Ýewropa Birleşigi has agyr Russiýa-Ukraina gaz krizisine taýýarlanýar

ÝB-däki resmiler we syýasatçylar Kiýewe bolan goldawyň azalýandygyny aýdýarlar.

ÝB özüniň Ukraina bilen bolan gatnaşyklary babatda sabyr käsesiniň dolýandygyny syzdyrdy.
Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Hose Manuel Barosso Moskwa bilen Ukrainanyň arasyndaky ylalaşygy çözmek üçin herekete geçip, Ukraina möhleti 7-nji iýulda dolan indiki tölegini tölemek üçin halkara karz kömegini gözleýändigini aýdypdy.

Emma Barosso ÝB-niň özüniň puly bilen kömek edip bilmejekdigini anyk aýdyp, indiki gyşda gazyň gytçylygynyň ýüze çykyp biljekdigini duýdurdy.
"Elbetde biz gowy çözgüdi gözleýäris, emme biz ýüze çykyp biljek iň agyr ýagdaý üçin hem taýýarlanýarys."

Geçen Ýanwar aýynda ÝB-niň 27 agzasyndan köpüsinde, Russiýanyň Ukraina bilen gazyň bahasy boýunça dawasynyň netijesinde gaz akyşynyň kesilmegi bilen gaz ýetmezçiligi ýüze çykdy. Orsýet ÝB-niň iň uly daşarky gaz üpjünçisi bolmak bilen gaz eksportunyň 80 % -ini ÝB-ne Ukrainanyň üstünden amala aşyrýar.

"Kiýewe bolan goldaw azalýar"


Şu wagtky goldawa garamazdan,ÝB-däki resmiler we syýasatçylar Kiýewe bolan goldawyň azalýandygyny aýdýarlar. ÝB rus gazynyň Ukrainanyň ylalaşygy esasynda bu ýurduň territoriýasyndan geçiriljekdigine kepillik soraýar.

ÝB-niň agza ýurtlary Wiktor Ýuşenko bilen Ýuliýa Timoşenkonyň arasyndaky dowam edip gelýän syýasy göreşden hem närazydyklaryny bildirýärler. Şeýle hem ýurduň açyk aýdyň bolmadyk gaz sektorynda adalatsyz oýunlaryň bar bolmagyndan şübhe edilýär.

6-njy iýulda Barosso Orsýet bilen Ukrainanyň arasyndaky ýene-de bir gaz urşynyň öňüni almak üçin ‘elinden gelenini edýändigi’ belledi. Ol iki ýurduň liderleri bilen hemişe aragatnaşykdadygyny hem-de geçen hepde Timoşenko we Orsýetiň hökümet ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen gepleşik geçirendigini aýtdy.

Maý aýynda Putin Ukrainany maliýe taýdan halas etmek üçin iki tarapyň kredit bermegini teklip edip Barossa hat ýazypdy. Emma Barosso ÝB-niň muny edip bilmejekdigini bildirdi. “Men olara biziň umumy býudžetimizde Ukrainanyň ykdysadyýetine göniden-göni kömek etmek üçin mümkinçiligiň ýokdugyny aýtdym. Muňa garamazdan biz bu meseläniň üstünde işleýäris we men umytly garaýaryn” diýip Ýewrokomissiýanyň prezidenti Barosso aýtdy. “Emma maliýeleşdirmek boýunça garantiýa bermek biziň borjumyz däl. Ýone men şu günki tölegiň amala aşmagy üçin gerekli serişdeleriň tapyljakdygyna ynanýaryn.”

Uzak möhletleýin çözgüt

Ýewrkomissiýanyň prezidenti özüniň Halkara Walýuta Fondy, Ýewropanyň Ösüş we Dikeldiş Banky we beýleki maliýe institutlary bilen gepleşik geçirendigini mälim etdi. Ol hemmeleriň arasynda Ukraina kömek etmek üçin gyzyklanmanyň bardygyny, emma şol gün öýläne çenli heniz ylalaşyga barylmandygyny aýtdy.

6-njy iýulda Barosso, ÝB-niň bu mesele üçin uzak möhletleýin çözgüdi gözleýändigini belledi. Şu meseläniň çözgüdinde ÝB-niň Ukrainanyň mümkinçiligine kän bir bil baglamaýandygy görünýär.

Munuň ýerine Ýewropa Komissiýasy, Ýewropa Birleşiginiň ýerine ýetiriji organy bolmak bilen, agza ýurtlara özleriniň gaz ammarlaryny doly derejede ulanmagy maslahat berýär.

Şeýle etmekleri, ÝB-niň gaz üpjünçiligindäki bökdençliklere taýýarlanmakdan başga-da, ykdysady taýdan hem amatly bolup durýar. Sebäbi gazyň bahasy geçen ýylky müň kubmetr üçin 450$-dan şu wagtky 250$-a peseldi.

Şeýle hem ÝB rus gazyna we onuň ynamsyz tranzit ýollaryna alternatiwa gözleýär. ÝB Hazar deňziniň gaz rezerwlerini göni almak planlaryna bil baglaýar. Muňa bolsa, indiki Duşenbe güni Türkiýede Nabukko şertnamasyna gol çekmek barada şu hepde ýola goýlan ylalaşyk badalga berdi.