen metbugatynda 9-nji maýda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy: halka daýanyp, halkyň hatyrasyna” atly programmasy çap edildi. Bu strategiýada oba hojalygy meselesi hem gozgalýar.
“Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy: halka daýanyp, halkyň hatyrasyna” atly programmasynda Türkmenistanyň prezidenti galkynyşy başdan geçirýän Türkmenistanyň “Bazar ykdysadyýetine tarap demokratik reformalary geçirip, her maşgalanyň gurply bolmagyny gazanyp, berk döwletiň düýbüni tutmak ýaly maksatlara eýerýändigini ýazýar.
Bu strategiýada oba hojalygyny dikeltmek meselesi babatda häkimiýetleriň köp alada edýändigi bellenilýär. Oba hojalygyny ösdürmek babatda görlen çäreleriň netijesinde ilaty esasan ýurduň içinde öndürilýän azyk harytlar bilen üpjün etmäge mümkinçilik dörändigi aýdylýar. Şeýlelikde ýurda getirilýän harytlaryň içinde azyk harytlarynyň mukdarynyň jemi importyň diňe 5 %-ine barabardygy aýdylyar.
2008-nji ýylda bu görkezjiniň 9%-e baradar bolandygy nygtalyp, bu ugurda azalmak tendensiýasynyň bardygyna üns çekilýär. Hususy hem hökümete degişli kärhanalaryň hyzmatdaşlygy esasynda iri fermalaryň hem daýhan birleşikleriň döredilýändigi, guşçulyk fermalaryny ýola goýmak meselesinde uly üstünlikleriň gazanylandygy bellenilýär.
Türkmenistanly ýerli synçy Serdar Gulgeldiýew “Daşary ýurtlardan tüwüleriň köp möçberde getirilmesi türkmen daýhanynyň harydynyň bahasynyň arzanlamagyna eltýär” diýip, bize ýollan maglumatynda ýazýar.
“Daýhanyň düşewündi az. Häzir bazarlarda gowy tüwiniň bir kilogramynyň bahasy bir dollar (täze, denomenirlenen puldan – üç manat). Bu ýagdaý halk üçin gowy, daýhan üçin aňsat däl. Sebäbi türkmen daýhany şalysyny ekip ýetişdirýänçä, ýygnaýança örän köp çykdajylar edýär” diýip, ýerli synçy nygtaýar.
“Eýran hyýarlary, özbek, pakistan kartoşkalary hem-de soganlary, gazagystan, orsýet, hytaý tüwüleri… Ine, bu günki gün türkmen bazarlaryny eýeleýän iýmitler. Şu ýagdaý ýene bäş-on ýyl dowam etse, türkmen daýhanynyň dat gününe! Onuň bazarda näme satjagy, çagasyny nädip eklejegi belli däl” diýlip, ýerli synçy S.Gulgeldiýewiň makalasynda aýdýlýar.
Beýleki ýurtlardaky tejribe
Rus ykdysatçylarynyň bellemeklerine görä, 1998-nji ýylda rublyň hümmeti gysga wagtda ur-tut pese düşenden soň, Orsýetiň oba hojalygynda göze görünýän ösüş bolupdyr. Şol döwurde oba hojalygynda öndürilýän harytlary gaýtadan işleýän kärhanalaryň ýagdaýy ýaramazlaşyp, olar öz önümçiligi üçin zerur bolan harytlary daşary ýurtlardan satyn almak mümkinçiliginden mahrum bolýarlar. Şol sebäpli-de bu kärhanalar ýerli daýhanlaryň öndüren önümine geçýärler. Bu bolsa oba hojalygyndaky hususy pudagyň girdejisiniň ýokarlanmagyna getirip, oba hojalygynyň ösmegine itergi berdi diýip, ykdysatçylar nygtaýarlar.
Orsýetiň öňki oba hojalyk ministri Alekseý Gordeýew oba hojalygyna maýa ýatyrmaklygyň töwekgelçiliginiň örän ýokarydygyny aýdyp, şeýle inwestisiýalary diňe hökümetiň goldawy bilen amala aşyryp boljakdygyny belleýär.
Bugdaý, gök önümler ýaly oba hojalyk öňümleri adamlaryň esasy zerurlyklary bolup, olara hemişe talabyň ýokarydygyna garamazdan, bu önümçiligiň howa şertlerine baglydygy sebäpli oba hojalygyndaky telekeçiligiň töwekgelçiliginiň ýokary bolýandygyny spesialistler aýdýarlar.
Ýakynda, 10-njy maýda, ýaýradylan maglumatda belarus häkimiýetleriniň eksport bilen meşgullanýan kompaniýalary goldamagy göz öňünde tutýandyklary aýdylýar. Şeýle hem ýurda getirilýän import harytlary ýurduň içinde öndürmegi göz öňünde tutýan kompaniýalaryň hökümet tarapyndan goldanjakdygy habar berilýär.
Türkmenistanda näme kynçylyk döredýär?
Ahal welaýatynyň Ruhabat ertabyndan pensioner Weli aga habarçymyz Soltan Açylowa bilen söhbetdeşlikde oba ýerlerinde telekeçiligi ösdürmek meselesinde daýhana hökümet tarapyndan goldawyň zerurdygyny aýdýar: “Oba hojalyk önümlerini öndürýän hususy fermalar obalarda ýok diýen ýaly. Munuň üçin döwletden geregiçe goldaw ýok, onsoň zerur şertem döränok. Adamlaryň köpüsi sowda-satyk bilen meşgul. Aşgabat şäherini et, süýt önümleri bilen Mary, Lebap, Daşoguz welaýatlarynyň ýaşaýjylary üpjün edýärler. Ahal welaýatynyň fermerleri şaheri azyk önümleri bilen üpjün etmäge ukyply däl”.
46 ýaşly telekeçi Kakageldi Türkmenistanda öňümçilik bilen meşgullanmagyň kyndygyny aýdyp, muny şeýle düşündürdi: “Türkmenistanda önümçilik bilen bagly kanunlar bar. Emma olar çinownikler tarapyndan doly berjaý edilmeýär. Bu kanunlar diňe ýokarda tanşy bolan telekeçiler üçin işleýär”.
“Soňky döwürde önümçilik bilen meşgullanýanlar üçin kreditleriň berilýändigi barada köp gürrüň edilýär. Emma şol kreditleri aljak bolsaň, uly görgi. Bärde ýene-de tanyşlyk uly rol oýnaýar. Onsoň hem hususy eýeçilik äsgerilmeýän, korrupsiýa, parahorlyk ösen ýurtda sermaýa ýatyryp, önümçilik bilen meşgullanmak gaty howply. Söwda bilen meşgullanmagyň töwekgelçiligi az” diýip, türkmenistanly telekeçi belledi.
Beýleki ýurtlardaky problemalar
Oba hojalygynda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek meselesinde goňşy Gazagystan, Orsýet ýaly ýurtlarda duş gelýän kynçylyklar ilki bilen halkyň passiwligi bilen bagly. Öz işine höwes bilen ýapyşmaýan daýhanyň harydynyň hili hem pes bolýar. Netijede şol harydy satmakda kynçylyk döreýär.
Şeýle hem öňki Sowet giňişligine girýän köp ýurtlarda oba hojalyk önümçiligine zerur bolan infrastruktura ösmedik ýagdaýda. Ýagny, et öndürýänler üçin gassaphanalar ýetenok, süýt öňdürýänler üçin süýt tabşyrylýan nokatlar ýok, gök önümi ekip-ýetirşdirýän daýhanlar üçin bolsa saklanylýan ambarlar, tiz zaýalanýan önümleri gaýtadan işleýän zawodlar ýetmezçilik edýär. Üstesine-de, ýollaryň ýaramazlygy ýaly kynçylyklar oba hojalygynda kiçi we orta telekeçiligiň ösmegine böwet bolýar.
Şeýle hem öz biznesini planlaşdyrmak meselesinde daýhanlaryň esasy ykdysady bilimleriniň ýetmezçilik edýändigi hem hojalygy dolandyrmakda hem-de banklardan karz almakda päsgelçilik döredýär.
Ýerli synçylaryň pikiriçe, şeýle kynçylyklar Türkmenistanda hem ýiti duýulýar. Olar aradan aýrylsa, oba hojalygynda kiçi we orta telekeçiligiň gülläp ösmegini gazansa boljak.
Zerur çäreler
Ykdysatçy Annadurdy Hajyýew “Oba hojalygynda telekeçiligi ýola goýmak üçin, birinjiden, telekeçilige ýol açýan kanunlary ýa kabul etmeli ýa-da olara üýtgetmeleri girizmeli” diýip, Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy. Ol tanyşparazlyga, korrupsiýa garşy göreşmek üçin belli bir mehanizmiň işlenip düzülmeginiň zerurdygyny hem nygtady.
“Käbir ýurtlarda oba hojalygyndaky hususy sektory ösdürmek üçin hökümetiň özi et, süýt ýaly azyk harytlary gaýtadan işleýän zawodlary, un üweýän degirmenleri gurýar. Daýhanlara öz harytlaryny ýerleşdirmäge mümkinçilik döredilýär, bu monopolistleriň bahalaryny sazlaşdyrmak ugrunda hem güýçli gural bolup durýar, belki, Türkmenistanda hem şeýle edilmelidir” diýip, ykdysatçy belledi.
“Daýhanlara karz-kreditleriň elýeterli edilmegi hem oba ýerlerinde telekeçiligi ösdürmek meselesinde örän möhüm” diýip, bilermen Azat Ýewropa Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde öz pikirini beýan etdi.
14-nji maýdaky hökümet maslahatynda prezident Berdimuhamedowyň Daýhanlar partiýasynyň döredilmegi baradaky teklibi durmuşa geçirilse, bu partiya hem daýhanlaryň problemalaryny hökümete ýetirip, oba hojalygy bilen bagly meseleleri orta atsa, bu hem oba hojalygyň ösdürilmegine öňyn täsir edip bilerdi diýip, bilermenler aýdýarlar.