2016-njy ýylyň iýulynda Türkiýede bolup geçen döwlet agdarylşygynyň şowsuz synanyşygyndan soň, Türkmen häkimiýetleri ABŞ-da ýaşaýan, türk ruhanysy Fehtullah Güleniň hereketi tarapyndan maliýeleşdirilen mekdeplerde we ýokary okuw jaýlarynda bilim alan hem-de zähmet çeken Türkmenistanlylary nyşana aldy.
“Gülençiler” hereketi bilen ilteşiklikde aýyplanyp, onlarça ýyllara azatlykdan mahrum edilen we zorluk bilen ýitirim edilen adamlaryň takyk sanlary belli bolmasada, käbir şahsyýetleriň ykballary barada maglumat, ýyllar geçenden soň hem, Türkmenistandan daşa syzyp çykýar.
Biziň gahrymanymyz Myrat, Türkmenistanyň türkmen-türk mekdepleriniň birinde bilim alan,türkmen hökümeti tarapyndan “Gülençiler” hereketi bilen ilteşiklikde aýyplanyp, türmede ýitirim edilen bendiniň garyndaşy.
Myrat, 2016-njy ýyldan öň Türkmenistany terk eden, türkmen-türk bilim edaralarynda bilim alan ençeme ýaşlaryň töwekgelçilikleri, ýurda dolanmak gorkulary we şu günlere çenli heniz ykbaly belli bolmadyk “Gülençiler” barada gürrüň berýär.
Howpsuzlyk maksady bilen, ol sesiniň üýtgedilmegini we ýüzüniň gizlenmegini haýyş etdi. Şol wakalardan soň Türkmenistana dolanmak onuň üçin mümkin däl.
Wideo: ”Migrant Media”
Forum