Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl Günorta Liwanda “agyr söweşleriň” barýandygyny aýdýar


Ysraýylyň agyr harby tehnikasy we tanktlary ýurduň demirgazygynda, Ysraýyl-Liwan serhediniň golaýynda. 1-nji oktýabr
Ysraýylyň agyr harby tehnikasy we tanktlary ýurduň demirgazygynda, Ysraýyl-Liwan serhediniň golaýynda. 1-nji oktýabr

1-nji oktýabrda ir bilen Ysraýyl Liwanyň günortasynda köp ýerlere gözegçilik edýän Hezbollah jeňçi toparyna garşy gury ýer operasiýasyna başlandygyny yglan etdi. Bu Waşingtonyň Ýakyn Gündogar sebitinde giň gerimli konflikte ýol açyp biljekdigi baradaky howatyrlary sebäpli, muňa garşy çykmagyna hem garamazdan amal edildi.

“Liwanyň günortasynda agyr söweşler gidýär” diýip, Ysraýylyň harbylarynyň metbugat wekili Awiçaý Adraee Telegramda arapça ýazgy galdyrdy. “Siziň öz şahsy howpsuzlygyňyz üçin, Liwanyň günortasyndaky Litani derýasy sebitinde ulagyňyz bilen demirgazykdan günorta syýahat etmezlige çagyrýarys” diýip, maglumatda bellenilýär.

Mundan öň, Ysraýylyň harbylary Liwanyň günortasynda Hezbollahyň hereketlerine garşy “maksatly we takyk” gury ýer operasiýasyna başlandygyny yglan edipdi.

Maglumatda operasiýa, golaýda Gazadan demirgazyga geçirilen, saýlama 98-nji diwiziýanyň hem gatnaşýandygy, şeýle-de Hezbollahyň berkitmeleriniň nyşana alynjakdygy bellenilýär.

Dünýä boýunça dartgynly ýagdaýlary gowşatmak boýunça edilen çagyryşlara garamazdan, Ysraýyl Hezbollaha basyş etmegini dowam etdirjekdigine söz berdi, şeýle-de Liwan bilen serhetleşýän käbir sebitlerinde harby zolagy yglan etdi.

Birleşen Ştatlar Eýran tarapyndan goldanylýan Hezbollah toparyny terrorçy gurama hökmünde ykrar edýär. Ýewropa Bileleşigi hem onuň harby ganatyny özüniň gara sanawyna goşdy, ýöne onuň syýasy partiýasyny däl. Hezbollahyň syýasy partiýasynyň Liwanyň parlamentinde orunlary bar.

Soňky hepdeleriň dowamynda Ysraýyl Hezbollahyň nyşanalaryna garşy howa zarbalaryny amala aşyrdy. Şolaryň birinde toparyň uzak wagtlyk lideri Hassan Nasrallah we başga-da ýokary derejeli ençeme agzasy öldürildi.

Soňky günler, Hezbollahyň ýokary derejeli resmileri eger-de “Ysraýyl gury ýer arkaly girse, muňa öz söweşijileriniň taýýar boljakdyklaryny” öňe sürüpdi.

Gury ýer operasiýanyň başlanmagyndan birnäçe sagat öň, ABŞ prezidenti Jo Baýdenden Ysraýylyň Liwandaky bular ýaly hereketi ýarap-ýaramaýandygy soralanda, ol: “Maňa olaryň saklanmagy ýaraýar. Biz häzirki pursat ok atyşyklary bes etmeli” diýip, jogap berdi.

Soňra ýagdaýlar dartgynlaşyp başlanda, Ak Tam beýanat ýaýradyp, onda Waşingtonyň Ysraýyl-Liwan arasyndaky ok atyşyklaryň bes edilmegini diplomatiki çözgüdiň üsti bilen gazanylmalydygyna ynanýandygyny” belledi.

30-njy sentýabrda giçlik Ysraýyl Beýrutyň günorta sebitlerine howa zarbalaryny urdy. Mundan öň, Ysraýyl bu ýerdäki köp ilatly sebitleriň ilatyna ýüzlenip, ol ýerdäki nyşana alynjak anyk üç binadan ýaşaýjylaryň çykmagyna çagyryş etdi.

Şol bir wagtda, Eýran öz güýçlerini, Ysraýyl bilen söweşmek üçin, Liwana ýa-da Gaza zolagyna ýollamajakdygyny mälim etdi.

“Eýran Yslam Respublikasynyň goşmaça ýa-da meýletinçi güýçlerini ugratmaga zerurlyk ýok” diýip, Daşary işler ministrligiň metbugat wekili Nasser Kanani 30-njy sentýabrda aýtdy. Ol Liwanyň we Palestinanyň territoriýasyndaky söweşijilerde “agressiýa garşy özüni goramak üçin mümkinçiliginiň we kuwwadynyň bardygyny” aýtdy.

Bu aralykda, Hezbollahyň başlygynyň orunbasary Naim Kassem wideo arkaly çykyş edip, Nasrallahyň ornuna adamyň “giçden ir saýlanjakdygyny” belledi. Ol munuň toparyň öz adaty düzgünlerine laýyklykda amal ediljekdigini aýdyp, başga goşmaça jikme-jik bermedi.

Forum

XS
SM
MD
LG