Şenbe güni Tähranda geçirilen protestlerde atylan bir ýaş zenanyň jan berişiniň wideo ýazgylary dünýäniň ähli ýerinde görüldi we bu ýagdaý Nedany Eýrandaky aýaga galyşlygyň simwolyna öwürdi. Bu tragiki sýužet, Eýranda jedelli prezidentlik saýlawlary boýunça geçirilýän protestlerdäki zenanlaryň möhüm ornuny ýatlatdy.
Neda, Eýranda üýtgeşiklik üçin edilýän hereketleriň simwoly boldy.
Eýranda we dünýäniň dürli künjegindäki adamlar kameranyň öňündäki göz-görtele ölümi görüp, muny hemişelik aňlaryna ýerleşdirdiler. Kabir adamlar 20-nji iýuny, Nedanyň ömür tanapynyň üzülmegine getiren, protestçileriň zorluk bilen ýatyrylmagy hökmünde atlandyrýarlar, bu bolsa şol güniň “Nedanyň güni” diýlip atlandyrylmagyna getirer diýlip aýdylýar.Habarlara görä, Neda Ýekşenbe güni Tähranyň Beheşt Zahra öwülýäsinde jaýlanypdyr. Tassyklanmadyk habarlarda, onuň ölümine ýas tutmak üçin paýtagtdaky bir metjitde boljak üýşmeleňe häkimiýetleriň gadaganlyk getirendigi aýdylýar.
Neda üýtgeşiklige bolan islegi üçin öz janyny gurban etdi. Ol, 12-nji iýundaky prezidentlik saýlawlarynyň netijesini protest etmek üçin Tähranda we beýleki şäherlerde köçä çykan müňlerçe zenanyň biri. Olar şol saýlawda uly hiläniň bolandygyna ynanýarlar.
Zenanlar işjeň gatnaşdylar
Hilegärlige garşy köpçülikleýin protest etmäge ilkinji çagyryş edenleriň arasynda, öňki prezident Akbar Haşemi Rafsanjaniniň aýaly hem bardy. Onuň çagyryşy wideo ýazga geçirilip, geçen hepdäniň başynda ýaýradyldy. Onuň haýsydyr bir proteste gatnaşandygy barada anyk maglumat ýok, emma onuň gyzy Faezeh Haşemi gatnaşdy we şeýle hereketi üçin gysga wagtlyk tussag edildi.
Geçen hepdäniň dowamynda Tähranda parahatçylykly ýagdaýda geçirilen demonstrasiýalara gatnaşan ýüz müňlerçe eýranlylaryň arasnynda esasan hem zenanlar köp göründi. Olar “Meniň sesim nirede?” diýlip ýazylan şygarlary görkezdiler.
42 ýaşly öý hojalykçysy Ýasaman hem şolaryň biri. Ol indi öýde oturyp, haçan tussag edilerkäm diýip garaşyp oturandygyny Azatlyk radiosyna aýtdy. Olar her kim üçin bir birden gelýärler diýip Ýasaman aýdýar. Şeýle hem ol gülüp, özüniň gorkmaýandygyny belleýär.
Ýasaman we beýleki ençeme eýranly zenanlar Mir Huseýn Musawi hem-de reformaçy Mehdi Kerrubi üçin ses berdiler. Sebäbi olar üýtgeşiklik üçin umyt edýärdiler. Prezidentlige kandidatlaryň ikisi hem saýlaw çärelerinde aýal-maşgalalaryň meselesini gozgady we ikisi hem eýranly zenanlara has köp hak-hukuk barada wada berdi.
Zenanlar we hak-hukuklary
Ençeme zenanlaryň Azatlyk radiosyna aýtmagyna görä, olar 12-nji iýundaky saýlawlarda diňe Ahmedinejada “ýok” diýmek üçin ses beripdirler. Olar Ahmedinejady aýallara we azatlyga garşy diýip hasaplaýarlar.
Tähranda ýaşaýan zenan hukuklary aktiwisti Nasrin Sotudeh, Ahmedinejadyň saýlanmagyna zenanlaryň garşy çykmagy üçin ençeme gowy sebäpler bar diýip Azatlyk radiosyna aýtdy. “Soňky dört ýylyň dowamynda diňe bir aýallaryň ýygnanyşmagyna hüjüm edilmedi. Eýsem ençeme zenanlar häkimiýetler
Eýranly zenanlar sessiz gezýän we özlerini erkek adamlardan pesde tutýan zenanlardan däl.
Eýranyň Pan-Eýrançy partiýasynyň lideri Zahra Golamipur, Eýrandaky zenanlar kemsitmelere garamazdan jemgyýetde işjeň orny eýeläp geldiler diýip Azatlyk radiosyna aýtdy. “Eýranly zenanlar, gynansak hem rewolusiýadan soň hukuklary kemsidilen hem bolsa, sessiz gezýän we özlerini erkek adamlardan pesde tutýan zenanlardan däl. Bugün biz, hak-hukuklar boýunça protestlerde zenanlaryň öňdäki hatarlardadyklaryny görýäris.”
Geçen hepde geçirilen protestleriň käbirine gatnaşan Golamipur, käbir ýöreýişleriň dowamynda zenanlaryň sanynyň erkek adamlaryň sanyndan geçendigini aýdýar.
Häzirki krizis nähili tamamlansa-da, Golamipur bilen Sotudeh, Eýranyň uniwersitetlerinde okaýan studentleriň 65 prosentini eýeleýän zenanlaryň has köp hak-hukuklaryny talap etmegi dowam etdirjekdiklerine ynanýar.