13-nji iýulda Ankarada Ýewropa Birleşiginiň dört agzasy we Türkiýe taryhy ylalaşyga gol çekip, NABUCCO gaz geçirijisiniň durmuşa geçirilmegine ýol açdylar.
Uzynlygy 3,300 kilometrlik bu gaz geçiriji Türkiýäniň gündogar böleginden Awstriýanyň paýtagty Wena çenli çekiler. Gaz geçirijisiniň gurluşygy bilen, Ýewropa Orsýetiň gazyna garaşly bolman, Hazar regionynyň, Yragyň we Ýakyn Gündogaryň gazyny akdyrmagy göz öňünde tutýar.
Häzirki wagtda Orsýet Ýewropa Birleşiginiň esasy we iň ynjyk gaz çeşmesi bolup durýar. Ýewropa Birleşiginiň resmileri, NABUCCO proýektiniň Moskwa bilen bäsdeş däldigini aýdýan hem bolsalar, olar Gazpromyň Ukraina bilen gaz çekeleşikleriniň Orsýetiň abraýyna kölege salanlygyny we alternatiw gaz çeşmelerini gözläp tapmagyň Ýewropa Birleşigi üçin esasy mesele bolup durýanlygyny ýaşyrmaýarlar.
Möhüm ädim we täsirler
NABUCCO proýekti bounça ylalaşyga Türkiýe, Bolgariýa, Rumyniýa, Wengriýa we Awstriýa tarapyndan gol çekilenden soň, Ýewropa Birleşigi öz energiýa üpjünçiligini köpugurly özgertmeklige tarap ägirt uly we simwoliki ädim ätdi.
Ylalaşyga gol çekilende Wengriýanyň premýer ministri Gordon Bajnainiň aýtmagyna görä, NABUCCO Ýewropa Birleşiginiň 27 agzasyna öz täsirini ýetirer. “NABUCCO proýektiniň netijeleri diňe turbanyň gurluşygy we onuň gaz bilen doldurylmagy bilen çäklenmeýär. Ol ähli raýatlarymyz üçin has uly we ykdysady, sosial hem syýasy taýdan pozitiw täsir ýetirer” diýip, Wengriýanyň premýer- ministri aýtdy.
NABUCCO gaz geçirijisiniň 2014-nji ýylda işe grizilmegine garaşylýar. Ol 2020-nji ýyla çenli doly gurulyp gutaransoň ýylda 31 milliard kub metr gaz akdyrmaga ukyply bolar. Bu bolsa Ýewropa Birleşiginiň gaza bolan talabynyň 5-10% üpjün eder.
NABUCCO boýunça ylalaşyga gol çekilmeginiň Ankaradaky dabarasyna gatnaşan Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Hose Manuel Barosso, uzak wagt bäri yza tesdirilip gelnen NABUCCO proýektiniň Ýewropanyň we Türkiýäniň energiýa howpsuzlygyna örän uly ähmiýetiniň bardygyny nygtap, proýektiň netijeli boljakdygyna ynam baglady.
Orsýetiň daşyndan aýlanyş
Ýewropa Birleşiginiň iň uly gaz çeşmesi bolan Orsýetiň daşyndan geçýän NABUCCO proýektiniň syýasy taraplary hem bar. Soňky ýyllarda Orsýetiň ynamdar gaz söwdegäri hökmündäki abraýy gowşapdy. Ýewropa Birleşiginiň täze agza ýurtlarynyň köpüsi hem Moskwanyň maksatlaryna şübheli garaýarlar.
10-nji iýulda Azat Ýewropa/Azatlyk radiosy bilen söhbetdeş bolan Ýewropa Komissiýasynyň Energiýa meseleler boýunça wekili Ferran Teradelasyň aýtmagyna görä, Ýewropa Birleşiginiň öz energiýa üpjünçiliginiň ugurlaryny artdyrmak tagallalary bileleşigiň Orsýetden ýüz öwürýänligini aňlatmaýar.
Öz nobatynda Orsýetiň ýokary derejeli resmileri, Ýewropa Birleşiginiň Moskwadan energiýa garaşlylygyny azaltmak tagallary, orslara duşmançylyk duýgularyny tutaşdyrýar diýen pikirleri öňe sürüpdi.
NABUCCO proýektiniň Ýewropa Birleşiginiň ähli döwletleri üçin bähbitli boljakdygyny Ýewropanyň ýokary derejeli resmileri nygtaýarlar. Ýewropa Komissiýasynyň energiýa meseleler boýunça wekili Ferran Teradelasyň sözlerine görä, uzakmöhletleýin geljekde Günorta Kawkaz regiony esasan hem Azerbeýjan we Gürjüstan NABUCCO proýektinde gaz bilen üpjün etmek we tranzit ugurlary boýunça esasy rol oýnarlar.
Ferran Teradelas NABUCCO proýektini gaz bilen üpjün etmekde Türkmenistanyň hem oýnap biljek rolunyň ähmiýetini belledi. “Türkmenistanyň tassyklanan uly gaz zapaslary bar. Şeýlelikde onuň Günorta Korridor proýektinde esasy rol oýnajak indiki ýurt bolmagy ähtimal. Biz şeýle hem gaz bilen üpjün ediji ýurt bolup biljek Gazagystan we Özbegistan bilen hem aragatnaşykda” diýip, Ýewropa Komissiýasynyň energiýa meseleler boýunça wekili Ferran Teradelas aýtdy.