Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Nýu-Ýorkda Ýewropa Bileleşiginiň başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, türkmen metbugaty 18-nji sentýabrda habar berdi. Döwlet eýeçiligindäki neşiriň tassyklamagyna görä, Aşgabat bu bileleşik bilen dostlukly gatnaşyklary hem-de netijeli dialogy pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýär.
Söhbetdeşligiň barşynda gatnaşyklaryň esasy ugurlary we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada pikir alşyldy.
Şeýle-de, türkmen lideri Koreýa Respublikasynyň prezidenti Ýun Sok Ýol, Bütindünýä söwda guramasynyň baş direktory Ngozi Okonjo-Iweala, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy.
Serdar Berdimuhamedow Nýu-Ýorka Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak üçin bardy.
Duşuşyklarda edilen gürrüňleriň anyk temalary ýa-da beýleki jikme-jiklikleri barada habar berilmeýär.