Ankara wiza möhleti dolýan 370 müň daşary ýurtly işçiniň öz ýurduna dolanandygyny habar berdi. Barlag dowamynda 250 müňe golaý adam saklanypdyr. Şeýle barlaglaryň jemgyýetiň daşary ýurtlardan gelýän bikanun adamlara bolan ýaramaz garaýşy sebäpli geçirilýändigi nygtalýar.
Türkiýedäki ykdysady krizis we liranyň hümmetiniň peselmegi-de, migrantlary bu ýurtdan çykmaga mejbur edýär.
Türkiýäniň Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda, geçen ýyl wizalarynyň möhleti dolan ýa-da wiza düzgünleriniň bozulandygy hasaba alnandan soň, ýurtdan 371 müňden gowrak daşary ýurtlynyň çykyp gidendigini aýtdy. Onuň sözüne görä, ýurtda bikanun ýagdaýda ýaşaýan 254 müň daşary ýurtly saklanypdyr. Emma olaryň haýsy ýurduň raýatydygy anyklaşdyrylmaýar.
Şeýle hem türk ministriniň ýazmagyna görä, bikanun migrantlara we bosgunlara ýurda gelmäge aralykçy hyzmatyny bitiren on müňlerçe adam hem tussag edilipdir. Onuň aýtmagyna görä, şeýle ýörite barlaglar şu ýyl hem dowam eder.
Türkiýede geçen ýylyň maý aýynda geçirilen prezident saýlawlaryndan bäri ýurtda bikanun bolýan migrantlary polisiýa saklap başlady. Ýurduň lideri Erdogan bikanun migrantlar meselesi barada, gaýta-gaýta aýdyp gelýär we "serhetdäki hem ýurduň içindäki adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça çäreleriň güýçlendirilýändigini" mälim edipdi.
Türkiýäniň migrasiýa gullugynyň habar bermegine görä, ýurda bikanun gelendigi üçin saklanýan daşary ýurtlularyň sany her ýyl artýar. Eger 2005-nji ýylda 57 müň 428 bikanun migrant saklanan bolsa, bu görkeziji 2023-nji ýylda 232 müň 746 adama ýetipdir. Soňky 18 ýylyň içinde 2,5 milliona golaý migrant saklanypdyr we yzyna sürgün edilipdir.
«Wiza almak has çylşyrymlaşdy»
Roza 8 ýyldan bäri Stambulda ýaşaýar hem tikinçi bolup işleýär. Onuň diňe syýahatçylyk wizasy bar. Ol Gyrgyzystandan gelen beýleki aýallar bilen kireýine jaýda ýaşaýar. Ol özüniň mydama bir ýerde ýaşamagy we çykdajylaryny ödeýändigi sebäpli wizasyny uzaldýandygyny belleýär.
«Men Güngörende ýedi ýyl bäri ýaşaýaryn. Öňler olar ýaşaýan ýeriňden şahadatnama getirmegi sorap, wizany hiç hili kynçylyksyz uzaldýardylar. Indi has çylşyrymlaşdy. Kim edil men ýaly, köp ýylyň dowamynda, şol bir adresde ýaşaýan we ähli dokumentleri-de elinde bolsa, wizany uzaldýarlar. Hökmany suratda ýaşaýan ýeriňden şahadatnama gerek, iň bolmanda bir kommunal hyzmaty siziň adyňyzy ýazmaly, siziň ýaşaýan ýeriňiz bolsa daşary ýurtly adamlary hasaba almak üçin açyk bolmaly. Biziň jaýymyzda üç gyz bolup ýaşaýarys, birimiz kwartiranyň elektrik energiýasynyň çykdajylaryny töleýäris, beýlekimiz suwa, üçünjimiz gaz üçin töleg edýär. Mümkin, şonuň üçinem wizalarymyz uzaldylýar» diýip, Roza aýdýar.
2022-nji ýylyň 1-nji iýulyndan, daşary ýurtdan gelenleriň ýaşaýan 1200 ýerinde, migrantlaryň hasaba alnyşy togtadyldy. Beýleki ýerlerde hem daşary ýurtly ýaşaýjylaryň sanynyň ýerli ýaşaýjylaryň sanyndan, 20%-den geçmeli däldigi aýratyn bellenildi.
Şondan bäri türk mediasy migrantlaryň ýaşaýan ýerlerinde, wagtal-wagtal geçirilýän barlag çäreleri we kim Türkiýede bikanun ýagdaýda ýaşaýan bolsa, olaryň saklanýandygy barada, habar berip gelýär. Esasan hem daşary ýurtlularyň aglaba köp böleginiň jemlenen ýeri Stambulda, polisiýa işgärleri aýratyn köp barlag geçirýärler.
Migrasiýa boýunça ekspert we aklawçy Berkant Ýulafyň bellemegine görä, türk jemgyýetinde soňky ýyllarda Siriýadan hem Owganystandan gelýän bosgunlara ýaramaz garaýşy bar. Jemgyýet arasynda şeýle meýliň bolmagy häkimiýetleri migrasiýa syýasatyny üýtgetmäge itergi berdi.
«Umuman, daşary ýurtlulara syýahatçylyk wizasy boýunça işlemek gadagan edilýär. Kim öň şeýle wiza bilen gelen bolsa, indi ony uzaldyp bilmeýär. Daşary ýurtlularyň aglaba köpüsi Türkiýä işlemek üçin gelýärler. 4 milliona golaý siriýaly wagtlaýyn başpena aldylar. Ukrainadaky uruş sebäpli şol ýurtdan we Russiýadan bolan migrantlaryň sany-da artdy.
Daşary ýurtlularyň Türkiýeden jaý satyn almagy we olaryň graždanlyk almaklary gozgalmaýan emlägiň we kireýine berilýän jaýlaryň bahalaryny ýokarlandyrdy. Bu ýagdaýlar barada, jemgyýetde barýan jedeller we hökümete garşy aýdylýan tankytlar sebäpli häkimiýetler migrantlara edilýän basyşy güýçlendirdi. Türkiýäniň Migrasiýa gullugy ýurtda bir-üç aý galmagyň syýahatçylar üçin ýeterlikdigini nazara almak bilen ýaşamaga rugsat bermegi bes etdi.
Hemişelik ýaşamak rugsadyny almak üçin, daşary ýurtly adamlara 200 müň dollardan gowrak bolan emlägi satyn almak zerur ýa-da türk graždany bilen durmuş gurmaly, beýleki bir ýol okamaga ýa-da işlemäge rugsat almaly» diýip, aklawçy aýdýar.
Türkiýe bosgunlary iň köp alýan ýurtlaryň sanawynda, iň ýokarda durýar. Häzirki wagtda ýurtda 4 million 800 müň bosgun pena gözleýär. Olardan 3 million 700 müň adam Siriýadan gelenlerdir.
Türkiýeden gidýän migrantlaryň sany artýar
Şol bir wagtda, türk lirasynyň hümmeti öňküden-de pese düşüp, 1-nji fewralda bir dollaryň bahasy 30 lira boldy. Bu görkeziji azyk önümleriniň, kireýine berilýän jaýlaryň, kommunal hyzmatlaryň we ulaglaryň bahasyna täsir edýär. Bahalaryň ýokarlanmagy Türkiýede işleýän daşary ýurtly adamlara aýratyn agram salýar.
«Hemişelik ýaşamaga rugsat berilmedikleriň köpüsi öz ýurduna dolanýarlar. Ykdysady ýagdaý, inflýasiýa, liranyň hümmetiniň pese gaçmagy, aýlyklaryň azalmagy daşary ýurtlularyň Türkiýede işlemegini ýaramazlaşdyrdy. Bahalaryň ýokarlanmagy, kireýine berilýän jaýlaryň gymmatlamagy, üstesine daşary ýurtlulara ýigrenjiň güýçlenmegi bilen daşary ýurtly adamlar öz ýurduna gaýdyp başladylar. Hatda Birleşen Arap Emirlikleri, Eýran we Russiýa ýaly ýurtlardan ýaşamaga gelenler hem gymmat bahalar sebäpli Türkiýeden gaýdýarlar» diýip, Berkant Ýulaf aýdýar.
Gyrgyzystanyň graždanlary Türkiýe üçin iş wizasyny iki ýol bilen alyp bilerler; öz resminamalaryny Türkiýäniň Bişkekdäki ilçihanasyna gowşuryp, rugsat alanlaryndan soň, ýurtdan çykyp bilýärler ýa-da eýýäm Türkiýäniň territoriýasynda, azyndan alty aýlyk turist wizasy bolanlar iş wizasyny almak üçin, dokumetlerini tabşyryp bilýärler. Gyrgyzystanyň graždanlaryna Türkiýede, 90 günüň dowamynda, wizasyz galmaga rugsat berilýär.
Geçen ýyl Gyrgyzystanyň ombudsmeni Jamila Žamanbaýewa 35 müňe golaý gyrgyzystanlynyň Türkiýede ýaşaýandygyny we işleýändigini habar berdi. Olaryň 6 müňden gowragyna iş rugsady berlipdir. Ombudsmeniň sözüne görä, Gyrgyzystan Respublikasynyň 30-a golaý ýerli ýaşaýjysy Türkiýäniň ýapyk edaralarynda saklanypdyr.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum