Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Gorky şalygynda zor bilen ýitirim edilenleriň ykbaly' hukuk bozulmalarynyň gerimini açyp görkezýär


Türkmen türmelerinde zor bilen ýitirim edilen adamlaryň hukuklaryny gorap çykyş edýän ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalarynyň koalisiýasy, "Olary diri görkeziň!" kampaniýasy Türkmenistanda 160-dan gowrak adamyň zorlukly ýitirilendigini tassyklaýar.
Türkmen türmelerinde zor bilen ýitirim edilen adamlaryň hukuklaryny gorap çykyş edýän ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalarynyň koalisiýasy, "Olary diri görkeziň!" kampaniýasy Türkmenistanda 160-dan gowrak adamyň zorlukly ýitirilendigini tassyklaýar.

Türkmenistanyň öňki prezidenti, Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 17 ýyl mundan ozal, ilkinji möhlete prezident wezipesine girişmeginiň yz ýany, 2007-nji ýylyň sentýabrynda Birleşen Ştatlara amala aşyran saparynyň çäklerinde Nýu-Ýorkdaky Kolumbiýa uniwersitetinde intelligensiýa wekilleriniň öňünde eden çykyşynda türkmen türmelerinde zor bilen ýitirim edilen adamlaryň diridigine özüniň ynanýandygyny aýtdy. Bu çykyş onuň bu mesele boýunça köpçüligiň öňünde eden ilkinji we, häzire çenli, iň soňky çykyşy boldy.

“Aýry-aýry tussaglaryň diridigi ýa-da däldigi barada beren soragyňyz barada aýdylanda, meniň ýaňy hem aýdyşym ýaly, men entek ýaş prezident. Men bu meseleler bilen meşgullanmaýaryn. Men öz halkymyň abadançylygy bilen meşgullanýaryn, ýöne men olaryň diridigine ynanýaryn” diýip, şonda Berdimuhamedow bu mesele boýunça özüne berlen bir soraga jogap berdi. Bu sorag, Türkmenistandaky syýasy tussaglaryň, hususan-da öňki daşary işler ministri Boris Şyhmyradowyň hem-de öňki diplomat Batyr Berdiýewiň türmedäki ykbaly, olaryň diridigi ýa-da däldigi bilen gyzyklanýardy.

DT: 'Zor bilen ýitirim edilenleriň ykbaly' hukuk bozulmalarynyň gerimini açyp görkezýär (1-nji bölüm)
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

Berdimuhamedow geçen iki onýyllyga golaý wagtyň dowamynda bu meseläni asla köpçülikde gozgamady.

Türkmenistanda zor bilen ýitirim edilenleriň ykbalyny ýakyndan yzarlaýan aşgabatly synçy Serdar Aýtakow Azatlyk Radiosyna ýazmaça beren interwýusynda Türkmenistanda zor bilen ýitirim edilen adamlaryň soňky ykbaly boýunça Gurbanguly Berdimuhamedowy jogapkär hasaplaýandygyny aýdýar.

“[Gurbanguly] Berdimuhamedow Boriş Şyhmyradow we Batyr Berdiýewiň ykbaly barada eden çykyşynda ‘olar diridir’ diýip, jogap bermek bilen, Şyhmyradowyň we Berdiýewiň saglyk ýagdaýy we ömri bilen bagly ähli jogapkärçiligi öz üstüne almadyk hem bolsa, ähli ygtyýarlyklary we jogapkärçilikleri bilen döwletiň üstüne aldy. Ýöne sähel salym soň, Türkmenistanda bu konseptler, ýagny Berdimuhamedow we döwlet düşünjesi birleşdi; şeýlelikde, dereksiz ýiten bu iki adamyň, galyberse-de, ýitirim edilen beýleki adamlaryň ählisiniň ömri we ykbaly bilen bagly ähli jogapkärçiligiň häzirki wagtda öňki prezident, Halk Maslahatynyň başlygy, Gahryman-Arkadag Gurbanguly Beridmuhamedowyň boýnundadygyny uly ynam bilen arkaýyn aýdyp bolar” diýip, aşgabatly synçy aýdýar.

Giriş

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 2010-njy ýylyň 21-nji dekabrynda (geň tötänlik – Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň ölüminiň dördünji ýyl dönüminde) her ýylyň 30-njy awgustyny Zor bilen ýitirim edilmeleriň pidalarynyň halkara güni hökmünde bellemek barada karar kabul etdi. Şondan bäri bu sene dünýäde adamzada garşy jenaýat hökmünde ykrar edilen zorlukly ýitirim edilmeleriň pidalaryny goramaga, olary hatyralamaga we hormatlamaga gönükdirilip, her ýyl giňden bellenip geçilýär.

Ynsan hukuklaryny goraýjy guramalar Türkmenistanda zor bilen ýitirim edilmeler boýunça 160 çemesi hadysany resmi taýdan tassyk etdiler, ýöne halkara hasabatlara görä, ýüzlerçe adam türkmen türmelerinde dereksiz ýitdi.

Dünýä Türkmenleri programmamyzyň nobatdaky ýörite sany Zor bilen ýitirim edilmeleriň halkara gününe bagyşlanýar, dereksiz ýiten türkmen tussaglarynyň ykbalyny üns merkezine çekýär.

Türmeden syzan setirler

“Indi bolsa ara düşdi sakçylar,

Ýazgyt bize ajy gözýaş eçildi,

Aýra saldy bizi

Ýyllarboýy

Garaşmaga iterdi”

- diýip, 40 ýaşda Türkmenistanyň daşary işler ministri bolup, iki ýyl soňra ýurtda bolup geçen köpçülikleýin tussag etmelerde azatlykdan mahrum edilen we zor bilen ýitirim edilenleriň sanawyna girizilen Batyr Berdiýew tussaglygyň ilkinji günlerinde, 2002-2003-nji ýyllarda türmede ogluna ýazan şygyr setirlerinde aýdýar.

“Arzuwlara däl-de,

geň-taň zatlara

Duçar bolanymyz üçin,

Meni bagyşla!

Ejeň gizlin aglasa,

Meni bagyşla!

Seni bagryna basyp,

Ýatan bolsa lapykeç,

Meni bagyşla!”

- diýip, ýaş başyna uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilen öňki ministr şol wagtlar kiçi ýaşda bolan ogluna ýalbarýar

Awtoryň golýazmalarynyň takmynan 2003-nji ýylda türkmen türmelerinden daşaryk gaçyrylyp çykarylandygyna ynanylýar. Goşgular ýygyndysy 2017-nji ýylda daşary ýurtda çap boldy. Berdiýew we başga-da onlarça adam heniz hem türkmen türmelerinde dereksiz ýitenleriň hatarynda galýar.

Zor bilen ýitirim edilmeleriň Türkmenistandaky taryhyna dolansak, ýurtda syýasy diýdimzorlygyň düýbüniň tutulyp başlanan ýyllarynda, 90-njy ýyllarda bu jenaýatyň ilkinji alamatlary ýüze çykyp başlan-da bolsa, sistematik görnüşde köpçülikleýin ýitirim etmeler 2002-nji ýylyň noýabrynda, öňki prezident Nyýazowyň janyna kast edişlik synanyşygy diýilýän wakadan soňra batlandy.

Syýasy sarsgyn

Heniz hem köp jähtden üsti açylman galýan noýabr wakasy türkmen syýasatynda seýsmiki sarsgyn döretdi. Bu wakanyň yz ýany onlarça resmi, olaryň maşgala agzalary köpçülikleýin tussag edildi, olaryň ençemesi uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edildi.

Waka şeýle boldy: resmi wersiýa görä, 2002-nji ýylyň 25-nji noýabrda irden sagat 7:00 töwereklerinde Aşgabadyň öňki Lenin, häzirki Türkmenbaşy şa ýolunyň ugrunda ýaragly adamlar Nyýazowyň janyna kast etmäge, hökümeti agdarmaga synanyşdy. Nyýazow bu waka boýunça öz garşydaşlaryny, döwlet aparatynyň öňki möhüm sütünleriniň biri bolup, syýasy karýerasynyň soňky ýyllarynda oppozisiýa goşulan, öňki daşary işler ministri Boris Şyhmyradowy we onuň egindeşlerini aýyplady.

Ilkinji prezident jana kast edişlik synanyşygy diýilýäniň yz ýany, döwlet telewideniýesinde arlap çykyş etdi we “öz janyny Alladan başga hiç kimiň alyp bilmejekdigini” yglan etdi.

“Allanyň beren ömründen artyk men hem ýaşamaryn, hiç kim hem ýaşamaz! Men bu wakadan çekinip, ‘şony etjek boldular’ diýip, gama-da batamok! Olaryň jezasyny ir-u giç bereris, gitjek ýerleri ýok” diýip, Nyýazow telewizion çykyşynda aýtdy.

Aýdyşy ýaly hem boldy. Bu wakada aýyplanan resmiler, öňki emeldarlar we olaryň maşgala agzalary, ilkinji nobatda öňki daşary işler ministri Boris Şyhmyradow we egindeşleri, onlarça adam yzly-yzyna tussag edilip başlandy.

Nyýazow gazaba münýär

Nyýazow gazaba mündi, atyşyk wakasyny ganly waka hökmünde döwlet telewideniýesinde öz raýatlaryna habar berdi. Başgalar hem habar bererler, ýöne siz menden eşidiň diýdi!

Ýöne bu wakanyň töwereginde heniz hem üsti açylmaýan ençeme detal, bir topar sorag bar! Jana kast edişlikde aýyplanýan adamlar Türkmenistana haçan geldi, nädip geldi, şa ýolda prezidentiň ulag kerweniniň öňüni baglamaga çalşan ulaglar nädip, kim tarapyndan bu wakanyň içine çekildi, ýa-da bu waka doly sahnalaşdyryldymy, kim sahnalaşdyrdy.!?

Başga-da bir topar sorag bar, meselem, şol soraglaryň biri hem Nyýazowyň bu wakadan üç gün ozal döwlet telewideniýesinde güýç edaralarynyň ýolbaşçylary bilen eden ýygnagynda aýdan käbir sözleri bolup durýar. Şol ýygnakda prezident öz-özünden güýç edaralaryny aýratyn hüşgärlige çagyryp, olara ýurtda bolup geçýän her bir wakadan habarly galmagy ündedi.

“Türkmenistanda döwlet boljak bolsak, çöp gymyldasa bilmeli siz, hökmany suratda obalarda, şäherlerde, şäherçelerde, çölüň içinde, Garagumda bidüzgünçilik bolsa, ýa-da bir gowy ýagdaý bolsa, hökman hukuk goraýan edaralar bilmeli, bu siziň borjuňyz. !” diýip, Nyýazowyň şonda hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna ýüzlenip aýdan sözleri, 22-nji noýabrda döwlet telewideniýesinde efire berildi.

Ol bu sözleriň logiki dowamy bolan pikirlerini we çagyryşlaryny üç gün soňra bolup geçen jana kast edişlik diýilýän wakadan soňra köpçülige aýan etdi:

“Heý hem bir beýle zat bolarmy, bir ýarym aýlap taýynlyk görüpdirler, getirýärler türkleri, Orsýetiň raýatlaryny, hiç haýsyňyz hem pikir edeňizok, ‘munuň yzynda näme ýatyr, yzynda kimiň bähbidi bar?’ Men aýdaýyn, bu taýda bir topar döwletleriň bähbidi bar” diýip, Nyýazow aýtdy.

Ol bu waka boýunça başgalara barmak çommaltmagy dowam etdirdi:

“Kime gerek şuny gurnamak? Bir Şyhmyradowyň edeýin diýeni bilen edip bolmaýar-a muny, bir Şyhmyradyň başarjak zady däl-ä bu, ýa-da Jumaýewiň başarjak zady däl bu, Yklymowyň hem başarjak zady däl, munuň arkasynda duranlar kim, pikir edip bir oýlanýarsyňyzmy käwagt, näme üçin edýärlerkä!? Kime gerek şu?” diýip, Nyýazow sorag berdi.

Bu soraglar, synçylara görä, döwlet diwanynda has köp paranoýa ýol açdy we, yz ýany, köpçülikleýin tussag etmeler başlandy.

Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Sapamyrat Nyýazow (çepde) we Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin. Arhiw suraty. 23-nji aprel, 2002 ý. Aşgabat ş, Türkmenistan.
Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Sapamyrat Nyýazow (çepde) we Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin. Arhiw suraty. 23-nji aprel, 2002 ý. Aşgabat ş, Türkmenistan.

“Ilkinji gezek urşup,

Köýnegiňi ýyrtdyryp gelseň öýe,

Men bagyşla!

Ýanyňda bolup bilmeýänim üçin,

Meni bagyşla Rahmaş!

Durmuş kynlaşyp başlanda,

Men ýanyňda ýok bolsam,

Meni bagyşla!”

- diýip, orta ýaşda uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilip, türkmen türmesinde dereksiz ýiten öňki diplomat türmeden ogluna seslenýär.

Türkmenistanyň 33 ýyllyk garaşsyzlyk taryhynda ýurtda ol ýa-da beýleki sebäplere görä häkimiýetler tarapyndan ýanalyp, synçylara görä, syýasy matlaplar bilen tussag edilen we türmelerde özlerini bala-çagalarynyň öňünde ýazykly duýup, dereksiz ýitirim bolan adamlaryň ullakan sanawy emele geldi.

Dereksiz ýitirim bolan adamlar köplenç hökümet bilen ylalaşmaýan adamlar boldy.

Synçylar noýabr wakalarynyň yz ýany bolup geçen tussag etmeler bilen, ýurtda özge pikiriň, başgaça garaýşyň, oppozisýa düşünjesiniň kökünden sogrulyp aýrylandygyny aýdýarlar.

Halkara tagallalar

Ynsan hukuklaryny goraýjy birnäçe halkara guramasy Türkmenistanda zor bilen ýitirim edilmeleriň yzyny çalmaga, bu meselä türkmen hökümetiniň hem-de halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmäge niýetläp, 2013-nji ýylda “Olary diri görkeziň!” kampaniýasyny esaslandyrdylar.

Bu kampaniýanyň çäginde “Crude Accountability” (ABŞ), Norwegiýanyň Helsinki komiteti, “Erkinlik faýllary” (Russiýa), Human Rights Watch ýaly adam hukuklaryny goraýjy iri toparlar, şeýle-de Türkmenistandan bolan garaşsyz ekspertler we raýat aktiwistleri ýurduň türmelerinde dereksiz ýiten adamlaryň ykbalyny öwrenip, bu adamlaryň sanawyny ýöredip başladylar. 10 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda bu sanaw barha galňamak bilen boldy.

Irki ýyllarda türkmen türmelerinde dereksiz ýiten 88 adam boýunça subutnamalary hödürlän kampaniýanyň 2021-nji ýylda çap eden iň soňky hasabaty ýurtda zor bilen ýitirim edilenleriň umumy resmi sanyny 162 adam hökmünde kesgitledi, ýöne şol bir wagtda, bu görkezijiniň ýüzlerçe adama barabar bolandygyny çaklady.

"Olary diri görkeziň!" kampaniýasynyň nyşany
"Olary diri görkeziň!" kampaniýasynyň nyşany

Türkmenistanda dereksiz ýitirim edilen adamlaryň ykbaly boýunça halkara tagallalary birleşdirmäge çalyşýan “Olary diri görkeziň!” kampaniýasynyň esaslandyryjy agzalarynyň biri hem düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän “Crude Accountability” guramasydyr. Bu guramanyň ýerine ýetiriji direktory Keýt Watters (Kate Watters) Azatlyk Radiosy bilen telefon söhbetdeşliginde kampaniýanyň alyp barýan işleri barada maglumat berip, türkmen hökümetini adamlary zor bilen ýitirim etmegi bes etmäge çagyrdy.

"[Türkmenistanda zor bilen ýitirim edilenleriň] sanawy soňky birnäçe ýyl bäri resmi taýdan täzelenmedi, ýöne bu, olaryň sanynyň artmaýandygyny aňlatmaýar. Biziň 2021-nji ýyldaky iň soňky sanawymyzda 162 sany at bar, bu sanaw ençeme ýyl mundan ozal ýitirim bolan adamlary hem-de käbir soňky hadysalary hem öz içine alýar. Biz bu adamlary olaryň jenaýatlary diýilýänler boýunça kategoriýalara bölýäris, ýöne biz olaryň syýasy tussaglar bolandygyny bilýäris" diýip, Watters aýdýar.

Ol Türkmenistanda ýitirim edilen adamlaryň arasynda, hususan-da bireýýäm tussaglyk möhleti tamamlanan adamlaryň we olaryň maşgala agzalarynyň hal-awhalyna ünsi çekýär:

“Sanawdaky 30-dan gowrak adam bireýýäm türme möhletini tamamlady ýöne boşadylmady. Olaryň maşgala agzalary we halkara jemgyýetçiligi olaryň diridigini ýa-da ölüdigini, hatda öňki bolýan türmesindedigini ýa-da däldigini bilmeýär. Maglumatyň bolmazlygy örän möhüm mesele. Bu adamlaryň öz maşgalalaryny görmäge, hukuk we lukmançylyk kömegini almaga we ynsan hukuklarynyň halkara kadalarynyň çäklerinde özlerine berlen hukuklardan doly peýdalanmaga haklary bardyr. Olaryň möhletiniň dolandygyna garamazdan, türme tussaglygynyň dowam etdirilmegi gözçykgynç hukuk bozulmasydyr” diýip, ynsan hukuklaryny goraýjy aýtdy.

Halkara toparlar Türkmenistandaky zor bilen ýitirim edilmeler boýunça Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropa Geňeşi we Ýewropa Bileleşigi ýaly halkara guramalary bilen, şeýle-de dürli daşary ýurt döwletleriniň hökümetleri we kanun çykaryjy edaralary bilen hyzmatdaşlyk edýärler.

Ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalarynyň tagallalary netijesinde, Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça komiteti 2014-nji ýylda öňki daşary işler ministri Boris Şyhmyradow boýunça ýörite karar kabul edip, onuň zor bilen ýitirim edilmäniň pidasy bolandygyny ykrar etdi we Türkmenistanyň hökümetinden Şyhmyradowa hem-de onuň maşgala agzalaryna bejeriş çäresini hödürlemegi talap etdi. Nyýazow we onuň ýaranlary Şyhmyradowy jana kast edişlik we döwlet agdarylyşygy synanyşyklaryna ýolbaşçylyk etmekde aýyplapdy.

Ynsan hukuklaryny goraýjy toparlar we garaşsyz hünärmenler halkara meýdançalarda türkmen hökümetinden zor bilen ýitirim edilen adamlaryň ykbaly boýunça düşündiriş talap etmegi dowam etdirdiler. Ýöne bu talaplar mydama kanagatlandyrylmady.

Synçylara görä, döwlet diwany dereksiz ýitirim edilen adamlar boýunça bar bolan ähli maglumatlary ýa ýaşyrmaga, ýa-da ýoýmaga ýykgyn etdi.

Meselem, halkara hasabatlara görä, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi adam hukuklarynyň Türkmenistandaky ýagdaýy boýunça Ähliumumy döwürleýin syna niýetläp, 2020-nji ýylda iberen hasabatynda bu ýurtda raýatlardan zorlukly ýitirim edilmeler bilen bagly hiç hili arz-şikaýatyň gelip gowuşmandygyny öňe sürdi. Bu hili öňe sürmeler ýylyň-ýylyna gaýtalandy.

Şol bir wagtda, hukuk toparlaryna görä, ýurtda dereksiz ýitenleriň sanawy diňe bir noýabr wakalarynda aýyplanýan adamlar bilen çäklenmedi.

“Olary diri görkeziň!” kampaniýasy Türkmenistanda dereksiz ýitenleriň sanawyny esasan dört kategoriýa bölýär, olar şulardyr: “noýabr” wakalaryna göni ýa-da gytaklaýyn gatnaşmakda aýyplanýan adamlar, “yslam ekstremizminde” aýyplanýan adamlar, ykdysady jenaýatlarda we wezipesinden hyýanatly peýdalanmakda aýyplanýan adamlar we raýat jemgyýetiniň aktiwistleri.

Bu kategoriýalar boýunça azatlykdan mahrum edilen adamlar köplenç ýurduň ýakasy gaýyşly Owadandepe türmesinde saklanýarlar. Bu kategoriýalar, synçylara görä, Türkmenistanda döwletiň howpsuzlyk refleksiniň esasan özge pikiri, adamlaryň ynanç-ygtykadyny ýa-da syýasy we raýat pozisiýasyny beýan etmegini özüne wehim hökmünde görýändigini açyp görkezýär.

Ýitirim edilen adamlaryň dogan-garyndaşlary hem döwletiň howpsuzlyk gurluşlarynyň hemişelik gözegçiligi astynda galýarlar.

Halkara hukuk toparlary Türkmenistanda dereksiz ýiten adamlaryň syýasy matlaplar bilen tussag edilip, ýowuz we adamkärçiliksiz çemeleşmelere hem-de gynamalara sezewar edilendiklerini aýdýarlar.

Türkmen türmelerinde dereksiz ýitirim edilen öňki diplomat Batyr Berdiýewiň 2002-2003-nji ýyllarda ýazandygyna ynanylýan goşgy setirleri türkmen türmelerinden gaçyrylyp çykaryldy we daşary ýurtlarda çap edildi.
Türkmen türmelerinde dereksiz ýitirim edilen öňki diplomat Batyr Berdiýewiň 2002-2003-nji ýyllarda ýazandygyna ynanylýan goşgy setirleri türkmen türmelerinden gaçyrylyp çykaryldy we daşary ýurtlarda çap edildi.

“Ýöne günler tiz geçer,

We biziň aýra düşen günlerimiz

Umyt ummanynda gark bolar

Onsoň sen we men ejeňi

Bagrymyza basarys!

Emaý bilen, seresap

Bu haçan hem bolsa, şeýle bolar

Bilýärin!

Belki, bu golaýda bolmaz

Men edil aga-ini ýaly seni bagra basaryn

Ýöne häzir welin,

sen ejeňe arkadag bolmaly

Ejeň ýaplanar ýaly

Öňi-soňy sen,

ýigit çykmalydyň ahyry!”

- diýip, ömrüniň baharynda türkmen türmesinde dereksiz ýiten öňki diplomat kiçi ýaşly ogluna türmeden göwünlik berýär.

Halkara konwensiýasy

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 2006-njy ýylyň 20-nji dekabrynda (ýene-de bir geň tötänlik – Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň ölüminden bir gün öň) Ähli adamlary zorlukly ýitirim edilmeden goramak baradaky halkara konwensiýasyny kabul etdi. Bu konwensiýa 2007-nji ýylyň 6-njy fewralynda Parižde gol goýmaga hödür edildi we 2010-njy ýylda güýje girdi. Türkmenistan bu halkara konwensiýasyna heniz goşulmady.

Tutuş dünýäde 2010-njy ýyllaryň başlaryndan bäri zorlukly ýitirim edilmelere garşy tagallalar güýçlenýär. Şondan bäri her ýylyň 30-njy awgusty Zor bilen ýitirim edilmeleriň pidalarynyň halkara güni hökmünde halkara jemgyýetçiligi tarapyndan giňden bellenip geçilýär.

2002-nji ýylda bolup geçen köpçülikleýin tutha-tutluklarda 40 ýaşlarynda uzak möhletli tussaglyga höküm edilip, zor bilen ýitirim edilenleriň sanawyna girizilen Batyr Berdiýewiň irki ýyllarda türmeden syzyp çykan goşgulary diri ýiten tussagyň umyt we hasrat duýgularyny beýan edýär.

Berdiýewiň zähmet ýoly

Batyr Berdiýew 1960-njy ýylyň 3-nji oktýabrynda Aşgabatda eneden doguldy. Ol Türkmen döwlet uniwersitetiniň Filologiýa fakultetini tamamlap, “Komsomolets Türkmenistana” gazetinde zähmet ýoluna başlaýar. Ol bu gazetde redaktor basgançagyna çenli ýokary galyp, 1990-1992-nji ýyllarda “Soýuz” (Birleşik) we “Žizn” (Durmuş) hepdelik neşirleriniň Türkmenistandaky habarçysy bolup işleýär.

Berdiýew 1992-nji ýylda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi.

Ol soňra, 1994-nji ýylda Türkmenistanyň Awstriýa respublikasyndaky Işleri ynanylan wekili wezipesine, 1995-nji ýylda bolsa Türkmenistanyň Awstriýa, Slowakiýa we Çehiýa respublikalaryndaky ilçisi, Türkmenistanyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyndaky wekili wezipelerine, 2000-2001-nji ýylda bolsa Türkmenistanyň daşary işler ministri wezipesine bellenildi.

Berdiýew Nyýazowa garşy dildüwşükde, jana kast edişlik synanyşygy diýilýän wakada aýyplanyp, 2002-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Aşgabatda tussag edildi. Ol 2003-nji ýylyň 20-21-nji ýanwar günlerinde kazyýet jogapkärçiligine çekilip, 25 ýyl möhlet bilen azatlykdan mahrum edildi.

Şondan soňra, Berdiýew bilen türmede bile oturan adamlar 2005-nji ýylda onuň türmede sesini eşidendiklerini aýtdylar.

...Ýadyňa sal, Ýezolonyň deňzini,

Goja deňziň köpüklerniň seni ýelpeýşi,

Ejeň bakyşlarnyň bolsa,

Ikimizi hem edil,

Taňrynyň rehim-şepagaty misli,

Gundaklaýşy...

Tolkun bizi gujaklap, bagryna basdy,

Şor deňziň tagamyn dadanymyzda bolsa,

Gülüp hezil edipdik.

Ol wagtlar sen heniz

Ýigit çykardan ýaşdyň,

Ýöne durmuş bize bireýýäm,

Däli-jeýhun,

ýazgytlary ýazypdy,

We ýyldyza gaplanan italýan agşamlary,

Oýun maşynlary ýadapdy gije,

Sen bolsa suwuň pyşyrdysyna uka gidipdiň,

Gahryman oýunjagyň bolsa, gapdalda,

Ejeň we men dileg edip şonda, Hudaýdan

“Oglum, bagtly bol” diýipdik, birden,

Şonda biziň aýralygymyz,

Süýşüp gelýän eken, deňizleriň ötesinden”

- diýip, 40 ýaşlarynda türkmen türmelerinde dereksiz ýiten öňki diplomat, Batyr Berdiýew gözenegiň aňyrsynda ogluny ýatlap ýazan şygyr setirlerinde aýdýar.

Türkmenistanyň öňki daşary işler ministri, zor bilen ýitirim edilenleriň sanawyna goşulan Batyr Berdiýew
Türkmenistanyň öňki daşary işler ministri, zor bilen ýitirim edilenleriň sanawyna goşulan Batyr Berdiýew

Türkmenistan zor bilen ýitirim edilmeleriň pidalarynyň ykbaly boýunça gozgalýan halkara aladalara aç-açan gulak gabartmady. Ýöne türkmen resmileriniň biparhlygyna garamazdan, adamzada garşy jenaýat hökmünde ykrar edilen ýitirim edilmeler halkara tagallalary bilen utgaşýar.

Ýaňy hem belläp geçişimiz ýaly, Türkmenistan Ähli adamlary zorlukly ýitirim edilmeden goramak baradaky halkara konwensiýasyny tassyklamady.

Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň 2023-nji ýylyň noýabrynda adam hukuklarynyň Türkmenistandaky ýagdaýy boýunça Ženewada geçirilen Ähliumumy döwürleýin synyň dowamynda köp sanly daşary ýurt döwletleriniň wekilleri Türkmenistany bu halkara konwensiýasyna goşulmaga, ýa-da zor bilen ýitirim edilmeler boýunça tagallalary güýçlendirmäge çagyrdy.

Has takygy, Awstriýa, Belgiýa, Birleşen Ştatlary, Fransiýa, Italiýa, Kanada, Ukraina, galyberse-de, Argentina, Çili, Kosta Rika, Meksika, Mongoliýa, Morokko, Niger, Togo, Paraguwaý we Yrak bu ugurda Türkmenistana teklip we hödürnamalar bilen çykyş etdiler. Ýöne türkmen häkimiýetleri zor bilen ýitirim edilenler boýunça aýyplamalary, adatça, inkär edýärler.

‘Bulaşyk’ gatnaşyk

Zorlukly ýitirim etmeleriň Türkmenistandaky pidalary boýunça halkara tagallalary birleşdirmäge çalyşýan “Olary diri görkeziň!” kampaniýasynyň esaslandyryjy agzasy bolan “Crude Accountability” guramasynyň ýerine ýetiriji direktory Keýt Watters Azatlyk Radiosy bilen telefon söhbetdeşliginde türkmen häkimiýetleriň bu ugurdaky hyzmatdaşlyk synanyşyklarynyň bulaşyk bolandygyny aýtdy.

"[Bu meselede] belli bir derejede gatnaşyk boldy, ýöne olaryň bu gatnaşygy bulaşyk boldy, iň erbet bolanda, bilkastlaýyn azaşdyrmaga gönükdirildi. Türkmen hökümetiniň berýän maglumatlary kä wagt gapma-garşy maglumatlary öz içine alýar. Meselem, iberilen bir jogapda, görnüşinden, bolmadyk bir türme belligi agzalýar. Bu harp ýalňyş bolup biler, ýa-da bilkastlaýyn azaşdyrmak synanyşygy bolup biler, ýöne bu ýagdaý Birleşen Milletler Guramasyny maglumaty anyklamak üçin wagt ýitirmäge iterýär. Belli-belli tussaglara zyýarat edilmegine rugsat berilmegi ýaly käbir pozitiw netijelere garamazdan, Birleşen Milletler Guramasynyň gatyşygy boýunça aýdyň gatnaşyk bolmady. Biz BMG-niň zorlukly ýitirim edilmeler boýunça Işçi topary Türkmenistana baryp görer diýen umytda galýarys, ýöne bu heniz amala aşmady" diýip, Watters aýdýar.

Berdimuhamedow ‘umytlandyrdy’, ýöne...

Başda hem aýdyşymyz ýaly, Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Nýu-Ýorkuň Kolumbiýa uniwersitetinde eden çykyşy zor bilen ýitirim edilenleriň ykbalyny yzarlaýan adamlaryň arasynda tolgunyşyk döretdi. Döwlet baştutany şonda dereksiz ýiten adamlaryň diridigine özüniň ynanýandygyny aýdýardy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we daşary işler ministri Raşid Meredow bir halkara sammitine gatnaşýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we daşary işler ministri Raşid Meredow bir halkara sammitine gatnaşýar.

Aradan 17 ýyl geçdi, uly Berdimuhamedow özüniň toplan durmuş we syýasy tejribesini Halk Maslahatyna gönükdirjekdigini aýdyp, 2022-nji ýylyň mart aýynda prezident wezipesini ogly Serdar Berdimuhamedow geçirdi. Ýöne ol 17 ýylyň dowamynda syýasy tussaglar barada jemgyýetçiligiň öňünde kelam agyz gürrüň etmedi. Gaýtam, Berdimuhamedowyň döwründe Türkmenistanda zor bilen ýitirim edilenleriň sanawy galňamak bilen boldy.

Türkiýede 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda bolup geçen başa barmadyk döwlet agdarylyşygy synanyşygynyň yz ýany, türk prezidenti Rejep Taýýip Erdogan bu waka boýunça Birleşen Ştatlarda ýaşaýan din ruhanysy Fethullah Güleni aýyplandan soňra, türkmen kazyýeti “Gülen hereketi” bilen ilteşikli bolmakda güman edilýän 18 türkmen raýatyny uzak möhletli türme tussaglygyna höküm etdi. Biraz soňra, “Olary diri görkeziň!” kampaniýasy bu adamlary hem zor bilen ýitirim edilenleriň sanawyna goşdy. 2018-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Eden-etdilikli tussag etmeler boýunça Işçi topary olaryň “eden-etdilikli ýagdaýda tussag edilip, türme tussaglygyna höküm edilendigi” barada netije çykardy.

‘Oňaýsyz’ soraglar

Aşgabatly synçy Aýtakowa görä, “Olary diri görkeziň!” kampaniýasynyň 2013-nji ýylda esaslandyrylmagynyň yz ýany, Türkmenistana sapar edýän ýokary derejeli halkara myhmanlar döwlet ýolbaşçylary bilen duşuşanlarynda dereksiz ýitenleriň meselelerini gün tertibine getirip başlaýarlar.

Meselem, Şweýsariýanyň öňki daşary işler ministri, şol wagtlarda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiren Didier Burkhalter 2013-nji ýylyň ahyrlarynda Aşgabada amala aşyran saparynda Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda örän inçelik bilen Türkmenistanda zorlukly ýitirim edilen adamlaryň meselelerini gozgaýar. Bu duşuşyga gatnaşan diplomatlara görä, Berdimuhamedow dereksiz ýitirilen adamlar barada özüne berlen bu soraga geň galýar. Şeýlelikde, ýygnak hem şol ýerde tamam bolýar.

Soňky sapar bu mesele ABŞ-nyň öňki döwlet sekretary Jon Kerriniň 2015-ji ýylda Türkmenistana amala aşyran saparynyň dowamynda ýokary derejeli myhmanyň metbugat howzundaky bir žurnalist tarapyndan gozgalypdyr. Berdimuhamedow şonda ‘biz bilermenlere bu meseläni öwrenmegi tabşyrarys’ diýip, ýüzleý jogap beripdir. Ýöne şondan soň bu sorag Berdimuhamedowyň öňünde jemgyýetçilige açyk görnüşde hiç haçan gün tertibine getirilmändir.

Aýtakowa görä, bu hadysalardan soňra, Berdimuhamedow we onuň diwany, şol sanda Daşary işler ministrligi hususan-da žurnalistler tarapyndan şeýle oňaýsyz soraglaryň berilmezligi ugrunda aýratyn tagalla edip başlaýarlar.

Gurbanguly Berdimuhamedow, umuman, rus, türk ýa hytaý döwlet media serişdeleriniň žurnalistleri bilen bolaýmasa, daşary ýurt žurnalistlerine interwýu bermeýär. Aýtakow onuň şeýle interwýularynyň barmak basyp sanardan azdygyny aýdýar.

Şeýlelikde, synçynyň sözlerine görä, daşary ýurtly hyzmatdaşlar Türkmenistanda zor bilen ýitirim edilenleriň meselelerini ýuwaş-ýuwaşdan açyk gozgamagy bes edip başlaýarlar.

“Eger Berdimuhamedowa häzir şeýle sorag berilse, onuň jogaby, tas 100 göterim diýen ýaly şeýleräk bolar: “Bu mesele boýunça biziň Günbatarly hyzmatdaşlarymyzda hiç hili sorag, mesele ýok!” Şeýle diýmek bilen ol düýbünden mamla bolar. Günbatardan bolan hyzmatdaşlaryň hiç haýsy häzirki wagtda türkmen häkimiýetlerinden şeýle sorag soramaýarlar, iň azyndan jemgyýetçilige açyk görnüşde soramaýarlar” diýip, synçy aýdýar.

‘Ümsüm diplomatiýa’

Aşgabatly synçy Serdar Aýtakowyň hem-de syýasatşynas Kümüş Baýryýewanyň ynanjyna görä, halkara hyzmatdaşlar bu mesele boýunça “ümsüm diplomatiýany” alyp barmagy amatly hasaplaýarlar, bu bolsa, meseläniň ähmiýetini pese gaçyrýar we, hususan-da, türkmen jemgyýetiniň, şol sanda ýitirim edilen adamlaryň dogan-garyndaşlarynyň bähbitlerini äsgermezlik bolýar.

Iki synçy hem Berdimuhamedowyň özüni türkmen jemgyýetiniň öňünde hasabat bermelidir öýtmeýändigini aýdýarlar.

“Ol halky subýekt hökmünde görmeýär we ykrar etmeýär, şonuň üçin ol, 17 ýyl häkimiýetde bolanda hem, jemgyýetiň öňünde jogap bermek islemeýär” diýip, synçylar aýdýar.

Türkmen türmelerinde zor bilen ýitirim edilenleriň sanawyndaky öňki daşary işler ministri Boris Şyhmyradow.
Türkmen türmelerinde zor bilen ýitirim edilenleriň sanawyndaky öňki daşary işler ministri Boris Şyhmyradow.

“Täze günüň aladasyz owazy,

Ýene çekerdi bizi,

älemgoşar saýawanyň astyna

Biz şonda ganardyk şerapdan we şapakdan,

Hemme zatdan, edil deňziň serpaýy deýin,

Ganyp, lezzet alardyk,

Ýöne niredir bir ýerlerde,

Aýralygyň stakkato tarlary,

Biz üçin bireýýäm çalyp başlan ekeni,

Bu zatlaryň ählisi geçmişde galdy

Bular bireýýäm başa gelen zatlardy!”

- diýip, Türkmenistanda ýitirim edilen adamlaryň sanawyna goşulan öňki diplomat türmeden ogluna seslenýär.

Batyr Berdiýewiň 2002-2003-nji ýyllarda türmede ýazan goşgularynyň golýazmasy Türkmenistandan syzylyp çykyp, “Olary diri görkeziň!” kampaniýasyna gelip gowşupdyr. Kampaniýa bu kitaby 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda rus we iňlis dillerinde çap etdirdi. Goşgular rus dilinde ýazylypdyr. Dünýä Türkmenleri gepleşiginde okyjylarymyzyň we diňleýjilerimiziň tanyş bolan goşgy setirleri bu gepleşigiň awtory tarapyndan terjime edildi.

‘Repressiýa tolkuny ulalýar’

Türkmenistanda ilki başlarda 2002-nji ýylda Nyýazowyň janyna kast edişlik synanyşygy diýilýän boýunça badalga berlen zor bilen ýitirim etmeler, 2017-nji ýylda Gülen hereketi bilen ilteşikli bolmakda güman edilen adamlaryň köpçülikleýin tussag edilmegi bilen has-da batlandy. Häzir bolsa, synçylara görä, şeýle jeza çäreleri raýat aktiwistlerini nyşana alýar.

Üçünji prezident Serdar Berdimuhamedow zorlukly ýitirim etmeler bilen bagly meseleleri kakasyndan miras aldy, Gurbanguly Berdimuhamedow bolsa, bu mirasy Saparmyrat Nyýazowdan kabul etdi. Döwlet ýolbaşçylary, görnüşinden, bu mesele babatynda, şu wagta çenli jemgyýetçilige açyk görnüşde egilişik etmedi.

Aşgabatly synçylar Serdar Aýtakow we Kümüş Baýryýewa Türkmenistanda zor bilen ýitirim etmeleriň “gorky şalygyny” bina etmäge ýardam berendigini aýdýarlar.

“Adamlaryň dereksiz ýitirim bolup, türmeden çykmak gorkusy Türkmenistanda ähli ösüşleri bogup, bökdeýän örän güýçli faktor bolup durýar. Men ýene bir gezek gaýtalap aýdýaryn, sözüň doly manysynda ähli ösüşler, şol sanda demokratik institutlar we jemgyýetçilik işjeňligi [bogulýar]” diýip, Aýtakow aýdýar.

Türkmenistanda bu gorky edil Damoklyň gylyjy ýaly, her kimiň üstünden abanyp dur diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Haýsy bir aktiwist häkimiýetlere garşy ses çykaryp, türmede dereksiz ýitirim bolmaga razy bolar, haýsy bir telekeçi, işewür häkimiýetleriň talaplaryna garşy çykyp, türmede ýitirim bolmagy boýun alar!?

Zorlukly ýitirim edilen adamlar kategoriýasynyň häkimiýetler tarapyndan ykrar edilmegi, aşgabatly synçylara görä, häkimiýetleriň öz eden etdiligini we kanunsyzlygyny boýun aldyklary bolýar. Bu bolsa, adam hukuklarynyň, şeýle-de gumanitar we jenaýat hukugynyň kadalarynyň bozulmagy bolýar.

“Ikibara oýunlar”

Synçylara görä, Günbatar bilen Russiýanyň we beýleki iri döwletleriň arasynda, kä aç-açan, kä assyryn, geosyýasy oýunlar bilen meşgullanýan türkmen ýolbaşçylary kim şeýle wawwaly meseleleri gozgap başlasa, onuň garşydaşlaryna gaş kakyp, olar bilen ‘ysnyşykly’ gatnaşyp başlaýar.

“Günbatar döwletleriniň köpçülikleýin repressiýalar boýunça tankyt tolkunlarynyň arasynda, prezident Nyýazow 2003-nji ýylda Russiýa bilen 25 ýyllyk gaz ylalaşygyna gol çekdi. Ol öz çykyşlarynyň birinde, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Moskwa mehanizmini işe girizmegine jogap hökmünde, Türkmenistanyň bu guramadaky agzalygyny ýatyrmagy hem çynlakaý göz öňünde tutýandygyny aýdypdy” diýip, Aýtakow aýdýar.

Moskwa mehanizmi şonda Türkmenistandaky köpçülikleýin tutha-tutluklary derňemekçi bolan ekeni. Sähel salym soň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasy, umuman, Türkmenistanda adam hukuklary ýaly meselelerden çetde durup başlapdyr.

Ýöne türkmen ýolbaşçylary, bu aralykda, Russiýany hem ‘aýap goýmandyrlar’.

“Nyýazow 2003-2004-nji ýyllarda ‘goşa raýatlyk’ diýilýäni bolan adamlara we, umuman, Türkmenistandaky rus dilli raýatlara garşy kampaniýalara girişip, Russiýa ‘sagbol’ aýtdy” diýip, Aýtakow aýtdy we bu kampaniýalaryň arasynda 2004-nji ýylda Aşgabatda A. S. Puşkin adyndaky rus drama teatrynyň ýykylandygyny aýdyp sözüniň üstüni ýetirdi.

Üstesine, synçylara görä, Türkmenistanyň tebigy baýlyklary we hödürleýän mümkinçilikleri daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň türkmen häkimiýetleriniň eden-etdiliklerini görmezlige salmagyna goşant goşýar.

Bu aralykda, zor bilen ýitirim edilen adamlaryň dogan-garyndaşlary hem häkimiýetleriň iň ýowuz yzarlamalarynyň nyşanasyna öwrülýärler.

Halkara mehanizm

“Olary diri görkeziň!” kampaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri bolan “Erkinlik faýllary” guramasynyň başlygy Ýuriý Djibiladzeniň aýtmagyna görä, Türkmenistan Ähli adamlary zorlukly ýitirim edilmeden goramak baradaky halkara konwensiýasyna goşulmansoň, bu ugurda Türkmenistandan hasap soramakda halkara mehanizmi ýok.

“Şonuň üçin, hiç bir döwlet bu konwensiýanyň bozulmagy boýunça Türkmenistany halkara adalat kazyýetine şikaýat edip bilmeýär. Şeýlelikde, diňe ýuridik bolmadyk mehanizmlerden peýdalanaýmak galýar. Olar bolsa ejiz, ýöne, biz – “Olary diri görkeziň!” kampaniýasy (we gyzyklanma bildirýän taraplar, hususan-da gyzyklanma bildirýän döwletler), bu gurallardan peýdalanmaga çalyşýarys” diýip, Djibiladze aýdýar.

Ýurtiste görä, Türkmenistan 2018-nji ýylda birden garaşylmadyk ýagdaýda BMG komitetleriniň degişli käbir teklipnamalaryny ýerine ýetirmek babatynda ylalaşypdyr, ýöne 2023-nji ýyla çenli heniz hem bu teklipnamalar ýerine ýetirilmändir.

“Crude Accountability” guramasynyň ýerine ýetiriji direktory Keýt Watters Azatlyk Radiosy bilen telefon interwýusynda Türkmenistanyň hökümetini ýene bir gezek öz raýatlaryny zor bilen ýitirim etmek tejribesini bes etmäge çagyrdy:

“Hökümet türme möhletini tamamlan adamlary boşatmaly we zor bilen ýitirim etmek tejribesini derhal bes etmeli. Olar tussaglaryň adam hukuklaryna sarpa goýup, olaryň öz maşgalalaryny görmegine, lukmançylyk we hukuk hyzmatlaryna eýe bolmagyna rugsat bermeli. Türkmenistan halkara jemgyýetçiliginde abraý gazanmak isleýän bolsa, bu gözçykgynç hukuk kemsitmelerini bes etmeklik möhüm ädim bolup bilerdi” diýip, Watters aýtdy.

Epilog ýerine

Türkmen türmesinde dereksiz ýitirim edilen öňki diplomat Batyr Berdiýew gözenegiň aňyrsynda ýazan şygyr setirleriniň birinde ýaş maşgalanyň başyna gelen zatlar boýunça aýalyndan ötünç soraýar:

“Men seniň öňüňde ýazykly boldum,

Oglumyň öňünde üç esse ýazyk,

Onuň geljegini ýetim goýanyma,

Özümiň çemeçil kaka bolanyma,

Şum pajygaň yzasyny öňünden,

Görüp,

Öňün alyp bilmänime...”

- diýip, 21 ýyl ozal türkmen türmesinde ýitirim edilen öňki diplomat ýazýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG