Şu ýylyň 30-njy aprelinden 11-nji maýy aralygynda, Halkara Walýuta Fondunyň delegasiýasy, Türkmenistanda bolup, ýurdyň Merkezi Banky bilen iki sany iş seminaryny geçirdi. Şol seminarlardan soň, Halkara Walýuta Fondunyň delegasiýasyna ýolbaşçylyk eden hanym Waleriýa Fikera ýörite beýanat ýaýratdy.
Fonduň ýaýradan beýanatynda, ýakynda Turkmenistanda amala aşyrylan maliýe reformalary we ýurduň alyp barýan makro-ykdysady syýasatynyň netijesinde, Türkmenistana global ykdysady krizisinden özini goramak başardandygy aýdylýar.
Şeýle-de, Halkara Walýuta Fondunyň beýanatynda, Türkmenistanyň soňky 12 ayýň dowamynda geçiren ykdysady reformalarynyň netijesinde gazanan öňegidişliklerine gowy baha berilýär. Aýratyn-da, täze walýuta režiminiň dolandyryş sistemasynyň girizilmegi, manadyň denomenasiýasynyň geçirilmegi, ýurtda durnuklaşdyryş fondunyň döredilmegi hem-de bank sistemasynyň berkidilmegi ugurunda geçirilen reformalaryň gowy netije berendigi bellenilýär. Şeýle netijeleriň gazanylmagy bolsa, öz nobatynda Turkmenistanyň ykdysadyýetiniň we maliýe pudagynyň ösuşi hem-de Turkmenistanyň dünýä ykdysadyýetine uýgunlaşmagy ugurynda edilen möhum ädim bolandygy, Halkara Walýuta Fondunyň beýanantynda aýdylýar.
Walýuta ‘gara bazary’ ýok
Geçen ýylyň iýul aýynda, Türkmenistanyň ykdysadyýeti barada Halkara Walýuta Fondunyň ýaýradan hasabatynda, Türkmenistanyň ykdysadyýetinde edilýan işler barada käbir bellikler hem aýdylýardy. Ýagny, Türkmenistanda beýleki walýutalara bolan manadyň bir umumy kursynyň girizilmeginiň, ýurdy bazar ykdysadyýetiniň düzgünlerine ýakynlaşdyrandygy aýdylypdy.
Bu prossesiň, Türkmenistanyň bank sistemasynyň ösüşine-de oňyn täsir edendigi, mundan öň tölegleriň nagt pul bilen amala aşyrylmagy, ýoýulan walýuta bazarynyň Türkmenistanda hereket etmeginiň, bank ulgamynyň işine päsgel döredendigi, geçen ýyl Halkara Walýuta Fondy tarapyndan ýaýradylan şol maglumatda aýdylypdy.
Şeýle-de bu maglumata görä, geçen ýylyň iýun ayýnda türkmen häkimiýetleri tarapynda taze kanunlar kabul edilip, Türkmenistanyň merkezi bankyna, daşary ýurt walýutasyny edinmegiň ýollary ýeňilleşdirilipdir.
Munda başga, Türkmenistanyň döwlet býudžetiniň reformalarynyň, Ýewropa Birleşiginiň ýardamy bilen geçirilip başlanandygy barada maglumat berilýär. Şol bir wagytyň özunde, reformalaryň geçirilmegini üpjün etmek üçin, häzirki döwürde walýutanyň kursynyň durnukly saklanmagynyň zerurdygy hem öňe sürülýär.
Hytaýyň tejribesi subut edýär
Gazagystanly ykdysadyýetçi Piter Swoik hem, milli walýutanyň beýleki walýutalara bolan kursynyň durnukly saklanmagynyň dogry çäredigini aýdýar. Onuň pikirine görä, Hytaýda alynyp barylýan şeýle syýasatyň netije berýandigi tejribeleren belli boldy. Ýagny, Hytaýyň ýagdaýynda dollara bagly bolan milli walýutanyň kursy uzak wagtyň dowamynda bir derejede saklanyp gelýär. “Türkmenistanyň şeýle durnukly kursy nädip saklaýandygyny bilmeýärin, emma ýurduň ykdysadyýetini dürli sarsgynlara sezewar etmän, durnuklylygy saklamagyň iň dogry ýoldugyny aýdasym gelyär.”- diyip ykdysadyýetçi belledi.
Şol bir wagtyň özünde ykdysadyýetçi Swoik, ýurduň töleg balansyna köp üns bermelidigini, ýagny eksportdan gelýän girdeýji ýurda gelýärmi, importa sarp edilýän serişdeler nä derejede ýerlikli ulanylýar diýlen meseleleriň, hökümetiň gözegçiligi astynda bolmalydygyny aýdyp, Gazagystanda bu meselä köp uns berilmeýändigini nygtady.
Elden giden pursatlar
Ýakynda, Ýewropada Ösüş we Dikeldiş banky hem, Türkmenistanyň ykdysady ösüşine gowy baha berip, beýanat ýaýradypdy.
Bu bankyň wekili Haýk Harmgard radiomyza beren interwýusynda, global krizisiň ýaramaz täsirinden Türkmenistana goranyp saklanmagyň başardandygyny, muňa türkmen ykdysadyýetiniň dünyäniň malýie bazarlaryna köp utgaşmandygynyň, şeýle hem ýurda energiýa baýlyklaryndan gelýän girdeýjileriň köp bolmagynyň oňyn tasir edendigini belledi.
Emma Bütindünýä Bankynyň resmisi Robert Talýersio, global ykdysadyýete integrasiýa edilmändigi sebäpli, türkmen ykdysadyýetiniň nähili pursatlary elden gidirendigi barada hem oýlanmalydygyny, Azatlyk radiosyna beren interwýusynda aýdypdy.