Lebap welaýatynyň ýangyç guýýan beketlerinde dizel üpjünçiligi bilen ýagdaý birneme gowulanýan mahaly, türkmenistanly ýük ulag sürüjileri täze bökdençlikler bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Şu günlerde ýük ulagynyň bakyny üýtgedip, onuň göwrümini ulaldan sürüjiler Farap gümrük nokadyndan Özbegistana geçirilmeýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 7-nji noýabrda sebitden maglumat berdi.
Onuň tassyklamagyna görä, sebitiň ýangyç guýýan beketlerinde oktýabr aýynda emele gelen dizel gytçylygyndan soň, şu günler sürüjiler bu ýangyjy ulaglaryna päsgelçiliksiz we çäksiz möçberde guýduryp bilýärler.
Ýöne ýangyç guýýan beketleriň öňündäki nobatlar azalýan mahaly, indi Farap gümrük nokadynda türkmen ýük ulaglarynyň uly bolmadyk nobatlary emele gelýär.
“Gümrük resmileri ulagyň ýangyç guýulýan bakyny ulaldan sürüjilere ilki tirkegini aýryp, ony gümrük duralgasynda goýup gitmegi tabşyrýarlar. Soňra-da, olardan yzyna dolanyp, ulagyň bakyny zawoddan çykan görnüşdäki baka çalşyp gelmegi talap edýärler” diýip, maryly ýük ulag sürüjisi anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.
Ýöne gümrük işgärleri sürüjiler ulagyň bakyny çalşyp gelenden soňra-da, olary gümrükden geçirmeýärler. Şeýle-de, olar diňe türkmenistanly sürüjilere degişli bolan bu talabyň sebäpleri barada aç-açan düşündiriş hem bermeýärler.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada kommentariý almak üçin Farap gümrük nokady bilen habarlaşmaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 7-nji noýabrda eden yzygiderli synanyşyklaryna garamazdan, Döwlet gümrük gullugynyň resmi websaýtynda çap edilen telefon belgilerine hiç kim jogap bermedi.
Ýagdaýlardan habarly gümrük gullugyndaky çeşmämiziň tassyklamagyna görä, bu çäreler sürüjileriň türkmen dizelini Özbegistanda satmagynyň öňüni almak bilen baglanyşykly.
“Mysal üçin, ýük ulagyň tirkegi zawoddan çykanda, onuň her tarapynda 400 litrlik bak goýberlen bolsa, biziň sürüjilerimiz ony 500-550 litrlik baka öwürýärler. Hökümetimiziň pikiriçe, olar dizeli köpräk, käte bir ýarym esse köp alyp gidip, Özbegistanda satýarlar” diýip, çeşmämizi gürrüň berdi.
Ýöne sürüjileriň ençemesi ýangyç guýulýan baklary ulaltmaklarynyň sebäbini özleriniň pul tygşytlamak tagallalary bilen düşündirýär.
Olaryň anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň bermegine görä, Özbegistanda dizeliň bahasynyň Türkmenistandakydan gymmatlygy sebäpli, olar ätiýaç üçin, öz ýanlary bilen bolup bildiginden köp mukdarda dizel alyp gitmäge çalyşýarlar.
“Özbegistanda gymmat bahadan dizel satyn almajak bolup, yzymyza dolanyp gelýänçäk ýetjek mukdarda dizel ýangyjyny ýanymyz bilen alyp gitmäge synanyşýardyk” diýip, lebaply ýük ulag sürüjisi belledi.
Bu waka, soňky aýlarda ýurtda ýangyç gytçylygynyň ýitileşen mahalyna gabat geldi. Geçen aýyň soňky ongünlüginde Marydaky we Lebapdaky habarçylarymyz ilatly punktlaryň ýangyç beketlerinde onuň asla ýokdugyny, diňe uly ýollaryň ugrundaky käbir stansiýalarda ony çäkli mukdarda guýduryp bolýandygyny habar berdiler.
Energiýa serişdelerine baý Türkmenistanyň häkimiýetleri, şol sanda “Türkmennebitönümleri” baş müdirligi ýurtda ýygy-ýygydan ýüze çykýan benzin we dizel gytçylygy hem-de onuň sebäpleri barada düşündiriş bermeýärler.
Berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri hem, umumy bahasy millionlarça amerikan dollaryna barabar bolan nebit önümleriniň daşary ýurtlara satylandygy barada dowamly habar berýär, ýöne ýurtdaky ýangyç gytçylygyny agzamaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum