Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Gara bazarda dollar söwdasy janlanýar


Türkmenistanyň bazarlarynyň birinde dollar satýan we satyn alýan söwdagärler.
Türkmenistanyň bazarlarynyň birinde dollar satýan we satyn alýan söwdagärler.

Şu günler Aşgabatda dollaryň gara bazarynda dollar söwdasy janlandy. Mundan iki aý çemesi ozal gara bazaryň söwdagärleri 1 amerikan dollaryny 4,40 manada satyn alan bolsalar, häzirki wagtda bu 5,20 – 5,40 manada barabar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary şu ýylyň başyndan bäri dollaryň gara bazarynda dollar söwdasynyň gowşandygyny, bu ýerde dollary satyn almagyň we satmagyň, şol sanda şäherde dollar söwdagärlerini tapmagyň kynlaşandygyny habar beripdiler.

Dollaryň gara bazarynda dollar söwdasyny edýän söwdagärleriň biri, adynyň efirde tutulmazlygy şerti bilen, Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda gara bazarda dollaryň bahasynyň ýokarlanmagyny ilatda dollara bolan islegiň artmagy bilen düşündirýär.

“Tomus paslynyň gelmegi bilen şu günler daşary ýurtlara dynç almaga gidýän ýaşaýjylaryň sany artýar. Şol sebäpden daşary ýurt walýutasyna bolan isleg hem ýokarlanýar. Beýleki bir tarapdan, ýurtda resmi taýdan tassyklanmasa-da, ýokary okuw jaýlaryna okuwa girjek ýaşlardan soralýan para-peşgeş hem amerikan dollarynda talap edilýär. Bu hem olaryň türkmen manadyny dollara çalyşmak zerurlygyny orta çykarýar” diýip, dollar söwdagäri gürrüň berýär.

“Polisiýa resmileri bilen umumy dil tapyşdylar”

Onuň sözlerine görä, beýleki bir tarapdan, gara bazarda dollar söwdasynyň janlanmagy, döwlet tarapyndan dollaryň gara bazaryna bolan gözegçiligiň belli bir derejede gowşamagyna, şol sanda oňa gözegçilik edýän polisiýanyň jogapkär resmileriniň dollar söwdagärleri bilen “ylalaşygyna” hem bagly.

“Häzirki wagtda Aşgabatda gara bazarda dollar söwdasyny edýän söwdagärler, birinjiden, özleri üçin buky, gizlin ýerleri saýlap aldylar. Olar özlerine kiçi dükanlarda ýörite araçylary edindiler. Iň esasy zat hem, söwdagärler gara bazara gözegçilik edýän polisiýa resmileri bilen “umumy dil tapyşdylar”, ýagny olar bu işe göz ýummak üçin para alyp başladylar” diýip, dollar söwdagäri aýdýar.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň başynda ýurtda dollaryň söwdasy çäklendirilip, şu ýylyň ýanwar aýyndan bolsa Türkmenistanyň merkezi banklarynda we resmi alyş-çalyş nokatlarynda daşary ýurt walýutasynyň, şol sanda dollaryň söwdasynyň nagt görnüşinde satuwy togtadyldy. Munuň bilen bir hatarda ýurtda dollaryň gara bazaryndaky söwdasyna garşy göreş hem güýçlendirildi.

Kodekse goşmaçalar we düzedişler girizildi

2015-nji ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanda Administratiw hukuk bozmalary hakyndaky kodeksine goşmaçalar we düzedişler girizildi. Esasy düzediş kodeksiň “Daşary ýurt walýutasyny satmakda we satyn almakda kanun bozmalar” diýlip atlandyrylan 279-njy maddasyna girizildi.

Şu maddanyň birinji bendi “täze redaksiýada daşary ýurt walýutasyny bikanun söwda edene we satyn alana ýurtdaky aýlygyň 15-den 25-i möçberi aralygynda jerime salynýar we jenaýat işiniň predmeti konfiskasiýa edilýär” diýlip üýtgedildi. Bu jerimäniň möçberi ozal ýurtdaky aýlygyň 15 möçberine barabardy.

Agzalýan maddanyň ikinji bendi “bu hereket 1 ýylyň dowamynda ikinji gezek gaýtalansa, ýurtdaky aýlygyň 25-den 50-si möçberi aralygynda jerime salynýar we jenaýat işiniň predmeti konfiskasiýa edilýär” diýlip üýtgedildi. Öň bu jerime 15-25 aýlyk möçberine barabardy.

Häzirki wagt Türkmenistanyň resmi kursunda 1 amerikan dollary 3,50 manada barabar.

XS
SM
MD
LG