Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji dekabrda Saud Arabystanyna sapara baryp, Er-Riýadda “Bitewi suw” sammitine gatnaşdy
Bu sammit BMG-niň Çölleşmä garşy göreş boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň (СOP16) çäklerinde geçirildi.
TDH öňki prezidentiň ilki Mekge şäherine baryp, saparyny mukaddes Käbä zyýarat etmekden başlandygyny belleýär.
Berdimuhamedow sammitde eden çykyşynda suw serişdeleriniň aýawly ulanylmagyna hem-de adalatly paýlanylmagyna “gürrüňsiz eýermeli” diýip hasap edýändigini aýtdy.
Türkmenistan sowet döwründe gurlan Garagum kanaly we pagtaçylyk zerarly suwy bisarpa ulanmakda tankyt edilýär.
Soňky döwürde bolsa, Owganystanda gurulýan täze suw desgasy bilen bilen baglylykda, uly bölegini çöllük tutýan ýurt geljekde has ýitileşmegine garaşylýan suw ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýar.