Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainanyň daşary işler ministri Kuleba wezipesinden çekildi


Dmytro Kuleba
Dmytro Kuleba

4-nji sentýabrda Ukrainanyň daşary işler ministri Dmytro Kuleba özüniň wezipesinden çekilýändigi baradaky arzasyny tabşyrdy. Mundan öň prezident Wolodymyr Zelenski, Russiýanyň 2.5 ýyl çemesi bäri alyp barýan doly gerimli söweşiniň arasynda, uruş döwrüniň hökümetiniň düzümini täzelemek baradaky planlaryny yglan edipdi.

Ukrainanyň Parlamenti, ýagny Werhownaýa Radanyň spikeri Ruslan Stefançuk Kulebanyň çekilýändigini yglan etdi we bu meseläniň kanunçykaryjylaryň arasynda maslahat ediljekdigini aýtdy.

Mundan bir gün öň, Stefançuk Ukrainanyň Ýewropa we Ýewro-Atlantik itegrasiýasy boýunça premýer-ministriň orunbasary Olha Stefanişynanyň we wagtlaýyn basylyp alnan ýerleriň gaýtadan birleşdirilmegi boýunça premýer-ministriň orunbasary Iryna Wereşçugyň hem wezipeden gitmek arzalaryny tabşyrandygyny mälim etdi.

Zelenski Ukrainanyň hökümetinde özgerişleriň boljakdygyny yglan edende, munuň hökümeti berkitmek we ýurduň zerurlyk mätäçliklerini garşylamak ugrundaky tagallalary pugtalandyrmak üçin edilýändigini aýtdy.

Şol günüň özünde, Ukrainanyň strategiki senagat ministri Oleksandr Kamyşin, adalat ministri Denys Malýuska we daşky-gurşaw ministri Ruslan Strilets hem wezipelerinden çekildiler.

XS
SM
MD
LG