Türkmen uçarlary 10-njy iýun we 9-njy iýul aralygynda Türkmenistanyň 289 zyýaratçysyny Saud Arabystany patyşalygyna eltip, soňra yzyna alyp gaýdar.
Türkmen döwlet habar gullugy prezidentiň 27-nji maýda haj parzyny berjaý etjek zyýaratçylaryň bir bölegine degişli buýruga gol çekendigini habar berdi.
Zyýatarçylar üçin gurnalýan ýörite uçar gatnawlary, Türkmenistanda adat bolşy ýaly, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň öz serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.
Azatlygyň habarçylary öňki ýyllarda zyýaratçylardan Berdimuhamedowlaryň adyna doga-dileg etmegiň soralýandygyny habar berdiler.
Döwletiň hasabyna haj zyýaratyny amala aşyrýan raýatlaryň degişli gulluklaryň berk barlagy esasynda, hökümetiň talaplaryna gabat gelýän adamlaryň içinden saýlanyp alynýandygy, bu işde käte para-peşgeşiň ‘çözgüt’ bolup bilýändigi hem habar berilýär.