Kim sebäpkär? Kim günäkär?

Kyrk bäş ýyl mundan ozal, Saratow şäherine ýakyn tokaýlaryň birinde ýerleşen harby bölümde Gyzyl goşun gullugyny berjaý edip ýörkäm, bir garryja aýal maňa şeýle sowal bilen ýüzlendi: «Sen sygan-a dälsiň?» «Aý, ýok, mama, meniň milletim türkmen». Kempir juda geň galdy: «Be-e, sizem goşun gullugyna alaýýalar-ow».

Gaty görere zat ýok. Kemsinmäge bahana welin, aňryýany bilen ýeterlik. Beýle milletiň bardygyndan bihabar diňe şo kempir bolsady! Eýsem, özüni başga döwletleriň ýaşaýjylary bilen tanyşdyrmakda millet kime, neneňsi şahslara minnetdar bolýar?

Ilkinji orny, elbetde, meşhur sungat işgärleri hem tanymal sport ussatlary eýeleýärler. Eýsem, wagtynda «Köne güzer» bilen Grand-priz baýragyny eýeläp, Orsýeti baglan Berdimyrat Berdiýewi, gyjakda öňüne sazanda geçirmän gelýän Annageldi Jülgäýewi, Nury Halmemmediň «Dutaryň owazyny» birkemsiz gümmürdeden Orazgül Annamyradowany, klarnetiň piri Lew Terýany, skripkanyň jadygöýi Gasan Memmedowy, dünýäde birinji nomer diýlip ykrar edilen deprekçi Rişat Şafiýewi we ýene-ýeneleri hökümet eliniň aýasynda göterip, uzag-u-ýakyn haýsy bir döwlete hödürlände, Türkmenistanyň abraý hem şöhrat baýdagy hol ýokarda galgamajakdy!

Eýsem, welosiped sportunda Gennadiý Lebedew, nyşana ok atmakda Marat Nyýazow, gimnastikada Aman Şanyýazow ýaly Olimpiada oýunlarynyň baýragyna mynasyp bolan, Altymyrat Orazdurdyýew kimin dünýäniň hem Ýewropanyň birnäçe gezek çempiony bolan beýik şahslaryň ýurdundan Kanadanyň Wankuwer şäherinde geçen soňky Olimpiada oýunlaryna gatnaşmak üçiň sportsmen tapylmadymyka?

Merkezi Aziýa respublikalaryndan Özbegistan, Täjigistan, Gyrgyzystan ýaly döwletleriň komandalary öz ülkesiniň tuguny dik tutup, stadionyň derwezesinden girende, tomaşaçy märeke el çarpdy. Ýogsam, «Pylan ýurduň ýygyndy komandasy» diýlip yglan edilse-de, ýokarda agzalan respublikalaryň birinden üç, o birinden dört, ýene birinden bary-ýogy bäş adam geçip gitdi. Çaý-nahardan ellibizar bolup, yzly-yzyna jyrlaýan telefonyňam trubkasyny galdyrman, Türkmenistanyň ýaşyl baýdagyna garaşdyk. Gözümiz ýaşardy gitdi, emma ne komanda göründi, ne-de baýdak. Kemsinme-dä onsoň!

Alžir, Efiopiýa, Gana, Ýamaýka, Montenegro, Nepal, Pakistan, Portugaliýa ýaly ululy-kiçili döwletleriň hersinden üç sportsmeniň geçip barýanyny görüp geň galyp otursak, Marokkadan buýsanç bilen baýdagyny galgadyp, bary-ýogy bir kişiniň delegasiýa ýolbaşçysy hem özi, treneri hem özi, ýaryşa gatnaşmaly sportsmenem özi bolup barýanyna ýylgyranymyzy duýman galdyk.

Öz ýurdumyzdan bir adamy hem görmänimiz üçin gözümizden bir damjanyň syrygyp gaýdanyny hem duýman galdyk... Bu ajy kemsinmeleriň haçan soňy gelerkä? Ýene näçe garaşmalyka?

Şu blogda öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.