Rafsanjany saýlaw netijeleri boýunça oppozisiýanyň ‘şübhelerini’ mälim etdi

Eýranyň ozalky prezidenti Ali Akbar Haşemi Rafsanjany Juma namazy wagtynda hutba okaýar, 17-nji iýul, 2009 ý.

Eýranyň ozalky prezidenti Ali Akbar Haşemi Rafsanjany geçen Juma namazynyň hutbasyny okady, şonda abanýan howplardan Yslamy hökümeti gorap sakalamak üçin adamlary asudalyga çagyrdy.
Juma namazyna oppozisýa tarapdary müňlerçe adam gatnaşdy. Howpsuzlyk güýçleri bolsa ýagdaýa berek gözegçilik etdi. Juma namazyndan birnäçe gün öň, öz çykyşynda Rafsanjanynyň radikal meseläni gozgajakdygy çak edilipdi.

Rafsanjany öz çykyşynda, ýurt 12-nji iýundan bäri krizisli ýagdaýa duçar bolup gelýär diýip belledi. “Häzir iki topar bar, birisi ýeniş gazananlar, olar öz etjek işlerini edip ýörler. Beýleki topar bolsa köpçülikde duranlar hem-de ýurduň düşünjeli adamlary. Bu topar saýlawyň netijesine şüphe bildirýär.”

Şeýle hem Rafsanjany, ikinji toparyň şüpbelerini aýyrmak üçin bir iş etmelidigini, saýlawlarladan soňra örän ajy ýagdaý emele gelendigini aýtdy.

“Halkyň ynamyny gazanmagy başarmadylar”

Ekspertler assembelýasynyň - Hobregan mejlisiniň başlygy Rafsanjany, ýurtda höküm sürýän häzirki ýagdaý Eýranyň ýadro meseleleri boýunça gepleşiklerini güýçsüzlendirip biler diýdi. Şeýle hem ol, saýlawlaryň netijesini dogry kesgitläp bilmändikleri üçin esasy kanuny goramak boýunça Gwardiýa Geňeşini - Şuraý Nigahbany- tankyt etdi. “Gynansakda ýokary derejeli dini lideriň bu geňeşe goşmaça 5 gün bermeginden olar gowy peýdalanyp bilemdiler we halkyň ynamyny gazanmagy başarmadylar.”

“Halkyň saýlawy her zatdan üstün bolmaly. Adamlar ses berýärler, ýöne olaryň sesleri hasaba alynmaýar. Bu Yslam respublikasynda bolmaly däl” diýip, Rafsanjany sözüniň üstüni ýetirdi.

Rafsanjany krizisiň çözülmegi üçin birnäçe teklip hem hödürledi. Ýurduň saýlaw sistemasy üýtgedilmeli we saýlaw çäreleri döwründe dalaşgärlere deň we erkin atmosfera döredilmeli diýip, Rafsanjany öz garaýşyny beýan etdi.

Juma hutbasynda Rafsanjany tussag edilenleriň erkinlige goýberilmegine hem çagyryş etdi. “Şu günüň şertlerine görä adamlaryň türmelerde saklanmagyna zerurlyk ýok. Goý olar öz hossarlaryna gowuşsynlar.”

Namaza gelen adamlar hem, batly ses bilen “syýasy bendiler azat edilmeli” diýip bu baradaky talaplaryny beýan etdiler.

Tähranly syýasy aktiwist Saed Reza Razawi Faghih, “Aşa konserwatorlar Rafsanjanynyň çykyşyndan gaty gazaplandylar. Olar metbugatdan ýa-da Mejlisiň tribunasyndan Rafsanjana hüjüm edip başlarlar» diýip, Rafsanjanynyň çykyşy barada Azatlyk Radiosynyň pars gullugy bilen söhbetdeşliginde aýtdy.

Şaýatlaryň aýtmaklaryna görä, howpsuzlyk güýçleri oppozisýanyň tarapdarlaryna garşy ähli çärelerden peýdalanypdyr.