Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň içeri işler ministri Muhammet Hydyrowa 'käýinç' we Döwlet serhet gullugynyň başlygy — Serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy Ýazgeldi Nuryýewe 'berk käýinç' yglan etdi.
6-njy iýunda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda ýokary derejeli bu iki resmä “wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin” temmi berlendigi aýdyldy.
Emma adatça bolşy ýaly, başga goşmaça maglumat berilmedi.
Azatlygyň türkmen hökümetine ýakyn çeşmeleri bu käýinçleriň, soňky döwür Azatlykda hususan-da köçe-ýol hadysalary, harby gulluk barada çykan maglumatlara reaksiýadygyny belleýär.