Ukrainadaky urşuň 36 aýy 36 suratda
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň foto-habarçysy Sergeý Nužnenko üç ýylyň dowamynda öz ýurdundaky urşy şöhlelendirdi. Biz onuň iň täsirli 36 suratyny saýladyk.

1
Bir aýal 2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda, Russiýanyň çozuşynyň ilkinji gününde, Kiýewdäki metro stansitýasynda çagasyny gujaklaýar.

2
2002-nji ýylyň 1-nji martynda Kiýewiň etegindäki Buça etrabynda asuda adamlar ýok edilen rus bronetehnikasynyň hataryna seredýärler. Birnäçe günden soň, rus harbylary Buçany basyp aldylar, emma bir aýa ýetmän yza çekildiler. Olaryň gitmeginden soň, Buçada harby jenaýatlaryň subutnamalary toplandy.

3
Buça we Irpinden gaçan asuda ilat, 2022-nji ýylyň 11-nji marty.

4
Bir aýal, 2022-nji ýylyň 2-nji aprelinde, Çernigow sebitiniň demirgazygyndaky azat edilen şähere girýän ukrain goşunlaryny garşylaýar.