Tanymal kyssaçy, dramaturg Kömek Kulyýew 68 ýaşynyň içinde aradan çykdy.
Azatlygyň Aşgabatdaky çeşmesi onuň bazar güni jaýlanandygyny habar berdi.
Ýazyjynyň haýsy keselden ýogalandygy anyk däl.
Kömek Kulyýew 1955-nji ýylda, Lebap sebitiniň Saýat etrabynda doglup, 1977-nji ýylda Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlaýar we “Edebiýat we sungat” gazetinde işe başlaýar.
Edebiýata başda şahyr hökmünde gelen Kömek Kulyýew soňra öz obasyna, Saýat etrabyna gidip, raýon gazetinde işleýär we aradan üç ýyl çemesi geçensoň, paýtagta prozaçy bolup dolanýar.
Ol başda “Akar suw we ýata suw” atly hekaýalar toplumy bilen tanaldy.
“Iki sallançak arasy” powesti, “Äşe soldat”, “Aýrylyşmaga alty aý möhlet”, “Çapak” ýaly eserleri gowy garşylandy.
Ýazyjynyň eserleri Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp boldy, Moskwanyň “Hudožestwennaýa literatura” neşirýatynda çap boldy.
Döwürdeş ýazyjylarynyň ýazmaklaryna görä, Kömek Kulyýew “Altyn guşak” garaşsyz neşirinde, öň çap edilmedik eserleri halka ýetirmäge uly goşant goşdy, belli ýazyjy Wera Panowanyň “Muhammet pygamberiň ömri”, Magtymgulynyň “Bagyşla bizni” ýaly eserleriniň köpçülige ýetmegine ýardam etdi.
Onuň taryhy temadan ýazan “Ak öýli” eseri türk dilinde çykdy.
Ýazyjy soňky ýyllarda “Göroglynyň sawçylary”, “Göroglynyň döreýşi“, “Galkynan göwünler”, “Janly gurjaklar” atly sahna eserlerini döretdi, onuň ssenarileri esasynda döredilen “Sen ýadyma düşseň…”, “Düýeguş”, “Täze ýyl ertekisi” ýaly gysga göwrümli filmler teleýaýlymlarda görkezilýär.