Ukrain tarapy prezident Medwedewiň hatyna reaksiýa bildirdi

Prezident Ýuşenkonyň adminstrasiýasynyň başlygy Wera Ulýançenko Dmitriý Medwedewiň hatynyň agressiw häsiýetde ýazylanlygyny aýtdy.
Ulýançenko “köne imperialistik endikleriniň zamuny” bolan Orsýetiň ýolbaşçylary öz goňşulary bilen diňe “töhmet atmak we haýbat atmak” dilinde gepleşmäge ukyply diýip belledi.

Orsýetiň Daşary Işler ministriniň orunbasary Grigoriý Karasin Ukraina tarapyndan edilen bu beýannama çalt reaksiýa bildirdi. Ol Orsýet tarapyndan iberilen resmi hatda Ukraina bilen gatnaşyklaryň ýaramazlaşýanlygyna aladalanma bildirilenligini aýdyp, Ulýançenkony Medwedewiň hatyny bilkastlaýyn tersin mälim etmekde aýyplady.

Orsýetiň prezidentiniň hatynda Ýuşenkonyň adyna ençeme nägilelikler öňe sürüldi, hususan-da, geçen ýylyň awgust aýynda Kiýewiň Gürjüstany ýarag bilen üpjün edenligi, Ukrainanyň 1930-njy ýyllaryň aýylganç açlygyny ukrain halkyna garşy genotsid atlandyryp, sowet döwrüniň taryhyny özüçe öwürýänligi hatda bellenildi.

Wiktor Ýuşenkonyň hökümetiniň ýurtda ors dilini çäklendirýänligi, şeýle-de Ukrinanyň Sewastopol şäherinde ýerleşýän Orsýetiň Gara deňiz flotuna päsgelçilikler döredýänligi hem sanap geçildi.

“Täze döwür başlanýança ilçi yok”

Gara deňziñ kenaryndaky Soçi residensiýasynda eden wideo çykyşynda Dmitriý Medwedew “täze döwür” başlanýança Kiýewe ilçi ýollamajagyny aýtdy.

“Täze döwrüň başlanmalydygyna ynanýaryn. Emma häzirki ýgdaýda Ukraina öz ilçimizi ibermezlik kararyna geldim. Ol öz işine gijräk başlar. Onuň takyk möhletleri gatnaşyklarymyzyň real depgini hasaba alnyp, kesgitlener. Orsýet bilen Ukrainanyň köptaraply gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä, ýagny strategik ýaranlyk derejesine galjagyna ynanýaryn. Şeýle döwür alysda däl. Ukrainanyň täze ýolbaşçylarynyň muňa taýýar boljagyna ynanýaryn” diýip, Orsýetiň prezidenti aýtdy.

D.Medwedewiň bu çykyşynyñ öň ýanynda Orsýetiň baş prawoslaw ruhanysy Kirilliň hem Ukraina on günlük sapary bolupdy. Orsýetiň baş ruhanysynyň bu wiziti ukrain milletçileriniñ arasynda protest döredip, orsýet häkimiýetiniň Ukrainada synag edilmegi hökmünde kabul edilipdi.

Häzirki wagtda Ukrainanyň syýasatçylary 17-nji ýanwara bellenen prezidentlik saýlawlaryna taýýarlyk görýärler. Köpçüligiň pikiri öwrenilende, W.Ýuşenko 4 % goldaw bildirilýänligi, premýer-ministr Ýuliýa Timoşenkony 10% we Regionlar partiýasynyň başlygy W.Ýanukowiçi bolsa, pikir soralşyga gatnaşanlaryň 20% goldaýanlygy belli boldy.

Köp synçylar D.Medwedewiň başlangyjyna Ukrainadaky saýlawlara öz täsirini ýetirmek synanyşygy hökmünde garaýarlar. Tbiliside ýerleşýän Strategiýa we Ösüş institutynyň başlygy Andro Barnow şeýle pikirde: “Bu Ukrainanyň içerki syýasatyna goşulmak boýunça göni we hakyky synanyşykdyr. Bu, şeýle-de, Orsýetiň agressiw syýasatynyň Ukrainada ýetip gelýän saýlawlaryň netijelerine täsir etmek synanyşygy. Gürjüstana garanda, öz täsirini ýetirmek üçin Ukrainada Orsýetiň has güýçli gurallary bar. Şeýlelikde, Orsýetiň şol ýerdäki syýasatynyň üstünlikli bolup biljegini hasapdan aýyrmaly däl” diýip, Andro Barnow aýtdy.

Tbiliside ýerleşýän Strategiýa we Ösüş institutynyň başlygynyñ aýdan pikirleri Ýewropa Parlamentiniň polşaly agzasy Marek Siwieç tarapyndan hem gaýtalandy.

Leonid Krawçuk ylalaşmaýar

Öz nobatynda Ukrainanyň ozalky prezidenti Leonid Krawçuk şeýle pikirler bilen ylalaşmaýar. Ol Ukrainanyň indiki prezidentini Kreml däl-de, ýurduň saýlawçylary saýlar diýip, hasap edýär.

Orsýetli syýasaty öwreniji Dmitriý Oreşkin D.Medwedewiň Ukrain ýolbaşçylarynyň adyna ýollan haty ilkinji nobatda Orsýetiň öz halkyna niýetlenen diýip, pikir edýär.

Onuň sözlerine görä, Demirgazyk Kawkazdaky zorluklar, ykdysady krizis sebäpli ykdysady kynçylyklardan nägilelikleriň güýçlenmegi we işsizligiň artmagy ýagdaýyň “kontroldan çykýanlygyny” aňladýar. Şeýle ýagdaýda Orsýet ýolbaşçylary ilat arasynda haýsydyr bir daşky duşmanlar hakda pikir döredip, içerki goldawa eýe bolmak usulyny ulanmakçy bolýarlar diýip, D.Oreşkin belledi.