Prezident Serdar Berdimuhamedow 12-nji iýulda Türkmenistanda geljek ýylyň başyndan zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakyndaky karara gol çekdi.
Permanda aýdylmagyna görä, 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň; pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň; talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini 10 göterim ýokarlandyrmaly.
Şeýle-de, permana laýyklykda:
- Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberini 2280 manat möçberde;
- Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň ýanýoldaşlarynyň we tylda zähmet çekenleriň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberini 665 manat möçberde;
- pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin binýatlyk ululygy 550 manat möçberde;
- döwlet kömek pullaryny hasaplamak üçin binýatlyk ululygy 520 manat möçberde bellener.
Mundan başga, Türkmenistan boýunça iň pes aýlyk zähmet haky 1410 manat möçberde bellener we ol aýlyk zähmet haklaryny düzgünleşdirmek üçin ulanylar.
Türkmenistanda zähmet haklarynyň 10% köpeldiljekdigi her ýyl alty aý öňünden, iýulda habar berilýär we şu aralykda durmuşyň, harytlaryň näçe gymmatlandygy, manadyň hümmeti baradaky anyk maglumatlar aýdylmaýar.