Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropada gyzamyk ýagdaýlary köpelýär – BSG


Gyzamygyň ýaýramagy has köp Russiýada we Gazagystanda hasaba alyndy.
Gyzamygyň ýaýramagy has köp Russiýada we Gazagystanda hasaba alyndy.

2023-nji ýylyň dowamynda Ýewropada gyzamyk bilen kesellemek ýagdaýlary göz-görtele artdy diýip, Bütindünýä Saglyk Guramasy 23-nji ýanwarda habar berdi we gyssagly waksinasiýa tagallalaryna çagyrdy.

Bütindünýä Saglyk Guramasynyň Ýewropa sebitine goşan döwletleriniň 53-sinden 41-si özlerinde bu ýokanç keselliň ýaýraýandygyny habar berdiler.

2023-nji ýylyň dowamynda gyzamyk bilen kesellän 42 müň 200 ýagdaý hasaba alnypdyr. 2022-nji ýylda bu göкkeziji 941-e deňdi.

Gyzamygyň ýaýramagy has köp Russiýada we Gazagystanda hasaba alyndy.

XS
SM
MD
LG