Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl Beýrutyň merkezine zarba urdy, Eýran has uly hüjüm barada duýdurýar


Ysraýylyň Beýrutyň merkezine uran zarbasyndan soň, asmana goýy tüsse galýar. 3-nji oktýabr
Ysraýylyň Beýrutyň merkezine uran zarbasyndan soň, asmana goýy tüsse galýar. 3-nji oktýabr

Ysraýylyň Beýrutyň merkezine uran zarbasynda azyndan alty adam heläk boldy. Bu 2006-njy ýyldan bäri Liwanyň paýtagtynyň merkezi sebitlerine edilen birinji hüjüm boldy. Bu aralykda, Eýran eger-de Ysraýyl Tähranyň 1-nji oktýabryndaky raketa hüjümine jogap berse, onda has giň gerimli zarbalary urjakdygyny duýdurdy.

Ysraýyl Beýruta takyk zarba urandygyny aýtdy. Howpsuzlyk çeşmesi onuň bilen paýtagtyň merkezi Baçura etrabyndaky, Liwanyň parlamentiniň golaýyndaky, bir ýaşaýyş jaýynyň nyşana alnandygyny belledi.

Liwanyň Saglyk ministrliginiň maglumatyna görä, zarbada agyr şikes alan üç raýat ýaralary sebäpli aradan çykandan soň, heläk bolanlaryň sany 6-a ýetipdir. Ministrlik zarbada başga-da ýedi adamyň ýaralanandygyny aýtdy.

Liwanyň howpsuzlyk resmilerine görä, ýene bir zarba Dahiýeh etrabynyň günorta eteklerini nyşana alypdyr. Geçen hepde bu sebitde Hezbollah toparynyň lideri Hassan Nasrallah öldürilipdi.

Şol bir wagtda, Ysraýylyň Siriýanyň paýtagty Damaska uran zarbasynda dört adam, şol sanda Nasrallahyň giýewsi Hassan Jaafar al-Kasir hem heläk boldy diýip, düýbi Britaniýada ýerleşýän Siriýanyň Adam hukuklary boýunça gözegçi merkezi habar berdi.

Hem harby topar, hem-de syýasy partiýa bolan Hezbollah Liwanyň günortasyndaky köp sebitleri öz gözegçiliginde saklaýar. ABŞ bu topary terrorçy gurama hökmünde ykrar edýär. Şol bir wagtda, Ýewropa Bileleşigi onuň diňe harby ganaty özüniň gara sanawyna girizdi.

Beýruta urlan zarbalardan bir gün öň, Liwanyň günortasynda gury-ýer operasiýasyny ilerledýän Ysraýyl, özüniň sekiz esgeriniň heläk bolandygyny mälim etdi. Bu şu hepde başlanan serhet-üsti operasiýadan bäri Ysraýyl harbylarynyň iň köp ýitgi çeken güni boldy.

2-nji oktýabrda Eýranyň harbylarynyň başlygy, general-maýor Mohammad Bagheri Tähran tarapyndan amal edilen raketa hüjümleriniň diňe harby nyşanalar bilen çäklenendigini, ýöne eger-de Ysraýyl muňa jogap berse, onda has giň gerimli zarbalaryň uruljakdygyny öňe sürdi.

“Eger-de Zionist režimi saklanmasa we Eýrana garşy çäre görse, biz onuň ähli infrastrukturasyny nyşana alarys” diýip, ol belledi.

Eýranyň daşary işler ministri Abbas Aragçi hem X sosial ulgamynda ýerleşdiren ýazgysynda, hüjümiň “diňe harby we howpsuzlyk sebitlerini” nyşana alandygyny nygtady. Ol munuň Ysraýylyň “Gazadaky we Liwandaky genosidi” diýip häsiýetlendiren çärelerine jogap bolandygyny, şeýle-de munuň “BMG-niň Çarteriniň 51-nji maddasyna laýyklykda, Eýranyň özüni goramak hukugy bolandygyny” öňe sürdi.

Bagheriniň beýanyndan öň, Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkiýan hem Ysraýyly ar almazlyk barada duýdurdy we muňa berk jogabyň beriljekdigine söz berdi.

“Biz urşy islemeýäris. Ysraýyl bizi herekete geçmäge mejbur edýär” diýip, Pezeşkiýan Aziýa döwletleriniň sammitine gatnaşmak üçin Katara gelende çykyş etdi.

Pezeşkiýan Ysraýyly Hamas toparynyň lideri Ismaýil Haniýehiň iýulda Tähranda öldürilmegi bilen ilteşikli hem tankytlady. ABŞ we Ýewropa Bileleşigi Hamas toparyny terrorçy gurama hökmünde ykrar edýär. Ysraýyl Heniýehiň öldürilmegi boýunça jogapkärçiligi ne öz üstüne aldy, ne-de muny inkär etdi.

1-nji oktýabrda Eýran Ysraýyla garşy ganatly raketalaryň giň gerimli hüjümini amala aşyrdy. Tähran munuň Ysraýylyň Liwanyň günortasyndaky Eýran tarapyndan goldanylýan Hezbollah jeňçi toparyna garşy kampaniýasyna jogap bolandygyny aýtdy. Bu ýagdaýlaryň arasynda, Ysraýyl, şol sanda onuň ýakyn ýarany ABŞ jogap çäreleri barada duýdurdy.

Ysraýylyň howa hüjüminden goranyş ulgamlary 180 töweregi raketanyň aglabasyny urup düşürdi. Şol bir wagtda, raketalaryň käbiri Ysraýylyň merkezi we günorta sebitlerine düşdi.

Eýranyň kuwwatly Yslam Rewolýusiýa Sakçylary Korpusy raketa hüjüminiň Nasrallahyň öldürmegine jogap bolandygyny aýtdy.

Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu Eýranyň 1-nji oktýabrdaky raketa hüjüminden soň, jogap urgusyny urjakdygyny aýtdy. Bu sebitde doly gerimli urşuň turmak howatyrlaryny artdyrdy.

“Eýran şu gije uly ýalňyşlyk goýberdi – ol munuň üçin jogap berer” diýip, Netanýahu Eýranyň hüjüminden birnäçe sagat soň çykyş etdi.

2-nji oktýabrda Eýranyň BMG-däki ilçisi Danny Danon CNN-e Eýranyň hüjümine jogabyň “örän güýçli, agyrly” boljakdygyny we “ýakynda” amala aşyryljakdygyny aýtdy.

Ysraýylyň Tähranyň ýadro programmasy bilen ilteşikli sebitlere zarba urup biljekdigi barada çaklamalar orta atyldy. Emma ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden bu hereketi goldamajakdygyny aýtdy.

Mundan öň, 2-nji oktýabrda Baýden we ykdysady taýdan ösen döwletleriň G7 toparynyň agzalary telefon arkaly gürleşip, Eýrana garşy täze sanksiýalary utgaşdyrmak barada maslahat etdiler.

G7 liderleri “Eýranyň Ysraýyla hüjümini biragyzdan ýazgardylar” we Baýden Birleşen Ştatlaryň “Ysraýyla we onuň halkyna bolan doly raýdaşlygyny we goldawyny” ýene bir gezek äşgär etdi diýip, Ak Tamyň beýanatynda aýdylýar.

Forum

XS
SM
MD
LG