Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp ýene-de Ukrainadaky urşy duruzjakdygyny aýtdy, anyk sene görkezmedi


Waşington, ABŞ, 2025-nji ýylyň 19-njy ýanwary.
Waşington, ABŞ, 2025-nji ýylyň 19-njy ýanwary.

ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Donald Tramp krizis ýagdaýyndaky meseleleri çözmekde "taryhy tizlik" bilen hereket etjekdigini we 20-nji ýanwar agşamyna çenli ABŞ-a ‘çozýan’ migrantlaryň öňüni kesjekdigini aýtdy.

Ol bu sözleri öz goldawçylarynyň Waşingtonda geçirilen ýygnagynda, kasam kabul ediş dabarasynyň öňüsyrasynda aýtdy.

Tramp öz çykyşynyň dowamynda, öz administrasiýasynyň işiniň ilkinji gününden başlap, Meksika bilen aradaky serhetden geçýän bikanun migrantlaryň öňüni almak üçin birnäçe adatdan daşary çäräni görmek wadasyny berdi. Ol öz görjek anyk çärelerini kasam kabul ediş dabarasynda yglan etjekdigini aýtdy.

"Ertirden başlap, biziň ýurdumyzyň ýüzbe-ýüz bolýan her bir krizis meselesini çözmek üçin, men taryhy tizlik we güýç bilen hereket ederin” diýip, Tramp aýtdy.

"Birinji gün agşamynda, gün ýaşan pursadynda biziň serhetlerimizden çozup geçmek bes ediler" diýip, ol wada berdi.

Saýlanan prezidentiň pikiriçe, ABŞ-da ýakyn wagtda Amerikanyň taryhyndaky iň uly deportasiýa operasiýasy başlanar.

Donald Tramp, kasam kabul ediş dabarasyndan soň, Jo Baýden administrasiýasynyň ähli "samsyk we radikal" kararlaryny ýatyrmakçy bolýandygyny aýtdy.

Mundan başga, ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Ukrainadaky urşy duruzmak we III Jahan Urşunyň öňüni almak niýetini yglan etdi.

"Men Ukrainadaky urşy tamamlaryn. Ýakyn Gündogardaky bulam-bujarlygy togtadaryn we III Jahan Urşunyň öňüni alaryn" diýip, Tramp aýtdy.

Ol bu iki sebitdäki uruşlaryň gutarjak ýa togtadyljak wagty barada anyk zat aýtmady.

XS
SM
MD
LG