Nazarbaýew “Milletiň lideri” statusyna eýe bolar

5-nji maýda Gazagystanyň parlamentinde ýurduň prezidenti Nursoltan Nazarbaýewi “Milletiň lideri” diýip yglan edip, onuň eldegrilmesizlik statusyny has hem berkitmek barada teklipler öňe sürüldi.
Bu teklip bilen deputatlar Rozakul Halmyradow, Swetlana Sirko, Amžibek Žolşibekow parlamentiň mejlisinde çykyş etdiler. Deputatlar öz çykyşlarynda prezidente degişli emlägiň eldegrilmesizligi, Nazarbaýewiň maşgala agzalarynyň emlägine-de degişli etmek teklibini öňe sürdüler.

Nazarbaýewe berilmeli “Milletiň lideri” statusy baradaky täze kabul edilmeli kanuna Gazagystanyň geljekdäki prezidentleriniň ýurduň içerki we daşarky syýasatyna degişli esasy meseleler boýunça Nazarbaýew bilen geňeşmegi hökmany diýlen maddanyň girizilmegi-de göz öňünde tutulýar.

Detutatlar tarapyndan 5-nji maýda edilen bu teklipler kanuna girizilse, Konstitusiýanyň “Gazagystanyň prezidenti”, “Gazagystanyň Ilkinji prezidenti”, şeýle-de “Saýlawlar” baradaky kanunlara, “Gazagystanyň prezidentiniň Gorag gullugy”, “Döwlet sylaglary” we käbir beýleki kanunlara üýtgetmeleri girizmeli boljakdygy habar berilýär.

Şol bir wagtda-da bu inisiatiwa bilen çykyş eden deputatlar Nazarbaýewiň “Milli lider” diýlip yglan edilmeginiň ony ömürlik prezidentlige teklip etmek däldigini žurnalistlere beren interwýularynda birnäçe gezek gaýtaladylar.

Hut şu ýagdaý hem Nazarbaýewiň wezipesinden çekiljek bolýandygy, emma prezidentligi terk etmek üçin özüniň we maşgala agzalarynyň howpsuzlygyny has berk kepillendirmek isleýändigi baradaky gürrüňleriň güýjemegine getirdi.

Deputat Rozakul Halmyradow öz çykyşynda Nazarbaýewi häli-şindi “ilbaşy” diýip atlandyrýandyklaryny, emma “Milletiň lideri” baradaky kanunyň entek kabul edilmändigini aýtdy.

Agzalan teklip parlamentiň mejlisinde gazak deputatlary tarapyndan biragyzdan kabul edildi.

Maksat we niýet

Köp ýyllaryň dowamynda Nazarbaýewiň syýasatyna garşy çykan ýaşuly syýasatçy Serikbolsun Abdildin Nazarbaýewiň özüniň deputatlardan şeýle telkibi öňe sürmeklerini haýyş edendigini çaklap, bu teklibiň Nazarbaýewiň ýolbaşçy hökmünde arassa, adalatlyly iş alyp barandygyny görkezmän, gaýta eden jenaýatlarynyň köpdügine we olar üçin-de jogapkärçilik çekmek islemeýändigine şaýatlyk edýändigini aýtdy.

Oppozisiýanyň wekilleriniň biri Ämirjan Kosanow detutatlaryň bu teklibiniň Nazarbaýewe ýaranjaňlyk etmek maksady bilen öňe sürlendigini belledi.

Gazagystanyň “Ak ýol” atly oppozision partiýasynyň ýolbaşçysy Alihan Baýmenow bu kanunyň geljekki häkimiýet çalşygynda emele gelip biljek dartgynlygy biraz köşeşdirip biljekdigini Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugyna beren interwýusynda aýtdy.

Gazak deputatlarynyň öňe süren hem-de parlament tarapyndan makullanan bu teklibe görä, Nazarbaýew geljekde mümkin bolan jenaýat hem administratiw jogapkärçiliklerden öňünden boşadylýar. Eger häzirki teklip edilen kanun gutarnykly kabul edilse, soňra Nazarbaýewi eldegrilmesizlik statusyndan mahrum edip bolmaýar.

Käbir synçylaryň aýtmaklaryna görä, Gazagystan ýaly Konstitusiýa ýygy-ýygydan üýtmetmeler girizilýän ýurtlarda häzirki prezident öz wezipesinden çetleşensoň, Baş kanuna ýene bir üýtgetme girizägedin, prezidentiň howpsuzlygyny kepillendiryän öňki kanunlaryň hemmesini güýçden gaçyryp bolar.

Mysaly daşdan gözlemeli däl. Gazagystanyň iň ýakyn goňşusy Gyrgyzystanda öňki prezident Kurmanbek Bakyýewiň garşysyna, eýse hut şeýle usul ulanylmadymy näme?!

Özi prezident bolup otyrka Bakyýewiň geljekdäki şahsy howsuzlygyny kepillendirýän kanunlar kabul edilen-de bolsa, korrupsiýa ýüz uranlygy zerarly wezipeden kowlansoň, wagtlaýyn hökümet ony eldegrilmesizlik statusyndan mahrum etdi.