Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan metbugat azatlygynda 180 ýurduň arasynda 175-nji orny eýeledi


Hasabatda Türkmenistana 22.01 bal berlip, ol geçen ýylky görkezjililerden hem bir orun pese düşdi.
Hasabatda Türkmenistana 22.01 bal berlip, ol geçen ýylky görkezjililerden hem bir orun pese düşdi.

Ýyllarboýy erkin sözi basgylaýan Türkmenistan Serhetsiz reportýorlar guramasynyň metbugat azatlygy boýunça soňky ýyllyk hasabatynda 180 ýurduň arasynda 175-nji orny eýeledi. Hasabatda Türkmenistana 22.01 bal berlip, ol geçen ýylky görkezjililerden bir orun galdy.

“Dünýäniň iň ýapyk ýurtlarynyň biri bolan Türkmenistanda habarlar diňe režimi taryplamaga gönükdirilýär” diýip, düýbi Parižde ýerleşýän gurama ýyllyk hasabatynyň Türkmenistana bagyşlanan bölüminde aýdýar.

3-nji maý – Bütindünýä metbugat azatlygy gününde çap edilen hasabat dünýäniň 180 ýurdunda we territoriýalarynda metbugat azatlygynyň ýagdaýyna syn berýär.

Öňki ýolbaşçynyň ogly, Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň martyndaky prezident saýlawlaryndan soňra, senzura we žurnalistleriň yzarlanylmagy güýçlendi. Ähli media serişdeleri hökümet çyzgysyny ýaýmak we “Türkmenistanyň pozitiw keşbini” öňe sürmek bilen borçlandyrylýar. Prezidenti we beýleki resmileri tankytlamak gadagan edilýär. Ýolbaşçylara garşy çykan žurnalistler yzarlanýar, türmä basylýar, gynalýar we hat-da öldürilýär” diýip, hasabatda Türkmenistandaky syýasy kontekst suratlandyrylýar.

Türkmenistandaky media giňişligi barada aýdylanda, hökümet gazetleri, radiony, telewideniýäni we Interneti berk gözegçilikde saklaýar. Internet ulgamyndaky maglumat çeşmeleri raýatlara elýeterli däl. Iri köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, şol sanda TDH we “Türkmenistan”, “Bitarap Türkmenistan” gazetleri, şeýle-de Altyn Asyr ýaýlymy hökümet propagandasyny ýaýýar. Garaşsyz media serişdeleri daşary ýurtlarda iş alyp barýar diýip, hasabatda aýdylýar.

Ýurtdaky bar bolan birnäçe žurnalist, şeýle-de daşardaky žurnalistleriň çeşmeleri buky astynda işleýärler, olaryň yzarlanmak, türmä basylmak we gynalmak howplary bar. Resmiler olaryň maşgala agzalaryny berk basyşa sezewar edýärler diýip, hasabatda bellenilýär.

Türkmenistan tas elmydama metbugat azatlygy hasabatynda soňky orunlary eýeleýär. Serhetsiz reportýorlar guramasynyň soňky hasabatynda Türkmenistandan soňky orunlary Eýran, Demirgazyk Koreýa, Owganystan, Siriýa we Eritreýa eýeleýär. Öňdäki orunlarda Norwegiýa, Daniýa we Şwesiýa gelýär.

Türkmenistanyň hökümetçi elektron neşirleri we döwlet media serişdeleri Serhetsiz reportýorlar guramasynyň metbugat azatlygy boýunça ýyllyk hasabaty barada habar bermeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG