Sepleriň elýeterliligi

 
Tramp saýlaw ýeňşi tassyklanylandan soňky ilkinji brifinginde Ukrainadaky urşy alty aýda duruzjakdygyny aýtdy
Soňky habar

Tramp saýlaw ýeňşi tassyklanylandan soňky ilkinji brifinginde Ukrainadaky urşy alty aýda duruzjakdygyny aýtdy


ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Donald Tramp Florida ştatynda ýerleşýän Mar-a-Lago rezidensiýasynda žurnalistler bilen söhbetdeş bolup, saýlawda ýeňiş gazanandygy tassyklanylandan soň ilkinji brifingini berdi.

Tramp öz çykyşynda iş başyndan gidýän prezident Jo Baýdeniň administrasiýasyny Ukrainadaky syýasaty üçin tankyt etdi. Onuň pikiriçe, Ak tam Kiýewiň NATO-a girmek ähtimallygy baradaky gepleşiklerde köp ýalňyşlyk goýberdi. Şol bir wagtda, Putiniň sözlerine görä, Ukrainanyň Demirgazyk atlantik bileleşigi bilen hiç hili baglanyşygy bolmaly däl.

"Bu daşa ýazylan ýalydy. Emma soň Baýden Ukrainanyň NATO-a goşulmak mümkinçiliginiň bolmalydygyny aýtdy. Bu ýagdaýda Russiýa NATO-ny öz bosagasyna getirýär" diýip, ol belledi.

Trampyň pikiriçe, Baýdeniň beýanaty urşa alyp geldi. Şeýlelikde, ol ABŞ-nyň häzirki administrasiýasynyň üstüne Russiýanyň giň gerimli urşuna başlamagynyň jogapkärçiligini ýükledi.

Trampyň pikiriçe, Baýden administrasiýasynyň Russiýanyň Ukraina çozmagyna itergi beren bolmagy mümkin, sebäbi Kreml Waşingtonyň ukypsyzlygyny gördi. Tramp öz prezidentlik möhletiniň konflikte gaplanan dünýäde başlanjakdygyny nygtady.

XS
SM
MD
LG