Şeýle bir toý tutulýar, soň bolsa öý ýykylýar…

Soňky döwürde türkmenler toý tutmakda medeniýetleşýärler. Restoranlaryň uly zallary hiç bir gije boş durmaýar. Pullular, baýlar hakda gürrüň ýok, halys garyp diýenleriňem karz-kowal alýar welin, gelin toýuny restoranda tutýar. Pullurak, gurplurak maşgalalar gyz toýuny-da restoranda tutýarlar.
Ene-atanyň puly bolsun-bolmasyn, bu ýagdaý ýaşlary gyzyklandyrmaýar - toý hökman restoranda tutulaýmaly! Şeýle bolmasa, oglanlar-a öýlenmejek bolup arkan gaýyşýarlar, gyzlar bolsa durmuşa çykmajak bolup.

Perzentlerini gynandyrmajak bolup, her bir ene-ata çagasynyň toýuny restoranda geçirmäge çalyşýar. Kimlere dogan-garyndaşlar kömek edýär, kimler karz alýar, kimler banklardan kredit alyp, ogullarynyň, gyzlarynyň toýuny restoranlarda geçirýärler. Restoranlarda toý geçirmegiň bahasy azyndan iki müň amerikan dollaryndan bäş-on müň amerikan dollaryna çenli bolýar.

Şeýle bir toý tutulýar... Ýewropaly gelinleriň geýýän akja toý köýnegini geýen gyz, iň soňky modada bezenýän ýigit. Her hili tans sazlaryna goşup tans edýän türkmen gelinlerini, gyzlaryny, ýigitlerini görenler haýran galar. Ýaşmakly daýzalara çenli, telpekli daýylara çenli tans edýärler…Şeýle bir toý bolýar, onuň gutararyny hiç kim islänok. Ýöne, gynansaň-da, durmuşda her bir zadyň soňy bar. Gije on birde toýlar tamamlanyp, restoranlar ýapylýar.

Şeýle ajaýyp toýlar bilen täze öý kemala gelýär. Iki ýaş çatynjanyň başy birigýär. Ýöne, näme üçindir, toýlar şeýle gowy geçse-de, soňky döwürler ýaşlar täze guran öýlerini çalt bozýarlar. Soňky döwürde aýrylyşýanlar diýseň köpeldi, megerem, kazyýetleriň kazylary nika bozýanlaryň işine jenaýat işinden iki esse köp seredýändirler diýesiň gelip dur. Şu zatlar hakda olaryň ýanynda agzadygyň, olar: «Wah, hawa-la!» diýip, dat edýärler.

Nika bozýan taraplar biri-birinden üstün çykjak bolup, biri-biriniň jaýyny elinden aljak bolup, biri-birinden goşy köp aljak bolup, suddan-suda arza ýazýarlar. Aşakdan ýokarlygyna. Etrap sudy, şäher sudy, welaýat sudy, Ýokary sud…Ilki bir tarap şu instansiýalary geçýär, soň ikinji tarap. Soň ýene beýleki tarap, soň ýene ikinji tarap. Sudlaryň töweregi adamlardan mydama doly. Şolaryň aglabasy-da aýrylyşýanlar.

Ýaşlara näme boldy?!

Ýaşlaryň köpüsi soňuny saýman durmuş gurýar. Aýratyn-da kämillik ýaşyna ýetip-ýetmän, söýgä sataşýanlar. Aşyk-magşuklar biri-biriniň maşgala durmuşyny öwrenmezden, gaçyp, ýa-da gaçman, ene-atalaryň ylalaşmagynda durmuş gurýarlar. Durmuşyňy, öýüňi abat saklamak bolsa söýgi döwründe seretmeşek oýnaşan ýaly aňsat däl. Bir ýandan neşekeşlik, bir ýandan garyplyk, işsizlik, bir ýandan öý edinmek kynçylygy...

Soňky döwrüň ýaşlarynyň köpüsi muňa tap getirmeýär. Olar ertekiler dünýäsinde ýaşamak isleýärler.

Ikinji jahan urşy ýyllary, uruşdan soňky kynçylyklaryň ýyllary, uruşdan öňki—müň dokuz ýüz otuz ýedinji-otuz sekizinji ýyllaryň bas-ha-baslyk ýyllary, palçyk jaýda ýaşap, selme-peçek iýlip ýörlen ýyllarda türkmenleriň arasynda nika bozýanyň bary eşidilmezdi. Her kim diňe saglyk diläp ýaşaýardy. Ýan ýoldaşyň baş saglygy dilenip ýaşalardy.

Häzirki günlerde-de alaja ýüpjagaz, jorapjyk örüp, maşgalasyny ýykmajak bolup gydyrdanyp ýören gelinlerem gaty kän. Keşde çekip, neşekeş ýan ýoldaşyny, çagalaryny ekläp ýörenlerem kän. Türkmen zenanlarynyň içinde, elbetde, «süri agsaksyz bolmaz» diýlişi ýaly, birdir-ikidir azgynlary, ýoldan çykanlary duşsa-da, olaryň köpüsi maşgala ojagyny saklamakda, öýe wepalylykda köplere görelde bolarlykdyr.

Ýöne soňky döwürdäki ýaşlara welin bir döw çaldy. Olar maşgala keşigini çekmekde düýnki gelinlerden ýaltarak, lälikräk gelýärler. Köp ýaşlaryň jemgyýetiň ikä bölünip, bir tarapyň aşa baýamagyny, ençeme jaýlar alyp, daşary ýurt maşynlaryny sürüp ýörenlerini görüp, kemsinmekden öý bozýandyklaryny aýdýarlar.

Bu ýagdaýy öý bozulmagyna sebäp edip bolmaýar. Sebäbi öý bozany bilen baý tarapdan bir kişiniň gelip, özüni alyp gitmejegini öý bozýan bilýär. Onsoňam ol ýan ýoldaş diýip, saýlan ýigidi bilen ýaşamak üçin toý tutýar-a. Ol öý bozmak bilen söýen kişisini taşlaýar. Baý ýaşaýanlaryň arasynda-da öý bozýanlar örän kän. Gelinler ýigitleriň jaýyndan ýetdik paýyny almak üçin, emlägini paýlaşmak üçin arza berýärler, ýigitler bolsa gelinlere hiç bir zat bermejek bolup çytraşýarlar.

Gadym döwürlerde gelinleri adamsyndan diňe ölüm aýrypdyr. Gyzy durmuşa çykaranlarynda ene-atasy oňa: «Ataň öýüňe öliň gelsin, ýöne diriň gelmesin» diýip sargar eken. Bu söz «Dirilikde aýrylyşyp geläýme» diýildigidir. Erkeklerem ol döwürler aýallaryny kowjak bolup durmandyr. Urulsa-da, kemsidilse-de, betnyşana duşsa-da, gylyksyza duşsa-da, gelinlerem baran ojagynda ömürlerini ötüripdirler.

Sowet hökümeti aýallara kän erkinlik berdi. Aýallary urmaly däldigini, olara sögmelem däldigini erkeklere düşündirdi. Är-aýal sögüşse, öýi, goşy, çagalary aýala degişli etdi. Şonuň üçin sowet hökümetiniň has berkän ýyllarynda erkekler aýaldan gorkup ýaşamaga uýgunlaşdy. Sebäbi öýi, emlägi, çagalary elinden gitjek bolup durka, dagy ol näme etsin. Üstesine-de, aýalyna berlen çagalaryna alimentem tölemeli. Aýaldan gorkmasa-da, erkekler aýala degmäge hökümetden gorkardy.

Ýazga girmek

Häzirki ýagdaýda sudlar erkegiň jaýyny, emlägini aýala alyp berenok. Indi aýalyň erkegiň öýüne ýazga girmegem (propiska edilmegi) görgi. Ýazga girmek üçin bäş ýyl ýaşaşmaly. Bäş ýyl ýaşanyňdan soň hem öý eýesiniň hem-de onuň maşgala agzalarynyň hemmesiniň gelni propiska etmek üçin razylygy gerek bolup durýar. Sowet döwründe nikadan geçilen gün gelni ýazga salýardylar.

Şeýlelikde, häzirki döwürde nika bozuşlykdan soňky dawanyň başy ýazga girmek meselesi bolup durýar. Öý bozmagyň sebäbi bolsa köplenç ýagdaýda ýaşlaryň gedemligi bolýar. Ýaşlaryň her biri biri-birine diýenini etdirmek isleýär, biri-birine hojaýyn bolmak isleýär. Indiki gelinleriň arasynda adamsyna, gaýynlaryna hyzmat edip, hyzmatkärlik borjuny ýerine ýetirjek gelinler az.

Soňky nesil lälik saklanýar. Bu bolsa, olaryň maşgala durmuşynda çydamsyzlygyna alyp barýar. Gyzlar durmuşa çykyp baran ýerinde-de ejesiniň öýündäki lälikligi isleýärler. Köplenç halatda çagasyna eneke tutulyp, gitjek ýerine maşynly äkidilip durlan gelinlerem aýrylyşýarlar. Kimi gepletseňem, her kim öz gepini mamla edýär.

Esasy zat her kim garaşsyz ýaşamak isleýär. Hiç kimiň hiç kime boýun egesi gelenok. Türkmen ýaşlary şeýle ýagdaýa uýgunlaşypdyrlar. Öýlenenlerem «Öýlenmeli däl eken» diýip, puşman edip ýörler, durmuşa çykanlar «Durmuşa çykmaly däl eken» diýip, puşman edýärler. Türkmen ýaşlarynyň köpüsi nämüçindir, maşgala bolup ýaşamak höwesinden daşlaşýar.

Serdar Gulgeldiýew türkmenistanly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.