21-nji sentýabrda Türkmenistana türkmen-çeh biznes forumyna gatnaşmak üçin Çehiýanyň hökümet delegasiýasynyň barandygyny Türkmenistanyň resmi habar çeşmeleri habar berdiler.
Türkmenistana resmi sapar bilen baran bu delegasiýa çeh parlamentiniň Senatynyň ýolbaşçysy Premysl Sobotkanyň ýolbaşçylyk edipdir.
Jenap Sobotkanyň internet blogunda onuň 22-nji sentýabrda Aşgabatda eden çykyşy çap edildi. Şol çykyşynda jenap Sobotka Türkmenistan bilen Çehiýanyň biri-birinden uzakda ýerleşýändigine garamazdan, bu iki ýurduň arasynda ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýup boljakdygyny aýdýar. Ýagny, uçar arkaly müňlerçe kilometr aralygy birnäçe sagadyň içinde geçip bolýan we internetiň üsti bilen ýakyn aragatnaşyk saklap bolýan döwürde bu mesele bilen bagly kynçylyklary ýeňillik bilen çözüp boljakdygy maglumatda bellenilýär.
Şeýle-de jenap Sobotkanyň bu çykyşynda çeh biznesmenleri bilen Türkmenistana barandygy, öz yurdunyň Türkmenistan bilen diňe söwda ugrunda däl, eýse turizm pudagynda hem hyzmatdaşlyk edip biljekdigi ýazylypdyr. Türkmen metbugatynda bu forum barada berlen maglumatda çeh-türkmen gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýynyň islenilişi ýaly däldigini taraplaryň boýun alandygy aýdylýar.
Çehiýa hem Sosialistik lagerde bolupdy
Daşary ýurtlarda hereket edýän türkmen oppozisiýasynyň liderleriniň biri Nurmuhammet Hanamowyň pikiriçe, Türkmenistan Çehiýanyň tejribesinden köp zatlara öwrenip bilerdi. “Sebäbi Çehiýa hem Türkmenistan ýaly Sowet Soýuzynyň düzümine girmese-de, Sosialistik lagerde bolupdy”.
Bu ýurda Kommunistik rejimiň täsir edendigini hem oppozision lider aýdýar. “Emma muňa garamazdan, Çehiýa bazar ykdysadyýetine geçip, ýurdy halkara standartlaryna gabat getirmek başartdy” diýip, Nurmuhammet Hanamow Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde belledi.
Şol bir wagtda-da Türkmenistan ýaly tebigy baýlyklara eýe bolan, biznes üçin giň mümkinçilikleri açýan ýurduň telekeçilik bilen meşgullanýan iri kompaniýalarda gyzyklanma döredýändiginde geň galarlyk zat ýok. Ýöne “Näme üçin şu çaka çenli dünýaniň dürli künjeklerinde işleýän çeh firmalary Türkmenistana kän barmadylar? Türkmen-çeh gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin nämeler edilmeli?” diýen sowallar ýüze çykýar.
Öň Türkiýede hem Ysraýylda Türkmenistanyň ilçisi bolup işlän Nurmuhammet Hanamow iki ýurduň arasynda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak üçin iki tarapyň hem wiza meselesini ýeňilleşdirmeginiň zerurdygyny belleýär.
“Ýakyn ýurtlar däl”
Bazary öwreniş işlerini geçirýän EPSI barlag merkeziniň ýerine ýetiriji direktory Wladimir Wotapek türkmen-çeh gatnaşyklarynyň perspektiwalary barada biz bilen söhbetdeşliginde şeýle diýdi: “Meniň pikirimçe, Çehiýa Türkmenistan üçin Türkmenistan hem Çehiýa üçin möhüm ýurtlar däl. Biziň söwda dolanyşygymyz gaty az, bu iki ýurduň arasyndaky syýasy gatnaşyklary hem ýakyn diýip, atlandyryp bolmaz”.
Türkmen metbugatynda berlen maglumatda Türkmenistan bilen Çehiýanyň arasyndaky daşary söwda dolanyşygynyň 3 million dollara golaýdygy aýdylýar. Şeýle-de Türkmenistanda Çehiýanyň 10 kompaniýasynyň hasaba alnandygy maglumat berilýär.
Bazary öwreniş işlerini geçirýan EPSI barlag merkeziniň ýerine ýetiriji direktory Wladimir Wotapek Türkmenistanyň baý ýurtdugyna garamazdan, çeh firmalarynyň bu ýurtda işlemegine bowet bolýan kynçylyklaryň bardygyny hem belledi.“Türkmenistan gaty baý ýurt. Ýöne, meniň pikirimçe, bu ýurtda işlemek, mysal üçin, söwda etmek üçin prezidentiň özi ýa-da onuň ýakyn toweregi bilen gatnaşykda bolmaly. Şol sebäpli köp kompaniýalar üçin, şol sanda çeh kompaniýalary üçin-de, şeýle şertlerde işlemek gaty kyn”.
Çehiýanyň hem beýleki ýurtlaryň kompaniýalary Türkmenistana maýa ýatyrar ýaly näme etmeli diýen sowal berenimizde jenap Wotapek diňe Türkmenistanda däl, eýse Merkezi Aziýa regionynyň beýleki dowletlerinde hem ykdysadyýeti liberallaşdyrmagyň zerurdygyny nygtady.