Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow ABŞ prezidentiniň ýörite wekili bilen klimat meselelerini gürleşdi


Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow (çepde) we ABŞ-nyň prezidentiniň klimat boýunça ýörite wekili Jon Kerri
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow (çepde) we ABŞ-nyň prezidentiniň klimat boýunça ýörite wekili Jon Kerri

27-nji noýabrda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň prezidentiniň klimat boýunça ýörite wekili Jon Kerri bilen gepleşikleri geçirdi. Bu barada TDH habar berýär.

Maglumata görä, telefon söhbetdeşliginiň dowamynda klimat boýunça Dubaýda geçjek COP-28 sammitine görülýän taýýarlyklar, hususan-da, Türkmenistanyň we ABŞ-nyň atmosfera goýberilýän metan zyňyndylaryny azaltmak babatdaky hyzmatdaşlygy maslahat edilipdir.

Resmi habarda Kerriniň munuň bilen bagly “anyk teklipleri” öňe sürendigi aýdylýar, emma jikme-jikler aýan edilmeýär.

Türkmenistan ýangyç-energetika desgalaryndan syzyp çykýan metan zyňyndylary bilen howany hapalamakda dünýä ýurtlarynyň arasynda öňe saýlanýar.

Muňa garamazdan, türkmen hökümeti daşky gurşawy gorap saklamak tagallalaryny özüniň ileri tutýan ugurlarynyň biridigini öňe sürýär.

BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjylaryň (Cop28) sammiti 30-njy noýabr-12-nji dekabr aralygynda geçýär.

XS
SM
MD
LG