Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Koş Tepa kanalynyň gurluşygy serhetaşa derýalardan peýdalanmagyň halkara kadalaryna ünsi çekýär


Koş Tepa kanaly gazylýar. Demirgazyk Owganystan. Arhiwden alyndy.
Koş Tepa kanaly gazylýar. Demirgazyk Owganystan. Arhiwden alyndy.

Dünýä Türkmenleriniň bu sanynda AÝ/AR-yň Merkezi Aziýa meseleleri boýunça bilermeni Brýus Panniýer suw hojalygy pudagyndaky türkmen-owgan geňeşmelerine syn berýär.

4-6-njy mart aralygynda “Talyban” ýolbaşçylygyndaky owgan hökümetiniň wekiliýeti Aşgabatda bolup, Owganystanda öndürilen önümleriň sergisine, işewürlik forumyna we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen gepleşiklere gatnaşdy.

Türkmen DIM-i duşuşyklardan soň, 7-nji martda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin beýanat çap edip, gepleşikleriň gün tertibinde ara alnyp maslahatlaşylan temalar barada maglumat berdi.

Beýanata görä, taraplar, beýleki käbir meseleler bilen bir hatarda, suw hojalygynda hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşypdyrlar.

Mälim bolşy ýaly, owgan häkimiýetleri Demirgazyk Owganystanda Amyderýadan gözbaş alýan Koş Tepa kanalyny gurýar. 2022-nji ýylda gurluşygyna girişilen bu kanalyň doly işe girizilmegi bilen Amyderýanyň aşaky hanasynyň boýunda ýerleşýän ýurtlarda suw ýetmezçiligi meselesiniň ýitileşmeginden howatyr edilýär.

Türkmenistanyň Daşary syýasat edarasy owgan häkimiýetlerini serhetaşa derýalardan peýdalanylanda halkara hukugynyň umumy kabul edilen kadalaryny berjaý etmäge çagyrdy. Täze kanalyň işe girizilmegi Demirgazyk Owganystanyň ýaşaýjylaryna täze ykdysady mümkinçilikleri hödürlär. Şol bir wagtda, hünärmenlere görä, Koş Tepanyň açylmagy bilen, derýanyň aşaky akymynyň ugrunda ýerleşýän ilatly sebitler suw meselesiniň ýitileşmegi bilen ýüzbe-ýüz bolarlar.

Dünýä Türkmenleriniň bu sanynda AÝ/AR-yň Merkezi Aziýa meseleleri boýunça bilermeni Brýus Panniýer suw hojalygy pudagyndaky türkmen-owgan geňeşmelerine syn berýär.

DT: Koş Tepa kanalynyň gurluşygy serhetaşa derýalardan peýdalanmagyň halkara kadalaryna ünsi çekýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:17:00 0:00

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 7-nji martda, “Talyban” ýolbaşçylygyndaky owgan hökümetiniň wekiliýeti bilen Aşgabatda geçirilen duşuşykdan soňra, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin seýrek beýanat çap edip, sebitiň suw serişdelerinden, serhetaşa derýalardan peýdalanylmagynda umumy kabul edilen halkara kadalarynyň berjaý edilmegine çagyrdy. Beýanat häzirki wagtda Owganystanda gazylýan Koş Tepa kanalyny gönümel agzamady, ýöne beýanatyň mazmunyndan çen tutup, ol ýerde täze kanaldan söz açylýandygyny aňmak mümkin. Birinjilik bilen, söhbetdeşligiň başynda, bu beýanat barada öz garaýyşlaryňyzy paýlaşyp bilermisiňiz? Siz bu beýanaty nähili gördüňiz?

Brýus Pannier: Birinjilik bilen, meniň pikirimçe, siziň hem belleýşiňiz ýaly, bu maglumat seýrek beýanat boldy. Türkmen hökümetiniň beýanat çap etmegi garaşylmadyk waka boldy. Muňa sebäp bolan ýagdaýlaryň biri hem, meniň pikirimçe, “Talybanyň” daşary ýurt duşuşyklary, daşary ýurt döwletleriniň resmileri bilen geçirýän ýygnaklary barada sosial torlarda tas elmydama diýen ýaly maglumat paýlaşmagy bolup durýar. Meniň pikirimçe, türkmen hökümeti “Talybanyň” gepleşikler boýunça öz wersiýasyny hökmany suratda jemgyýetçilige aýan etjekdigini bilýärdi. Şonuň üçin, türkmen hökümeti gepleşikler barada “Talybandan” öňinçä habar bermek isledi. Şeýlelikde, olar gepleşikleriň gün tertibi barasynda “Talybanyň” paýlaşjak maglumatlaryna jogap bermeli bolmady. Türkmen hökümeti beýanat çap edip, duşuşyklarda ara alnyp maslahatlaşylan meseleleri mälim etdi. Bu meniň pikirimçe örän geň waka boldy.

Şol bir wagtda, bu beýanat meseläniň ähmiýetini nygtaýar. Bilşimiz ýaly, Türkmenistanda suw meselesi elmydama problema bolup durýar, ýöne hususan-da soňky wagtlarda bu mesele has-da ýitileşýär. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bu beýanat bilen suw meselesiniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny, ýygnaklaryň esasy gün tertibi hökmünde suw meselesiniň gozgalandygyny ykrar etdi. Bilşimiz ýaly, öňler taraplaryň geçirýän gepleşikleri Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi barada, ýa-da elektrik energiýasynyň üpjünçiligi ýa-da şuňa meňzeş meseleler barada bolardy. Ýöne, bu gezek, olar suw meselesini ara alyp maslahatlaşdylar. Beýanatda Koş Tepa kanaly açyk-aýdyň agzalmasa-da, kanalyň gurluşygyndan habarly islendik adam, bu ýerde Koş Tepa kanaly barada, Talybanyň suw çeşmelerinden nähili peýdalanmalydygy hakynda, hem-de munuň Türkmenistana ýetirjek täsirleri dogrusynda gürrüň edilýändigine düşünip biler.

Azatlyk Radiosy: “Talyban” ýolbaşçylygyndaky owgan hökümeti heniz halkara derejesinde ykrar edilmedi. Türkmenistan nädip halkara derejesinde ykrar edilmedik “Talybanyň” halkara kadalaryny berjaý etmegine garaşyp bilýär? Üstesine, “Talyban”, ýa-da hatda Owganystan döwleti Merkezi Aziýa ýurtlary bilen serhetaşa derýalardan, şol sanda Amyderýadan peýdalanmagyň tertibi hakynda halkara ýa-da ikitaraplaýyn ylalaşyklara gol çekmedi. Şeýle ýagdaýda, Türkmenistan haýsy şertlerde halkara derejesinde ykrar edilmedik hökümetden, hem-de serhetaşa derýalardan peýdalanmak boýunça özara şertnamalara, halkara ylalaşyklara gol çekmedik ýurtdan halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny berjaý etmegi talap edip bilýär?

Brýus Pannier: Talyban halkara derejesinde ykrar edilmedi, ýöne bu ýagdaý häzirki wagtda çal sebite (gümürtik meselä) öwrülip barýar. Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda Talyban wekilleri birnäçe ýurtda owgan ilçihanalaryny dolandyrýarlar. Meniň pikirimçe, “Talyban” wekilleri Täjigistandan özge ähli goňşy ýurtda, hatda Täjigistanyň hem Horog sebitinde owgan wekilhanalaryny eýeleýärler. “Talyban” halkara derejesinde ykrar edilmese-de, resmi däl görnüşde ykrar edilýär. Hatda Birleşen Milletler Guramasy hem [“Talyban” ýolbaşçylygyndaky owgan] hökümetini ykrar etmezden, “Talybanyň”, meselem, terror toparlarynyň sanawyndan çykarylmagyny gün tertibine getirip gelýär. Şeýlelikde, olar kanuny hökümet hasaplanmaýar, ýöne hemmeler, hususan-da goňşy döwletler olary belli bir derejede resmi däl görnüşde ykrar edýär.

Ikinjiden, olar hiç hili halkara şertnamalarda tarap bolup çykyş etmeýär. Dogry. Olar Merkezi Aziýa ýurtlary bilen suw paýlaşmak ylalaşygyna gol çekmediler. Ýöne, geň ýeri, “Talyban” özüniň suw çeşmelerinden peýdalanmaga bolan hukugyny halkara hukugynyň kadalary bilen esaslandyrýar. Diýmek, olar özleriniň suw resurslaryndan peýdalanmak hukuklaryny halkara hukugynyň kadalary bilen esaslandyrýan bolsalar, olaryň özleri hem halkara ylalaşyklarynyň şertlerini berjaý etmeli bolarlar. Olar halkara şertnama gol çekmediler. Ýöne olar suwdan peýdalanmakda halkara hukugyna salgylanýan bolsalar, beýlekiler hem, olardan şol halkara hukugynyň şertlerine eýermegi, sebitdäki ýurtlaryň bähbitlerini ykrar etmegi talap edip bilýärler. Diýmek, “Talyban” özüniň kanal gazmak hukugyny halkara hukugynyň kadalary bilen delillendirýän bolsa, sebitdäki ähli ýurtlar “Talybandan” hem halkara hukugynyň kadalaryna eýermegi we suw serişdelerinden peýdalanylmagyna degişli halkara ylalaşyklaryň şertlerini berjaý etmegi talap edip biler.

"Talyban" ýolbaşçylygyndaky owgan hökümetiniň wekiliýeti Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşýar. Arhiw suraty.
"Talyban" ýolbaşçylygyndaky owgan hökümetiniň wekiliýeti Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşýar. Arhiw suraty.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan daşary işler ministrliginiň beýanaty bilen “Talybany” serhetýaka derýalaryň boýunda ýerleşýän ähli döwletleriň bähbitlerine hiç hili şert goşmazdan hormat goýmaga çagyrdy. Näme üçin beýanatda derýanyň ugurnda ýerleşýän döwletleriň ählisiniň bähbitlerine şertsiz hormat goýulmagy barada talap gozgaldy?

Brýus Pannier: Şol bölek beýanatyň iň täsin bölekleriniň biri boldy. Aslyýetinde, türkmen daşary işler ministrliginiň beýanatyndaky üç punktyň üçüsi-de iňňän täsin. Şertsiz hormat goýulmagyna çagyryş edilmegi, meniň düşünişime görä, bu ýerde Türkmenistan özüniň suw zerurlygyny “Talybanyň” ykrar etmegini isleýär, eger bu mesele Türkmenistan üçin örän uly meselä öwrüliberjek bolsa, “Talybandan” öz meýilnamalaryny biraz egismegi, gowşatmagy göz öňünde tutmagy barada gürrüň gozgaýar. Bu ýerde Türkmenistan ‘biz siziň öz suw paýyňyzy almak hukugyňyzy ykrar edýäris, ýöne eger siz örän uly möçberlerde suw alsaňyz aşaky akymda ýerleşýän sebitleri düýbünden suwsuz goýarsyňyz, kanal gazanyňyzda, Amyderýadan almakçy bolýan suwuňyzyň mukdaryny ölçerip, Türkmenistanda hem şol bir derýanyň suwundan peýdalanýan ilatyň zerurlyklaryny hem nazarda tutuň, şeýlelikde, biz derýanyň boýunda ýaşaýan halklarymyzy göçürmeli bolma:ly’ diýýär.

Bu ýerde Daşary işler ministrliginiň beýanatyndaky üç punktyň ählisine belli bir derejede tankyt ýa-da birnäçe aladalaryň gozgalmagy hökmünde düşünip bolar. Birinjilik bilen, Türkmenistan serhetaşa derýalardan suw alynmagyna ylmy taýdan çemeleşmäniň zerurdygyny aýdýar. Şeýlelikde, türkmen tarapy derýadan alynjak suwuň mukdaryna diňe “Talybanyň” ýeke öziniň karar berip bilmejekdigini, bu babatda ylalaşygyň gazanylmalydygyny, ýa-da suwuň mukdarynyň obýektiw üçünji taraplar tarapyndan kesgitlenilmelidigini aýdýar. Beýanatyň ikinji punktynda Türkmenistan serhetüsti derýalarda gurulýan desgalaryň ýokary derejeli hünärmenler tarapyndan işledilmegine çagyrýar. Şeýlelikde, Türkmenistan ‘biz siziň suwdan peýdalanmak hukugyňyzy ykrar edýäris, ýöne bu desgalara suw serişdelerinden peýdalanmakda ýokary hünäri bolan işgärleriň işe çekilmegini gazanmak isleýäris’ diýýär. Bu bolsa türkmen hökümetiniň “Talybanyň” kanal taslamasy bilen bagly howatyrlanmalaryny görkezýär. Türkmen tarapy Owganystanda Amyderýadan alynjak suw paýynyň adalatly alynmagyna, kanalyň gurluşyk taýdan berkligine, kanalyň ugrundaky ulgamlaryň döwrebaplygyna we kadaly işleýändigine düşünip bilýän, hem-de goňşy ýurtlara zelel ýetirmän, öz zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga ukyply bilermenleriň bolmagyny isleýär. Bu örän täsin beýanat boldy, haýsy tarapdan çemeleşýäniňe baglylykda, bu beýanaty tankyt hökmünde-de, aladalaryň gozgalmagy hökmünde-de kabul edip bolar, ýöne [türkmen hökümeti] bu ýerde hiç kime geňeşmezden kanalyň gazylyp bilinmejekdigini we bu işleriň dogry ýerine ýetirilmegini üpjün etjek hünärmenleriň zerurdygyny aýdýar.

Azatlyk Radiosy: Koş Tepa kanalynyň töweregindäki meseleler gysga möhletde we uzak möhletde nähili çözüler, siziň pikiriňizçe?

Brýus Pannier: Bu sorag bizi ýene bir gezek siziň söhbetdeşligiň başynda gozgan temaňyza aýlap eltýär. Olar suw ylalaşygyna gol çekmeli bolarlar. Ýöne Owganystanda halkara derejesinde ykrar edilmeýän hökümet bar. Şonuň üçin ylalaşyga gol çekmek kyn. Hiç kim tarapyndan ykrar edilmeýän hökümet bilen gol çekilen ylalaşyk resmi dokument hökmünde kabul edilip bilnermi? Kanuny bolmadyk hökümet bilen gol çekilen ylalaşyk sözüň doly manysynda ylalaşyk bolup bilermi? Şonuň üçin, bu ýagdaý mesele bolmagynda galýar. Garaşyp, görmeli bolar! Ýöne, ýaňy hem aýdyşym ýaly, “Talyban” dünýäde käbir hökümetleriň ykrarnamasyny kabul etmäge golaýlaýar. Hemmeler bu meselede, näme bolar diýip, garaşyp oturan bolmagy mümkin. Owganystanyň Amyderýadan aljak suwy, men dürli çeşmelerde dürli sanlara duş geldim, ýöne 16 – 20 göterim aralygynda bolar. Owganystan üçin hem suw gerek, bu öz-özünden düşnükli. Ýöne, bilşimiz ýaly, Amyderýanyň suwunyň 16-20 göterim çekilmegi derýanyň aşaky hanasynda ýerleşýän Özbegistanyň köp sanly ilatly ýerleri üçin betbagtçylyk bolar, bu Türkmenistan üçin hem gürrüňsiz şeýle bolar. Olar derýanyň boýunda ýaşaýan ilatyny göçürmeli bolarlar. Bu sebitlerde oba hojalyk işlerini durnukly alyp barmak üçin ýeterlik suw bolmaz. Olar bu meseläni nähili çözerler, muny öňünden görmek kyn... Kanal ýene iki ýyldan işe girizilse, munuň täsiri Merkezi Aziýa sebitinde, hususan-da günorta Özbegistanda we gündogar Türkmenistanda ýiti duýular. Suwuň mukdarynyň egsilmeginiň ýaramaz täsirleri bolar. Azatlygyň habarlaryndan hem mälim bolşy ýaly, derýanyň aşaky hanasynyň boýunda ýerleşýän Türkmenistanda eýýäm, heniz kanal açylmanka, suw ýetmezçiligi duýulýar. Şonuň üçin, bu mesele örän täsin diplomatiýany talap eder, Türkmenistanda we günorta Özbegistanda ýaşaýan adamlaryň gaharyny getirmän, bu meseläni çözmäge synanyşmak örän täsin diplomatiýany talap eder. Olar diňe bir mal-garalaryny däl, eýsem öýlerini hem ýitirip bilerler, sebäbi ol ýerlerde ýaşamak amatsyz bolar. Bu meseläni nädip çözmeli? Bu gowy sorag. Ýadyňyzda bolsa, geçen ýyl türkmen, täjik we özbek prezidentleri duşuşyp, suw paýlaşmak meseleleri barada, bu ugurdaky hyzmatdaşlyk hakynda örän gyzykly bellikleri aýtdylar. Bilşimiz ýaly, meselem, Garagum kanaly hem Amyderýadan gözbaş alýar.

Üç prezidentiň ara alyp maslahatlaşmalaryna içgin ser aýlasaň, hususan-da täjik prezidentini diňleseň, hamala, ol ýerde başga kanallar barada gürrüň barýan ýaly bolup görünýär. Täjigistandan gözbaş aljak we Özbegistana aşjak kanal taslamalary barada gürrüň barýan ýaly bolup eşidilýär. Mende munuň şeýledigini tassyklap biljek güwänama ýok, ýöne olaryň suw paýlaşmakda öňe sürülýän hyzmatdaşlygy beýan ediş tärleri täsin boldy.

Koş Tepa kanalynyň kartasy
Koş Tepa kanalynyň kartasy

Azatlyk Radiosy: Türkmen mediasyna görä, Türkmenistan özüniň sarp edýän suw serişdeleriniň 95 göterimini Amyderýadan alýar. Derýanyň suwunyň 26 göterime çenli çekilmegi oba hojalygyndan, ykdysadyýetden başga pudaklara nähili täsiri eder? Meselem, häzirki wagtda gazuw işleri dowam edýän bu kanal ekologiýa, daşky gurşawa nähili täsir eder?

Brýus Pannier: Bilşimiz ýaly, serhediň iki tarapynda hem problemalar ýüze çykar. Biz derýanyň aşaky hanasynyň boýunda ýerleşýän ýurtlarda Özbegistanda we Türkmenistanda ýüze çykyp biljek ýagdaýlar barada gürrüň etdik. Gysgaça aýdylanda, akabalar gurar, häzirkisinden hem beter gurar. Suw akabalary gurasa, olaryň boýunda ýerleşýän ekerançylyk meýdanlaryndan peýdalanyp bolmaz, sebäbi suw bolmasa peýdasy ýok. Suw bolmasa, hemme zat gurap başlar, çöllük ýerler giňäp başlar. Elbetde, bu hakykatdan-da kanalyň nähili guruljakdygyna, onuň hiline bagly bolar. Eger gazuw işleriniň, gurluşygyň hili ýaramaz bolsa, kanalyň suwy kenarlary böwsüp biler. Koş Tepa kanalynda ýüze çykan şeýle ýagdaýlar barada eýýäm käbir subutnamalar bar. Şeýle bolan halatynda kanalyň suwy çöle siňer. Suw gurasa şorlaşma bolar, duz emele geler. Bu bolsa çölleşmäniň gerimini giňelder. Aral deňzi hem guranda şeýle boldy, suw çekilip şorlaşma emele geldi. Duzlar Aralyň kenaryndaky sebitlere zyýan ýetirdi we ýerler ekerançylyk üçin ýaramsyz boldy. “Talybanyň” gurýan kanalynyň hili pes bolsa, şuňa meňze wakalar ýüze çykyp biler. Suw çekilip, duzlar, minerallar ýüze çykyp biler we sebitdäki ekerançylyk ýerleri ýaramsyz bolar, olardan oba hojalyk maksatlar üçin peýdalanyp bolmaz. Bu hemmeler üçin ýitgi bolar. Ýöne kanalyň gurluşygynyň hili ýokary bolup, zyýan minimum derejede saklanylyp bilinse, bu kanal Demirgazyk Owganystanyň ilaty üçin örän giň mümkinçilikleri döreder. Täze ekerançylyk meýdanlary açylar. Ýöne gurluşygyň hili ýaramaz bolsa, bu diňe bir Özbegistan ýa-da Türkmenistan üçin däl, eýsem Owganystanyň özi üçin hem ýitgi bolar.

Azatlyk Radiosy: Beren gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň!

Brýus Pannier: Siz hem sag boluň!

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG