20-nji oktýabrda, düýbi Parižde ýerleşýän “Sehetsiz reportýorlar” guramasy metbugat azatlygy boýunça 2009-njy ýylyň ýörite görkezijisini ýaýratdy. Bu hasabatda Türkmenistan 175 ýurduň arasynda iň ýaramaz 3 ýurduň hataryna girip, 173-nji orny eýeleýär.
“Söz azatlygy öňküsi ýaly şol bir güýç hem erjerllik bilen goralmalydyr”, diýip “Sehetsiz reportýorlar” guramanyň baş sekretary Jan Fransua Julýar, bu beýanatyň ýaýradylmagy bilen bagly eden çykyşynda aýdypdyr.
“Sehetsiz reportýorlar” guramasynyň Ýewropa hem öňki Sowet respubliklary boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Elza Widal söz azatlygy meselesiniň Türkmenistandaky ýagdaý barada Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde şeýle diýdi: “Söz azatlygy barada gürrüň etsek, siz metbugat azatlygy boýunça Türkmenistanyň iň soňky üç ýurduň biridigini görüp bilersiňiz. Bu bolsa Türkmenistanda erkin metbugatyň ýokdugyny aňladýar. Şeýle-de ýurtdaky ýagdaý garaşsyz žurnalist bolmak isleýänler üçin örän höwply bolmagynda galýar.”
Widalyň pikirine görä, Ýewropa ýurtlarynyň hem Ýewropa bileleşiginiň Türkmenistan bilen alyp barýan gepleşikleri hem esasan energiýa meselesine gönükdirilen. “Şonuň üçin nebit we gazyň ýewropalylar üçin elýeterli bolmagy adam hukuklary meselesiniň gozgalmagynyň öňünde böwet bolup durýar. Has takygy howp döredýär”.
“Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň baş sekretary Jan Fransua Julýar Eýranda söz azatlygy bilen bagly meseläniň gitdigiçe beterleşýändigi barada alada bildirip, şu gidişine gitse, bu ýurtda söz azatlygy bilen bagly ýagdaýyň heläkçilikli derejä ýetip, söz, metbugat azatlygy boýunça onuň iň ýaramaz ýurtlaryň üçlügine girýän Türkmenistanyň, Demirgazyk Koreýanyň hem Eritreýanyň ýagdaýyna ýakynlaşjakdygyny çaklady.
“Üýtgeşiklik ýok”
Şwesiýada ýaşaýan ýazyjy, žurnalist Ak Muhammet Welsapar hem Türkmenistanda söz azatlygy bilen bagly ýagadaýyň köp özgermändigini aýdýar. “Türkmenistanda metbugat azatlygy hem söz azatlygy meselesinde ullakan bir üýtgeşiklik ýa öňegidişlik ýok, gynansagam. Elbetde, internet meselesinde duýarlykly özgerişler bar, aýratynam mobil internet aragatnaşygy ösýär”.
Welsaparyň pikirine görä, indi häzir türkmenistanlylar, eger gurby çatsa, ýagdaýy bolsa, komputerem alyp bilýäler, ony kän bir gypynçsyz internete-de çatyp bilýärler, internet hyzmatyndanam peýdalanyp bilýärler. “Ýöne türkmen gazet-žurnallaryna, telewideniýä, radio gezek gelende, ýagdaý şol öňküligine galýar. Henizem şol öwhä-öwlük: Türkmenistanyň prezidentini iň öňdengörüji, iň beýik syýasatçy edip görkezmek, halky ýatdan çykarmak, Türkmenistanda ýaşaýan halkyň problemalary hakynda dymmak – bu zatlaryň hemmesi ýene-de şol Nyýazowyň döwrüne golaýlaşdyrdy Türkmenistanyň metbugatyny. Berdimuhamedow döwlet başyna gelensoň edilen umytlar häzir soňlanyp barýar.”
Onda näme etmeli?
“Metbugat azatlygyna ýol berler ýaly näme etmeli?” diýen sowalymyza ýazyjy A.Welsapar şeýle jogap berdi: “Munuň üçin ilkinji nobatda Türkmenistanda hakyky demokratik “Metbugat kanuny” kabul edilmeli. Şonuň esasynda-da hususy gazet-žurnallaryň, telewizion kanallaryň, radio kanallaryň açylmagyna rugsat berilmeli. Ýagny ýaryş bolmaly.”
A. Welsaparyň pikirine görä, eger-de ýaryş, bäsleşik bolmasa, ähli metbugat serişdeleri döwletiň elinde bolsa, ýagdaý üýtgemez. “Metbugaty prezident ýygy-ýygydan tankyt edýär, ol tankyt dogry, ýöne welin, diňe tankyt edeniň ýeterlik däl. Gazet-žurnallara erkinlik bermeseň, duşalgy aty gamçylan ýaly bolýar, duşalgy aty her näçe gamçylasaň-da, ol çapyp bilmez, bir duran ýerinde aýlanar durar”.
Bu görkeziji boýunça söz azatlygynyň iň erkin ýurltarynyň üçlügine Daniýa, Finlandiýa hem Irlandiýa giripdir.
Öňki Sowet giňişliginden Türkmenistandan soň söz azatlygyna ýol berilmeýän ýurt hökmünde Özbegistan görkezilipdir, ol 160-njy orna düşüpdir, soňra 153-nji ýerde Orsýet, Azerbeýjan – 146-njy orunda, Gazagystan bolsa 175 ýurduň arasynda 142-nji orunda ýerleşdirilipdir.
Latwiýa, Litwa we Estoniýa söz azatlygy boýunça dünýäniň iň ösen 15 ýurdunyň arasyna giripdirler.