Internetiň ýagysy kimdir öýdýäňiz?

Häzir ösen jemgyýeti internetsiz göz öňüne getirmek kyn. Internet, sözüň doly manysynda, gudrat. Dünýäde üýtgeşik habar bar bolsa, özüňe gerekli zady bilesiň gelse, internete çatlyşaýmaly.
Internet bize alymlaryň, professorlaryň düşundirişindenem çuňňur ylym-bilim berip bilýär. Käbir döwletler muňa wagtynda düşündi hem-de internete giň ýol açdy, olardan peýdalanmagyň hyzmatyny mugta ýakyn etdi.

Eýsem, internetiň Türkmenistana ýaýraýşy nähili?

Häzir her kimiň internete çatylmaga mümkinçiligi bar. Internete çatylmak üçin ullakan nobatam ýok.Ýöne hyzmatyň bahasy birneme ikirjiňledýär. Internetden peýdalanmagyň bahasyny entegem arzanladyp bolardy. Onsoňam ýerasty baýlyklardan walýuta gelip duran çaklaňja döwletde internet hyzmatlary mugt edilse-de, gelişmän durmaz. Internetiň bilimleriň öýjügidigini birjigem unutmaly däldiris.

Elbetde, Türkmenistanam ýuwaş-ýuwaş internete ornaşýar. Mekdeplerde, ýokary okuw jaýlarynda, ministrliklerde, aýry-aýry edaralarda internet işledilýär. Şäherlerde internet kafelerem bar. Ýöne internet sistemalarynyň hemmesiniň işleýşi haýal.

Saýta girmek üçin kä wagtlar bir sagada çenli wagtyň gidýär. Şonuň üçinem, ilkinji nobatda, internetiň işleýiş derejesini tizleşdirmegiň gamyny iýmeli. Munuň üçin çykdajydan gaçmaly däl. Internetiň aýratynam ýaşlar üçin bilimleriň çeşmesidigini bilmegimiz gerek.

Ýöne, gynansak-da, internetden hökümet derejesinde gorkulýan halatlary-da seýrek bolmaýar. Belki, şonuň üçindir, radionyň, telewideniýäniň, metbugatyň işgärleri henizem internetiň hyzmatyndan göwnejaý peýdalanyp bilenoklar.

Geçen ýyl gürrüň çykdy


Geçen ýylyň başlarynda hojalyk hasaplaşygyndaky redaksion birleşiginde žurnalistler üçin internet sistemasy ornaşdyryljak diýlen gürrüň çykdy. Muňa žurnalistler begenişdi. Ýöne internet wagty bilen açylmady. Işi bökdediler. Işi bökdän kimdir öýdýäňiz? Ýurduň milli howpsuzlyk ministrligi. Şu ministrligiň bir wekili Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň şol wagtky ýolbaşçysy Annanur Çaryýarowyň ýanyna baryp: «Interneti yza çekdirjek bol. Näçe gijikdirseň, şonça gowy» diýip, görkezme yzyna görkezme berdi.

Ýöne baş redaktorlaram, ýönekeý žurnalistlerem internetiň gürrüňini yzygiderli gozgap duransoňlar, ahyry bu ady agzalýan edarada interneti açmaly boldular. Ýöne her redaksiýada däl-de, umumy bir ýerde, ýagny, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekanynda ornaşdyrdylar. Işlemeli wagty irden sagat dokuzdan agşam alta çenli, hepdede bäş gün. Internet otagyna ýörite işgär berkidildi. Özem her redaksiýa ýörite kart berildi. Şol kartam baş redaktorlara ynanyldy. Žurnalistler baş redaktorlardan karty alyp, internet otagyna barmaly edildi.

Žurnalistler şeýle çäklendirilen ýagdaýa-da begenmek begendiler. Her gazet öz sahypalarynda: «Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekanynda internet otagy işläp başlady. Indi žurnalistler döredijilik işlerinde öňküden-de kämilleşmäge, ösen dünýä bilen aýakdaş gitmäge mümkinçilik aldylar. Basym şeýle internet otagy Aşgabadyň Metbugat öýünde-de açylar» diýip, habar baryny ýazdylar.

2008-nji ýylyň 13-nji awgustynda Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekanynda açylan internet otagynyň yzysüre Aşgabadyň metbugat öýünde-de internet otagy açylar öýdüldi. Ýuwaş-ýuwaş internet hyzmaty gös-göni redaksiýalaryň kabinetlerine-de çekiler öýdüldi.

Şatlyk uzaga çekmedi

Ýöne žurnalistleriň begenji uzaga çekmedi. Ilkibada käbir žurnalistler gadagan edilen saýtlara girýär diýen gürrüň ýaýrady. Milli Howpsuzlyk ministrliginiň wekili olardan düşündiriş alypdyr diýen habaram çykdy. Garaz, bu ýerdäki internetiň töwereginiň gürrüňi köp boldy.

Şondan dört-bäş aý geçenden soňam Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekanyndaky internet otagy ýapyldy. Nämemiş, internet otagynda işleýän kişi işden çykanmyş. Şondan bärem internet otagyna işgär «tapylman» gelýär. Dili duzly žurnalistler-ä: «Işgär bahana. Howpsuzlyk ministrligi islänok. Olara artykmaç kellagyry gerek däl» diýýärler.

Munuň hakykatdygyna žurnalistler ýene bir gezek göz ýetirdiler. Internetde işlejek laýyk adam tapyldy. Ony makulladylaram. Ýöne onuň şahsy delosynyň Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministrligine gitmelidigi, şol ýerde tassyklanylmalydygy aýdyldy. Şol delo gürrüňi edilýän ministrlige iberildi.

Şondan bäri üç-dört aý geçdi. Şahsy delo guýa gaçan ýaly boldy. Ne «hawa» diýilýär, ne-de «ýok». «Başga işgär tapyň» diýip aýdan adamam ýok. Redaksion-neşirýat birleşiginiň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň ýolbaşçylary-da şu meselede Howpsuzlyk ministrliginden habar soramaga ýaýdanýarlar, has dogrusy, gorkýarlar. Şeýlelikde, bary-ýogy dört-bäş aý işlän internet otagy häzire çenli ýapyk. Indi belanyň körüginiň niredeligi äşgär. Gözüniň ody alnan žurnalistlere dymmakdan başga çäre ýok. Olar ät galdy.

Wirus dagy hiç zat

Türkmenistanda internetiň ýagysy kän. Ýurtda «Zaman-Türkmenistan» atly türk gazeti çykýar. Bu redaksiýada ähli kompýuterler arkaly internet sistemasyna girip, öz isleýän saýtyňa ýetip bolýar. Türk gazetinde internet sistemasy bar, türkmen gazetleriniň redaksiýalarynda welin ýok. Welaýat gazetleriniň redaksiýalarynda-da şeýle. Türkmen radiosydyr türkmen telewideniýesiniň ýaýlymlarynda-da internetden peýdalanmak mümkinçiligi ýok.

Ine, görşüňiz ýaly, Türkmenistanda internetiň ýagysy diňe wirus däl. Bu ýerde wirusdan beterräk zat bar. Bularyň ýanynda wirus dagy hiç zat. Wirusy ýok etmegiň çäresi bar. Internet bilen adamlaryň arasynda durýan iki aýakly wiruslary aradan aýyrmagyň çäresi Türkmenistanda heniz-ä tapylarly däl.

Çoluk Möwlamow Aşgabatly synçy. Blogda öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.