Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda ‘Azyk howpsuzlygy’ hakyndaky kanunyň täze görnüşi güýje girdi


Aşgabadyň "Rus bazaryndan" haryt satyn alýan ýaşaýjy.
Aşgabadyň "Rus bazaryndan" haryt satyn alýan ýaşaýjy.

Türkmenistanyň “Azyk howpsuzlygy” hakyndaky Kanunynyň rejelenen görnüşi resmi metbugatda çap edilip, ol şu gün, 7-nji dekabrdan başlap güýje girdi.

Şu ýylyň 23-nji noýabrynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol goýan bu kanuny “Türkmenistanyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitleýär, şeýle-de raýatlaryň peýdaly we talaba laýyk iýmitlenmäge bolan hukugyny durmuşa geçirmegiň hukuk esaslaryny belleýär”.

Bu kanunda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek üçin “azyk ýetmezçilikleriniň öňüni almaga, iýmitlenmegiň rejeli kadalaryna laýyklykda ilatyň ýaşaýyş üçin wajyp iýmit önümlerine we iýmit çig malyna bolan zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga gönükdirilen ykdysady, guramaçylyk-hukuk we beýleki çäreleriň işläp taýýarlanylmalydygy hem-de amala aşyrylmalydygy” aýdylýar.

IV bapdan, 19 maddadan ybarat bu kanunda beýleki hukuk esaslary bilen bir hatarda, azygyň fiziki taýdan elýeterliligi, ilatyň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin iýmit önümleriniň ýeterlik möçberlerde olaryň satylýan we sarp edilýän ýerlerine bökdençsiz gelmegi hem kesgitlenilýär.

Bu kanunyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi, ýurtda azyk harytlarynyň bahasynyň gymmatlan hem-de iň zerur gündelik önümleriň käbirleriniň gytçylygynyň dowam edýän mahalyna gabat geldi.

Soňky bir hepdäniň dowamynda Aşgabadyň we Türkmenabadyň bazarlarynda konditer, hoz-maňyz, senagat we miwe önümleri tas iki esse diýen ýaly gymmatlady.

Galyberse-de, indi dört aýa golaý wagt bäri ýurduň döwlete degişli dükanlarynda şekeri we çigit ýagyny satyn almakdaky bökdençlikler we çäklendirmeler dowam edýär. Daşoguzly käbir ýaşaýjylar bu harytlary satyn almak üçin özleriniň onlarça gün öňünden nobata durýandyklaryny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG