Çöregiň tagamy

Çörek gytçylygyny türkmeniň ata-babalary gadym döwürden bärem göre-göre geldiler. Sowet häkimiýetiniň berkarar edilýän ýyllarynda-da, Ikinji jahan urşy ýyllarynda-da türkmenlere çörek mazaly ýakasyny tanadypdy. Türkmenleriň ol ýyllarda çörekden ine-gana doýanlary az-az bolandyr.
Ikinji jahan urşy ýyllarynda çörek gytçylygy diňe bir urşuň gidýän ýerlerinde däl, eýsem, tylda bolan ýurtlarda, şol sanda Türkmenistanda-da bolupdy. Çörek ýetmezçiliginden aç ölen adamlar, çagalar kän bolupdy. Şonuň üçin türkmenleriň uly nesilleri çöregiň ýekeje owuntygyny-da ýere gaçyrman, çöpläp-çöpläp iýýärler. Gaty çörekleri-de zibile taşlamaýarlar. «Çöregi zaýalamak iň uly günä» diýen sözi nesilleriň gulagyna guýýarlar.

Çörek gytçylygyny türkmenleriň soňky nesillerem gördi. Bu gytçylygyň biri Sowet Soýuzynyň Kommunistik partiýasynyň Baş sekretarlarynyň biri Nikita Sergeýewiç Hruşşýowy wezipesinden aýyrmak üçin gurnalan syýasy oýun sebäpli, geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynyň ortasynda bolupdy. Hruşşýowyň mallar üçin siloslyk mekgejöweni köp ekmek baradaky buýrugyny ýoýup berjaý edipdiler. Ýurduň bar ýerine mekgejöwen ekdirilip, halka bugdaý ununyň ýerine mekgejöwen uny iýdirilipdi.

Sada halk syýasy oýunlara düşünmeýär. Halk çörek bolçulygynda özüne berilýän çöregi ine-gana iýýär (hatda olaryň köpüsi çörek bolçulygyna begenmegem bilmeýär), çörek gyt bolanda gynanýar, howsala düşýär, ertirki güni üçin çörek basýar. Halk çörek gytçylygyny aradan aýyrmagyň ugruny bilmeýär. Sebäbi Sowet soýuzynda-da ähli ýerler, ekerançylyk hökümetiň elinde bolanlygy üçin çörek kynçylygyny ýok etmäge halkda rol ýokdy. Geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynyň ortalarynda, Hruşşýow sebäpli döredilen çörek gytçylygynda-da halk öýüne şeýle bir çörek basdy. Adamlar dükanlardan alýan çörekleriniň arasyny kesip, kakadyp, sandyklaryna salyp goýýardylar. Uruş ýyllaryndaky çörek gytçylygyndan gözi gorkan adamlar çagalarynyň ertirki gününiň aladasyny edýärdiler. Çörek gytçylygy dörände halk gaty gorkýar.

Soňky nesil üçin ýene bir çörek gytçylygy 1996-97-nji ýyllarda bolupdy. Ýurt çörek meselesinde kartoçka sistemasyna geçdi. Toý-sadaka ediljek wagtynda un tapmak kyn bolýardy. Ilaty bir milliondan-da köp Marynyň halky şol döwür has-da kösendi. Olar çöregi beýleki paýtagtdan daşap iýdiler. Garaşsyzlyk ýyllaryndaky çörek gytçylygy iki-üç ýylyň içinde çözüldi. Näme-de bolsa, häkimiýet başyndakylar bu meseläni çözüp bildiler. Soňy bilen çörek, un bolap ugrady.

Soňky döwürde Orsýet, Gazagystan ýaly bugdaýa baý ýurtlar bilen söwda gatnaşygynyň ýola goýulmagynyň netijesinde ýurtda çörek gytçylygy duýulmaýar. Türkmen gallaçylary hem bugdaý hasylyny ösdürip ýetişdirmekde gowy netijeler gazanýarlar. Magazinlerde un köp. Hökümete degişli çörek zawodlarynda-da, hökümete degişli bolmadyk çörek bişirijiler tarapyndan-da çörekler bişirilip satylýar. Hökümete degişli çörek zawodlarynyň jogapkär işgärleri çörek ýaly mukaddes zada, halka iň gerekli hörek bolup duran zada geleňsiz seredýärler. Hökümetiň çörek zawodlarynda bişýän çörekleriň içi köplenç çig - hamyr bolup durýar. Kä halatlarda bolsa, çöreklere drož aşa köp goşulmadan çörekler porsap dur. Olary gyzgynjak wagty zordan iýip bolýar, ertesi güni iýip bolanok. Bu zatlar çörekleriň aşa zaýalanmagyna alyp barýar. Bol unlara kast edilýär.

Türkmen çöregi

Çöregi elde bişirijiler gowy bişirýärler. Tagamly türkmen milli çörekleriniň hyrydary örän kän. Türkmen milli çörekleri hiç wagt zaýa edilmeýär. Öňler çöregi diňe tamdyra bişiren türkmenler indi gazojaklarda hem çörek bişirmegi öwrendiler. Nähili ýagdaýda bişirilende-de türkmen milli çörekleri özüniň has tagamlylygy bilen müşderileri özüne çekýär.

Asyrlaryň dowamynda türkmen diňe bir hili çöregi - özüniň milli çöregini bişirip geldi. Ol çörekleriň petir görnüşi (hamyrmaýasyz), içine ýag çalnyp, et goşulyp, gatlaklanýan hilde bişirilýän görnüşleri-de bar. Çopanlar çöregini ýakýan otlarynyň közüne bişirýärler. Türkmen çörekleri ýürekleri dok edýär. Oba ýerleriniň ýaşaýjylary, şäher ýaşaýjylarynyň-da köpüsi hökümet zawodlarynda bişirilýän çörekleri ýagdaý tapsa, iýmeýärler. Sebäbi ol çörekler, misli gury saman iýen ýaly.

Hökümet zawodlarynda tegelek hem kerpiç ýaly dörtburç hilli çörekler bişýär. Türkmen milli çöregi bişmeýär. Käte türkmen milli çöregine meňzedilen çörekleri bişiräýenlerinde hem olar türkmenleriň elde bişiren çöregiçe bolmaýar. Sebäbi zawod çörekleriniň daşky sypatyny nämä meňzedenlerinde-de olaryň ählisi bir hamyrdan bolýar. Şonuň üçin olaryň tagamlary-da bir meňzeş bolýar. Owranyp, pytrap ýatansoň, olary çeýnemek-de kyn. Bu çörekler Türkmenistana sowet häkimiýeti bilen bile gelipdi. Şonuň üçin olara «ors çörek» hem diýýärler.

Tamdyrda bişirilýän türkmen milli çörekleriniň (el çörekleriniň) has gowy bişenlerini satyn almak köplere elýeterlem däl, olaryň biriniň bahasy iki-üç manat. Elli teňňeden ýörite satyp, pul gazanmak üçin bişirilýän tamdyr çöreklerem bar, olaryň tagamy onçakly işdä ýakyn däl, beýle çöreklere-de hökümet zawodlaryndaky ýaly, drož köp goşulýar. Hakyky tamdyr çörekleri drož goşulman, hamyrmaýa goşulyp bişirilýär.

Hökümete degişli çörek zawodlary türkmen milli çörekleri bişer ýaly, rekonstruksiýa ediläýse, un zaýaçylygynyň azalmagyna-ha getirerdi. Milli türkmen çörekleri görnüşinde diýetikler üçinem, dişsizler üçinem, her hili çörekler bişirip bolar. Ýöne çörek meselesinde hem käbir beýleki pudaklarda bolşy ýaly, jogapkärçiligi öz üstlerine almaly adamlar döredijilikli işlejek bolmaýarlar. Irden barýarlar, agşam gaýdýarlar, gol çekip, aýlyk alýarlar. Bolany şol. «Bula-bula, ber gula» diýlişi ýaly, şol, öňden galan endik boýunça-da ullakan gazanlaryň içinde uny bulamaga öwrüp, peçleriň üstüne atyp çykarýarlar hem-de dükanlara iberýärler.

Indi ýokardan buýruk ýok. Garaşsyz ýurtda her bir zatda milli harytlaryňy orta çykarmaly. Beýtmek - milletçilik etmek däl. Milli harytlaryň keseden getirilen harytdan gowulygyny subut etmek. Haýsy zat gowy bolsa, halka şony bermeli. Keseden gelýän harytlar gowy bolsa - keseden gelýän harydy ber, ýurduň milli harydy gowy bolsa, milli harydy öndür.

Öwnüp aýtdygymyz däl welin, çörek meselesi orta atylanda, türkmeniň tamdyr çöreginiň ýerini tutjak çörek dünýäniň hiç bir ýerinde ýok bolsa gerek. Gowy zat zaýa edilmän iýilýär. Türkmen çörekleriniň köp bişirilmegini ýola goýmak - çörek zaýaçylygyny aradan aýrar.

Döwlet Hojamedow aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.