Türkmenistanyň häkimiýetleri özleri tarapyndan “howply” we “ahlaksyz” diýlip kesgitlenen wideolary we suratlary sosial ulgamlarda paýlaşýan raýatlara garşy göreşini güýçlendirdi.
Bu raýatlar 15 günden 5 ýyla çenli türme tussaglygy, şeýle-de okuwdan we işden çykarylmak bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 3-nji dekabrda Aşgabatdan, Daşoguz we Balkan welaýatlaryndan maglumat berdiler.
“Türkmenistanda TikTokda ýa-da Instagramda ‘howply’ ýa-da ‘ahlaksyz’ hasaplanýan wideolary paýlaşan raýatlar haýal etmän, Milli howpsuzlyk ministrliginiň ýa-da polisiýanyň edaralaryna çagyrylyp başlandy. Olaryň arasynda ulagyny ýokary tizlik bilen dolandyran, erotik mazmunly wideolary paýlaşan raýatlar bar” diýip, ýagdaýlardan habarly paýtagtyň polisiýa bölümindäki çeşmämiz aýtdy.
Çeşmämiziň tassyklamagyna görä, ýakynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň (TDLU) bäşinji ýyl talyp gyzlarynyň dört sanysy erotik mazmunly wideolary özleriniň TikTok profilinden paýlaşandygy üçin okuw jaýyndan kowuldy.
"Olara ýedi gije-gündiz tussaglyk hem berildi” diýip, çeşmämiz aýtdy.
Daşogzuň kanun goraýjy edaralarynyň birindäki çeşmämiz hem, häkimiýetleriň bu çäreleriniň çäginde golaýda Russiýada bilim alyp gelen, Görogly etrabynyň ýaşaýjysynyň tussag edilendigini aýtdy.
Raýatyň tussag edilmegine, onuň özüne degişli bolan ýeňil ulagyň gapdal aýnasyndan göwresini çykaryp, ulag dolandyryp barýan wideosyny TikTokda paýlaşmagy sebäp boldy.
“Ol MHM tarapyndan soraga çekilip, 15 gije-gündiz tussaglyk jezasyna höküm edildi. Onuň ulagyny 30 günlük jerime duralgasyna ýerleşdirdiler” diýip, çeşmämiz onuň okuwyny tamamlap gelenine heniz iki aý hem bolmandygyny belledi.
Azatlykda bu raýatyň şahsyýetini anyklaýan maglumatlar bolsa-da, howpsuzlyk aladalary sebäpli ony köpçülige mälim etmekden saklanýar.
Häkimiýetleriň şuňa meňzeş çäreleri Balkanda hem güýçlendi. Ýerli polisiýa bölümleriniň birindäki çeşmämiziň tassyklamagyna görä, bularyň çäginde Balkanabat şäherinde ýedi sany ýaş ýigit tussag edildi.
“Golaýda Balkanabadyň uly baýdak meýdançasynyň oturgyjynda çilim çekip, piwo içip oturan wideosyny TikTokda paýlaşan bu ýedi ýigidiň her birine bäş ýyl kesildi” diýip, çeşmämiz aýtdy.
Onuň tassyklamagyna görä, 18-21 ýaş aralygyndaky ýigitler watanyň tuguny “äsgermezlikde” we bu hereketi Internet arkaly paýlaşyp, “ýaşlara erbet görelde bolmakda” aýyplandy.
Bellesek, Türkmenistanyň kanunçylygynda baýdak meýdançasynda çilim çekmegiň we piwo içmegiň gadagandygyny äşgär edýän haýsydyr bir kanun göze ilmeýär.
“Türkmenistanyň howpsuzlyk gulluklary Magtymguly pyragynyň heýkeliniň we seýilgähiniň çäginde, döwlet baýdak meýdançalarynda, prezident portretleri bar ýerlerde, bilip bilmän, tüýküren, çigit gabygyny taşlan adamlary hem tussag edýär. Eger ýaş gyz we ýigit oturgyçda biri-birine ýakyn oturan bolsa, onda olary hem saklap, belli şahsyýetlere hormat goýmazlykda aýyplaýarlar. Olara uly möçberde pul jerimesi salynýar” diýip, çeşmämiz belledi.
Häkimiýetler bu çäreleriniň sebäpleri barada aç-açan resmi düşündiriş bermeýän mahaly, bu barada ýurduň metbugatynda hem hiç hili mesele gozgalmaýar. Azatlyk bu ýagdaýlar barada degişli türkmen häkimiýetlerinden, şol sanda TDLU-den teswir hem alyp bilmedi.
Ýöne häkimiýetleriň bu çäreleri sosial ulgamlaryň türkmen dilli ulanyjylarynyň arasynda jynsy gatnaşyk we erotik mazmunly temalaryň aç-açan gürrüň edilmeginiň ýygjamlaşan mahalyna gabat geldi.
“Häzir TikTokda türkmen ýaşlary erotik mazmunly wideolary diňe paýlaşman, olar jynsy gatnaşyk, intim temalar bararda aç-açan göniefirleri geçirýärler. Käbir wideolarda ýaşlaryň bedeniniň käbir intim böleklerini görkezýän pursatlaryny hem görse bolýar” diýip, aşgabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Bu aralykda, garaşsyz neşir “Türkmenistanyň Hronikasy” çuw ýalaňaç bir adamyň Aşgabadyň köçelerinde batyrgaýlyk bilen ýöreýän pursatlaryny görkezýän wideony paýlaşdy.
Neşir 2-nji dekabrda bolandygy aýdylýan wakada raýatyň bu hereketi köp mukdarda puluň öwezine ýerine ýetirendigi barada habar berlendigini belleýär.
“Puly alandygyny ýa-da almandygyny anyklamak başartmady. Polisiýa ony wagtlaýyn tussaghana äkitdi. Oňa jemgyýetçilik tertibini bozandygy üçin pul jerimesi salnyp bilner” diýip, neşir ýazýar.
Türkmenistanyň häkimiýetleri “ahlak, milli däp-dessurlara hormat goýmak” temalaryna ýygy-ýygydan ünsi çekýärler. Mekdeplerde, ýokary okuw jaýlarynda we edara-kärhanalarda “ahlak terbiýesine” bagyşlanan ýygnaklar geçirilýär.
Aýal-gyzlardan "ahlakly bolmak, milli däp-dessurlara gabat gelýän köýnekleri geýmek" talap edilýär. Ýurtda Internet elýeterliligi hem çäkli bolup, oňa häkimiýetler tarapyndan berk gözegçilik edilýär.
Bular nazara alnanda, soňky wakalaryň, şol sanda sosial ulgamlardaky işjeňligiň Türkmenistan üçin “adaty bolmadyk, täze ýagdaýlardygyny” synlasa bolýar.
Ýagdaýlara syn edýän synçylaryň birnäçesi bularyň häzirki zaman şertlerinde “gaçyp bolmajak, adaty ýagdaýlardygyny” aýdyp, häkimiýetleriň soňky çärelerini “raýatlary dymdyrmagyň, gürletmezliginiň, erkin hereket etmezliginiň öňüni almagyň nobatdaky tapgyry” atlandyrýar.
"Biziň ýurdumyzda ýaşy 60-dan aşan öňki prezidentiň aýal-gyzlaryň arasynda dijeýlik etmegi adaty bir zat hasaplanýan mahaly, näme üçin ýaşlar seýilgähde çilim çekip, piwo içip bilmeýär ýa-da erotik häsiýetli wideolary paýlaşyp bilmeýär?" diýip, bir synçy anonimlik şertinde belleýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum