Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen edebiýatynda uruş we parahatçylyk temalarynyň şöhlesi


Aşgabadyň merkezi kitaphanasyndan bir pursat. Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.
Aşgabadyň merkezi kitaphanasyndan bir pursat. Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.

Dünýä Türkmenleriniň nobatdaky sany uruş we parahatçylyk temalarynyň türkmen edebiýatyndaky şöhlelerine syn edýär.

Adamzat taryhy gadymy döwürlerden bäri dünýä sahnasynda agyr betbagtçylyklara ýol açan uruşlara şaýat boldy.

Häzirki wagtda dünýäniň dürli sebitlerinde dowam edýän zorluklar, Russiýa – Ukraina söweşi, Ýakyn gündogardaky konfliktler, terror howpy we aýry-aýry zorluk hereketleri ýene bir gezek ynsan ogluna taryha siňen gazaply uruşlaryň garaňky ýüzüni ýatladýar diýip, uruşlaryň taryhyny öwrenijiler alada bildirýär.

Ýaňy-ýakynda Internetde paýlaşylan podkastlaryň birinde alyp baryjy, dünýä belli meşhur şahsyýetleriň biri bilen uruşlaryň ynsan tebigaty bilen baglanyşygy barada gürrüň edýär.

“Jeňňellere syn edip görseňiz, daşyndan örän asuda bolup görünýändir, ýöne has içgin ser salsaňyz, jeňňeliň içindäki janly-jandarlar hem aman galmak üçin biri-birlerini öldürýärler” diýip, podkastdaky myhman aýdýar.

Ýöne jeňňeliň-de, tokaýyň-da, kada-kanunlary bolara çemeli. Ynsan ogly hem onlarça müň asyrlardan bäri janly tebigatyň aýrylmaz bir bölegi, kämil ekosistemanyň möhüm bir parçasy bolup geldi.

Uruşlar öz döwründe jemgyýetleriň huşuna içgin täsir edýär: edebiýat, sungat, döredijilik, umuman ynsan tebigatyna mahsus aýratynlyklaryň ählisi uruşlardan täsirlenýär diýip, synçylar aýdýar.

Eýsem, adamzat taryhyndaky uruşlar, umuman uruş hereketleriniň islendik görnüşi türkmen edebiýatynda nähili şöhlelenýär?

Şu günki gepleşigimiziň myhmany uruş döwründe, hususan-da, edebiýatyň we sungatyň käteler hökmürowanlaryň elinde propaganda guralyna öwrülip bilýändigini aýdýar. Uruş propagandasy ynsan aňynyň ýagşy bilen ýamany, gowy bilen erbedi, hakly bilen haksyzy obýektiw seljermek ukybyny küteldýär.

Dünýä Türkmenleriniň nobatdaky sany uruş we parahatçylyk temasynyň türkmen edebiýatyndaky şöhlelerine syn edýär. Gepleşigimize Pragada ýaşaýan ýazyjy Hudaýberdi Hally gatnaşýar.

DT: Türkmen edebiýatynda we jemgyýetçilik aňynda uruş we parahatçylyk temalarynyň şöhlesi
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

Forum

XS
SM
MD
LG