Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanlylaryň Belarusyň giňeldýän wizasyz gatnaşyklaryna 'gözi gidýär' - synçy


Bezeg suraty. Aşgabat. Wiza üçin nobata duran adamlar.
Bezeg suraty. Aşgabat. Wiza üçin nobata duran adamlar.

Türkmenistandaky awtoritar dolandyryşyň we ýapyklygyň esaslaryny goýan Saparmyrat Nyýazowyň GDA ýurtlary bilen arada wiza düzgünini girizenine geçen aý 25 ýyl doldy we, türkmenistanlylar Belarusyň hökümdary Aleksandr Lukaşenkonyň ýewropa ýurtlary bilen arada 30 günlük wizasyz sapar düzgünini girizmegine 'gözi gitmek bilen, täsin bir erteki ýaly' seredýärler diýip, Aşgabatdan gelen habarda aýdylýar.

Metbugat habarlaryna görä, Belarus şu ýylyň 19-njy iýulyndan 31-nji dekabry aralygynda Ýewropanyň 35 sany döwleti üçin 30 günlük wizasyz gelip-gitmek düzgünini girizýär we, Aşgabat bilen deňeşdirilende, Minsk wizasyz gatnaşyk meselesinde mundan öňem kän öňde barýardy.

Belarusyň ýokary okuw jaýlaryna okuwa girmäge ýa-da zähmet migrasiýasyna gitjek bolýan türkmen raýatlarynyň ýurtdan çykmagyna döredilýän emeli päsgelçilikler, şol sanda awiabilet gymmatlygy zerarly Özbegistanyň üsti bilen gitjek bolýan adamlaryň öňünde döredilýän kynçylyklar soňky günlerde has köpeldildi diýip, Azatlyk bilen gürleşen adamlar aýdýarlar.

“Belarus awia kompaniýasynyň Türkmenbaşydan Minskä gatnaýan uçarlarynyň biletleri köp adam üçin elýeterli däl we, Belarusa iş ýa okuw üçin gitjek ýolagçylaryň köpüsi goňşy Özbegistanyň üstünden, tranzit ýoly bilen gitmek kararyna gelýär. Emma türkmen migrasiýasy şu ýylyň iýunyndan bu ýoly hem baglap, raýatlara ‘gowy sowgat’ edipdir” diýip, özüni Döwlet diýip tanadan daşoguzly söhbetdeşimiz aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, migrasiýa gullugynyň Daşoguz-Şawat serhet geçelgesindäki işgärleri elinde özbek tranzit wizasy, Belarusa okuw ýa iş wizasy bolan türkmenistanlylary saklap, "Bolanok, bar, Aşgabatdan tranzit bilen uç ýa-da Türkmenbaşydan Minskä uç" diýip, yzyna gaýtarýar.

"Nirä we kime arzymyzy aýtjagymyzy bilemok, ýönekeý adamlaryň arzy diňlenmeýär" diýip, Görogly etrabynda ýaşaýan Döwlet habarçymyza aýtdy.

Türkmenistanda dowam edýän agyr ykdysady krizis we durşuna para çümendigi aýdylýan magaryf ulgamy adamlaryň barha köp daşary ýurtlara ymtylmagyna sebäp bolýar. Emma kagyz ýüzünde ‘açyk gapylar’ syýasatyny ýöredýän Türkmenistan, Belarus ýaly wizasyz gatnaşygy köpeltmäge derek, Nyýazowyň ýapyklyk syýasatyny ösdürip, adamlary ‘kösäp’ saklamaga çalyşýar diýip, ýaşaýjylar aýdýarlar.

Belarus häkimiýetleriniň 35 ýurt üçin girizilen wizasyz düzgüni “respublikanyň mundan beýläk-de açyklyga we parahatçylyk söýüjilige taýýardygy bilen" düşündirmegi türkmenistanlylarda bir topar sorag döretdi. Daşoguz welaýatynyň aýry-aýrylykda söhbetdeş bolan ýaşaýjylarynyň biri, “Belarus diktatorynyň ýollary açmak karary, belki, syýasy oýundyr, ýöne ol adamlar üçin bähbitli bolup biler” diýdi.

“Özüni oňyn Bitaraplygyň, "açyk gapylaryň", durnukly ösüşiň, parahatçylygyň watany diýip görkezmek isleýän Türkmenistan, iň bolmanda syýasy propaganda üçin hem, ilata peýdaly boljak ýurtlar bilen arada wizasyz gatnaşygy girizmeýär" diýip, ogly Belarusda okaýan daşoguzly ene aýtdy.

Aýry-aýrylykda gürleşen ýaşaýjylar belarus we türkmen režimlerini deňeşdirip, Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň ýurdy Belarusyň awtoritar häkimiýetlerinden hem ‘has dar we gözgyny ýagdaýda dolandyrýandygyny’ öňe sürdüler.

Aşgabatly synçynyň pikiriçe, resmi Aşgabadyň üzňelik, ýapyklyk syýasaty hatda özi ýaly awtoritar režimleriň fonunda hem örän yzagalak, gülkünç we gözgyny bolup görünýär.

"G. Berdimuhamedowyň halkara duşuşyklarda ýurduň transport we logistika mümkinçiliklerini has işjeň ulanmak, gümrük we nyrh resminamalarynyň meselerini ýeňilleşdirmek hakynda aýdan zatlary diňe bir ýurt içinde däl, hatda goňşy awtoritar režimleriň resmilerinde hem uly gülki döredýär” diýip, synçy türkmen DIM-inde işleýän tanşyna salgylanyp aýtdy.

Türkmenistanlylar diňe Belarusyň däl, goňşy Eýranyň dünýäniň onlarça ýurdy bilen arada wizasyz düzgün girizmegine, goňşy Özbegistanyň golaýda Taýland we arap döwletleri bilen arada wizasyz düzgün girizmegini ‘gözi gitmek’, ‘kemsinmek’ bilen garşy alýarlar diýip, ýerli synçy aýtdy.

“Özbegistan dünýäniň onlarça döwletiniň raýatlary üçin wiza düzgünini ýatyrdy, emma bu sanawda Türkmenistan ýok. Bu Aşgabadyň dilde açyklyk, iş ýüzünde ýapyklyk, doly üzňelik syýasatyna hemmeleriň düşünýändigini aňladýar" diýip, aşgabatly syýasy synçy habarçymyz bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Türkmenistan ýurtda dowam edýän agyr ykdysady çökgünligiň we işsizligiň arasynda, bilim pudagyndaky parahorlugyň barha çuňlaşmagy bilen, berk wiza düzgüni arkaly, ýurtdan köpçülikleýin gidýän adamlary emeli päsgelçilikler bilen saklamaga çalyşýana meňzeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG