Eýranda aşa konserwatorlaryň döreýşi

Aýatolla Mesbah Ýezdi prezidentlik saýlawlardan soňra Ahmadinejady kabul etdi.

Eýran Yslam Respublikasynda biri-birine ters gelýän mesele, Ýslam bilen Respublikanyň bir ýerde durmagy hasaplanýar.
Bu ýöne ýerden bolmandy. Rewolusiýanyň düýbini tutan Aýatolla Homeýni munuň şeýle atlandyrylmagyny öňe sürüpdi. Ýöne düzülen konistitusiýada Günbatardan alnan dünýewi idealar, şol sanda hökümet baştutanynyň we parlament deputatlarynyň saýlaw esasynda bellenmegi, häkimiýetiň 3 şahasynyň biri-birinden erkin herket etmegi we kanunçylygyň rol almagy ýaly maddalar ornaşdyryldy.

Yslamy hökümet esaslandyrlany bäri, dindarlar bilen demokratiýa tarapdarlarynyň arasynda göreş dowam edip gelýär. Geçen 10 ýylyň dowamynda bu toparyň tarapdarlarynyň arasyndaky göreş esasynda iki gezek uly möçberde köçe ýörişi geçirildi. 1-njisi 1999-njy ýyldaky studentleriň yörişi, 2-njisi bolsa 12-nji iýundaky saýlawlardan soňra häzirki protestler. Her iki demonstratsiýada hem, adamlar respublikan düzgünleriň dabaralanmagyny talap etdiler, iki hereketi hem berk we ylalaşyksyz doktrinanyň tarapdarlary basyp ýatyrdylar.

Täsirli ruhany Aýatolla Mesbah Ýezdi

Şeýle ýagdaý dini toparlaryň we ruhanylaryň arasynda bölünşige sebäp bolýar. Mysal üçin, Aýatolla Mesbah Ýezdi prezidentlik saýlawlardan soňra Ahmadinejady kabul etdi. Şonda Ahmadinejad, “Men ýönekeý bir Eýranly musulman hökmünde, ýurtda dini düzgünleriň barha möwç alýandygyndan köp peýdalanandygymy beýan edip, minnetdarlygymy bildiresim gelýär” diýip aýtdy. “Häzirki ýagdaýda hereket edip, ýol görkezeniňiz üçin size we ähli mollarlarymyza minnetdarlygymy bildirýärin.”

1934-nji ýylda doglan Mesbah Ýezdi, 20 ýaşynda Aýatollalyk derejesine ýetdi. Ol özüniň soňky çykyşlarynda dini däp-düzgünlerie dura-bara hormatyň gaçyp barýandygyndan nägileligini dile getirdi. “Ymam Homeýni aradan çykandan soňra käbir ýerlerde Yslama hormatlar azalyp ugrady. Bu mesele dine ynanýarlaryň we şehitleriň maşlalasynyň ynjamagyna sebäp boldy. Indi siziň tagallaňyz bilen şol gadyr-gymmatlyklar gaýtadan köpelşip ugrasyn. Ýaşlaryň umydy size bagly” diýip, Ýezdi Ahmedinejad bilen duşuşugynda nygtapdyr.

Angliýanyň Durham uniwersitetiniň halkara sýyasat boýunça professory Anowşirwan Ehtesami, “Adamlaryň saýlawlara gatnaşmagy meselesinde hökümet gelejekde gowy bir strategiýa taýýarlamaly bolar. Sebäbi ses bermäge gatnaşanlar, geljekde bolmagy ahmal galplara göz ýumup durmaz” diýip ýagdaýa baha berýär.