Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenskiý: ýaraşyk şertnamasyny goldamak üçin 200 müň adamlyk parahatçylyk güýçleri gerek


Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý 22-nji ýanwarda Dawosdaky Ukrain öýüne gelýär.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý 22-nji ýanwarda Dawosdaky Ukrain öýüne gelýär.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp Ukrainada parahatçylyk şertnamasy baradaky çagyryşlaryny güýçlendirýärkä, ukrain prezidenti Wolodyrmyr Zelenskiý Ýewropanyň 200 müň adamlyk güýçli parahatçylygy goraýyş güýçleriniň gerekdigi baradaky pikirini öňe sürdi.

Şol bir wagtda, ol şunuň ýaly işde üstünlik gazanmak üçin ABŞ-nyň ýolbaşçylygynyň möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny hem belledi.

22-nji ýanwarda geçirilen panel maslahatynda Zelenskiýden Russiýa bilen geljekde ok atyşygy bes etmek baradaky şertnamany üpjün etmek üçin zerur bolan parahatçylygy goraýjy güýçleriň göwrümi barada soralanda:

“Ýewropalylaryň hemmesindenmi? 200 müň sany, bu iň pes [san]. Bu minimal, ýogsam bu hiç zat däl” diýip, jogap berdi.

Şweýsariýanyň Dawos şäherinde geçirilen Bütindünýä ykdysady forumynda (BYF) çykyş eden Zelenskiý, şeýle kontingentiň, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen ok atyşygy bes etmek baradaky gepleşikler başlan halatynda, Kiýewe zerur boljak umumy howpsuzlyk kepillikleriniň diňe bir bölegi boljakdygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG