Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabatda käbir raýatlar sebäpsiz wagtlaýyn tussag edilýär


Harby işgärler we raýatlar (Illýustrasiýa suraty)
Harby işgärler we raýatlar (Illýustrasiýa suraty)

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň polisiýasy ýolda ýöräp barýan ýa-da howluda oturan käbir erkek adamlary sebäpsiz üç güne çenli wagtlaýyn tussag edýär diýip, şäher ýaşaýjylary aýdýarlar. Polisiýa işgärleri raýatlara berýän maglumatynda bu çäreleri “şahsyýet anyklaýyş işleri” diýip düşündirmek bilen çäklenýärler.

Bu ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolan raýatlaryň we olaryň hossarlarynyň ençemesi anonim şertde Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna beren maglumatynda tussag edilmeleriň duýdansyz we eden-etdilikli amal edilýändigini aýdýarlar.

“Men resmi işimiň daşyndan, öý remont etmek işleri bilen meşgullanýaryn. Giçlik sagat 9:30 töweregi hapa işçi eşigimde öýe dolanyp gelýärkäm, polisiýa işgärleri ýanyma gelip, “ýör otdele” diýip zorluk bilen polisiýa ulagyna mündürip, polisiýa bölümine alyp gitdiler” diýip, şäheriň Jemagat hojalygy müdirligine degişli edaralaryň biriniň işgäri aýtdy.

Ol özüniň näme sebäpden polisiýa bölümine getirilendigi barada soranda, polisiýa işgärleriniň oňa “biziň islendik adamyň şahsyýetini anyklamaga doly hakymyz bar” diýip, dürli haýbatlary atandyklaryny hem belleýär.

“Kän gürleseň ýerzeminde ýatan bir neşekeş bilen işiňi baglarys we aýagyňy sallap 5 ýyl Baýramala (red: Baýramalynyň türmesi) gidersiň diýip, polisiýa işgäri aýtdy. Men jemgyýetçilik tertip-düzgünini bozmadyk bolsam-da, ýa-da men barada başgalar tarapyndan şikaýat bildirilmedik bolsa-da, meni üç günläp sebäpsiz izolýatorda sakladylar we soňra-da hiç hili düşündiriş bermän, öýüme goýberdiler” diýip, jemagat gullugynyň işgäri polisiýa işgärlerini sitirledi.

Azatlykda bu wakanyň anyk haýsy günde we nirede bolandygyny aýdyňlaşdyrýan jikme-jik maglumatlar bolsa-da, söhbetdeşiniň howpsuzlygy sebäpli ony köpçülige ýetirmekden saklanýar.

Geçen hepdäniň dowamynda bolan başga bir wakada şäher ýaşaýjylary bolan iki erkek dogan giçlik sagat 8:30 töweregi hojalyk jaýynyň howlusynda dynç alyp oturan mahaly, polisiýa işgärleri tarapyndan duýdansyz polisiýa bölümine alnyp gidildi.

“Men agam bilen dükandan kolbasa bilen çörek alyp gelip, bir salym howluda oturmagy makul bildik. 2 minutdan polisiýa maşyny gelip, bizi basa-baslyk edip alyp gitdiler. Olardan nämede aýyplanýandygymyzy soradyk: “Şahsyýet anyklaýyş, kän gürleme bolmasa erbet bolar“ diýip, ejeme dil ýetirip paýyş sözleri aýtdylar. Polisiýa bölümine baranymyzdan soň, gyssagly düşnüksiz kagyzlara gol çekdirip, “Güm boluň şu taýdan, gije daşda näme işiňiz bar” diýip, sögüp goýberdiler. Ýanymyzda taksä pulumyz bolmansoň, öýe pyýada gaýtmaly bolduk” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.

Ýerli polisiýa işgärleri bu çäreler we onuň sebäpleri barada ilata aç-açan düşündiriş berip, resmi kagyz görkezmeýärler.

Ýöne habarçymyzy bilen anonim şertde söhbetdeş bolan ýerli polisiýa bölüminiň bir işgäri bu çäreleriň sebäbini häkimiýetleriň Içeri işler ministrliginiň ýerli edaralaryna basyşlarynyň artandygy bilen düşündirýär.

"Basyşyň artmagyna Azatlyk Radiosynda we garaşsyz neşirlerde Türkmenabatda ýetginjekleriň arasynda ýakalaşyk we talaňçylyk hadysalarynyň köpelýändigi barada maglumatlaryň peýda bolmagy sebäp boldy. Şondan soňra tussag edilmeli, soraga çekilmeli adamlaryň plany ýokarlandyryldy. Şonuň üçin ylgaşyp ýörler” diýip, polisiýa işgäri belledi.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada şäheriň polisiýa bölüminden we ýurduň Içeri işler ministrliginden teswir alyp bilmedi.

Ýatlatsak, Türkmenabatda orta mekdepleriň ýokary synplarynda okaýan okuwçy oglanlaryň arasynda toparlaýyn ýakalaşyklaryň we talaňçylyklaryň göz-görtele köpelendigini synlasa bolýandygy barada 20-nji iýunda Azatlyga maglumatlar gelip gowuşdy.

Azatlyga bu ýagdaýlar bilen ýolda ýöräp barýan ýa-da howluda oturan käbir erkek adamlaryň sebäpsiz wagtlaýyn tussag edilmeginiň arasynda nähili ilteşigiň bardygyny anyklamak başartmady.

Bu maglumatlar, türkmen häkimiýetleriniň ýurduň dürli künjeginde raýatlara gözegçiligi güýçlendirip, özleri tarapyndan “ygtybarsyz raýat” hasaplanýan adamlary gözlemek çärelerini artdyrýan mahalyna gabat gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG