Tähranda geçen aý prezidentlik saýlawlarynyň netijelerine protest bildirilip geçirilen ýörişlerde öldürilen adamlaryň ýasyny tutmak maksady bilen düýnki gurnalan köpçülikleýin ýas üýşmeleňini Eýranyň howpsuzlyk güýçleri güýç ulanyp, dargatdylar.
Tährandaky «Beheşt Zahra» atly mazarystanlygyň ýanynda gurnalmaga synanyşylan bu ýas üýşmeleňiniň dargadylmagynyň yzy bilen, ýasa gelenler şäheriň köçelerine çykdylar. Habar agentlikleri bu wakalaryň barşynda protestçileri dargatmak üçin howpsuzlyk guýçleriniň göz ýaşardyjy gazy we dubinkalary ulanandyklaryny hem-de ýas protestine gatnaşyjylaryň ençemesini tussag edendiklerini habar berdiler.
Polisiýanyň güýç ulanmagyndan gorkmaýarlar
Düýnki ýörişe gatnaşan protestçilerden biri pars dilindäki Farda radiosyna beren interwýusynda Eýranyň ilatynyň indi polisiýanyň güýç ulanmagyndan gorkmaýandygyny aýtdy: «Polisiýa işgerleri bir gyzy uranlarynda, adamlar ol polisleriň yzyndan ylgadylar. Şonda polisiýa işgärlerinden ikisi ýere ýykyldy. Muňa-da adamlar el çarpyşdylar. Ol tomaşany gözüň bilen görmek gerek. Men bu soňky protestleriň barşynda ilkinji gezek adamlaryň polis işgärlerine hüjüm edýändiklerini we polisiýa işgerleriniňem olardan gaçýandyklaryny görýärin».
Eýranyň häkimiýetleri iýul aýynyň 12-de geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň yzy bilen ýüze çykan protest çykyşlarynyň dowamynda 30 adamyň öldürilendigini tassyklaýarlar. Ýöne käbir synçylar ölenleriň hakyky sanynyň resmi görkezilen sandan has köpdügini öňe sürýärler.
Düýnki ýas üýşmeleňinde polis güýçleri adamlaryň ýörişlerde gurban bolanlaryň guburlarynyň töwereklerine ýygnanmaklarynyň öňüni almak üçin güýçli gözegçilik alyp bardylar. Ýöne üýşmeleňleri dargadylan adamlardan köpüsi soňra Tähranyň köçelerine çykyp, «Bitaraplyk, Azatlyk, Yslam respublikasy» diýen ýaly şygarlar bilen ýöriş geçirdiler. Protestçilerden käbirleri ýurduň baş ruhy lideri Aýatolla Hameneýini we onuň ogluny ýazgaryjy şygarlary gygyryşdylar.
ABŞ Eýran halkynyň tarapynda
Düýn Waşingtonda geçirilen metbugat konferensiýasynda Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň metbugat sekretary Ýan Kelli Eýranyň raýatlarynyň öz pikirlerini aýtmak we parahatçylykly demonstrasiýa geçirmek hukuklaryny ulanmaga çalyşýandyklaryny belledi we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Eýranyň halkynyň tarapynda durýandygyny aýtdy: «Meniň pikrimçe, mazarystandaky üýşmeleňleri, ýagny Yslam dininiň möhüm däbine eýerip, ölenleriň 40-ny bellemek üçin öz hukuklaryndan peýdalanmaga synanyşan adamlaryň toparyny dargatmak üçin howpsuzlyk güýçleriniň güýç ulanmaklary aýratyn alada döredýän ýagdaý».
Düýn Tährandaky protestlere meňzeş protestleriň ýurduň Yspyhan, Şiraz, Raşt we Ahwaz şeherlerinde-de bolandygy habar berildi.
Bu wakalaryň fonunda bolsa, ýakynda Eýranyň häkimiýetleri prezidentlik saýlawlarynyň yzy bilen geçirilen ýörişlerde tussag edilenlerden 20-ne şu geljek şenbe güni sud ediljekdigini habar berdiler. Bu gürrüňi edilýän adamlara ýurduň häkimiýetleri partlaýyjy maddalary götermek ýaly has agyr jenaýatlarda hem aýyplama bildirýärler. Soňky günler demonstrasiýalarda tussag edilenlerden kebirleriniň azatlyga goýberilendiklerine garamazdan, olardan köpüsi henizem tussaghanalarda saklanylýar. Olaryň tussaglykdaky ykbaly bolsa, uly aladalary doredýär.